2017-nji ýylyň 20-nji iýuly, Laşa Nakaşidze tarapyndan, Ýaşyl şäherler taslamasynyň dolandyryjysy, BMGÖM-y Gürjistan
Pyýada edarama gidenimde, öz aýratynlyklary bolan şäherler hakda pikir edýärin.
Men Batumini güýçli, akylly, gözel we rahat şäher hökmünde görýärin, hamala Gara deňziň duzly we şatlykly ruhy onuň bedenine aralaşan ýaly. Ol köne şäherdäki garym-gatymlygyň sazlaşmasyna, kiçijik kafeleriň töweregindäki magnoliýanyň we kofeniň ysyna, bulwaryň boýundaky ajaýyp binalara örän gymmatly bir zat hökmünde garaýar. Ol plýaža barýan syýahatçylaryň we deňiz kenaryndaky gezelenç edýän welosipedleriň şagalaňyndan lezzet alýar.
Emma haçanda deňiz kenaryndan şowhunly köçelere tarap öwrülenimde, men bu howlukmazak adamyň beýleki tarapyny görýärin. Şäheriň keýpi üýtgeýär, dartgynly we aladaly bolup başlaýar. Köçeler çal görünýär, hem-de awtoulaglardan we özboluşly sürüjilerden doly.
Batumi soňky ýyllarda ep-esli derejede ösdi, 1990-njy ýylda meýdany 18 km2 bolan kiçi şäherden, häzir meýdany 65 km2 barabar şäher konglomeratyna öwrüldi.
Ol diňe bir Gürjüstanda öňdebaryjy deňiz dynç alyş zolagy däl-de, eýsem deňiz bilen gury ýeriň derwezesi hökmünde halk hojalygynda möhüm rol oýnaýar.
Şeýle çalt ösüşiň bahasy, Gürjüstanda awtoulaglaryň iň ýokary derejede jemlenmegidir, ýagny 1000 adam başyna 136 töweregi awtoulag (Stambul bilen deň derejede diýen ýaly 1000-e 139). Şäher ulaglarynyň gatnawyna çendenaşa agram salynýar, üstesine-de, netijeliligi hem pes derejede bolmagyna galýar. Jemgyýetçilik ulagy entäk hem adaty görnüşde, awtoulag duralgasy syýasaty kän bir öňe gitmedi, adamlar gündelik syýahatynyň üçden birinde öz ulaglaryny ulanmaly bolýarlar. Batumi şäheriniň welosiped üçin amatly şäher bolmak mümkinçiligi bar, emma giň welosiped zolaklarynyň ýoklugy şäher ilatynyň diňe 0,3 göteriminiň gündelik gatnaw üçin welosiped ulanýandygyny aňladýar.
Batumide ýaşaýan ýoldaşlarym bilen şäheriň geljegi barada gürleşenimde, şäheriň awtoulag üçin däl-de adamlar üçin edilmelidigi bilen ylalaşýarys. “Durnukly şäher ösüşi” jümlesini ulanmaýan hem bolsalar, olaryň ajaýyp, ýaşamak üçin rahat şäheriň döredilmegi baradaky pikirleri hut şol jümlä gabat gelýän suratlandyrma meňzeşdir: ajaýyp jemgyýetçilik ulaglary, arassa howa, ulag dyknyşyklarynyň ýoklugy we pyýada gezelenç, welosiped we meşhur kofäni lezzet alyp içmek üçin köpräk ýerler.
Özümiziň durnukly şäher ykjamlygynyň modelini hödürlänimizden soň, Batumi şäheriniň ýakyn wagtda Gürjüstanda ilkinji ýaşyl şäher boljakdygy barada men olara aýdýaryn. Bu özgertme üçin esas taýýarlamak üçin BMGÖM-y we Global Daşky Gurşaw Guramasy (GEF) Batumi şäher häkimligi we Gürjüstanyň Daşky gurşaw we tebigy baýlyklary goramak ministrligi bilen 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýär.
Ulag hereket maglumatlaryny ýygnamak, adamlaryň Batumide nähili hereket edýändiklerini we haýsy ulagdan peýdalanýandyklaryny öwrenmek üçin biz düýpli gözlegler geçirdik. Bu gözlegleriň esasynda, ulaga bolan islegi we Batumi şäheriniň ýaşaýjysynyň özüni alyp barşyny görkezýän wirtual model taýýarladyk.
Bu model, şäheriň ösüşi boýunça hünärmenleriň teklipleriniň adamlaryň hakyky zerurlyklaryna laýyk gelýän, Batumide taryhda ilkinji durnukly şäher ykjamlygynyň meýilnamasyna esas döretdi. Çözgütler täze awtoulag duralgasy strategiýasyny, jemgyýetçilik ulag ssenariýlerini, has özüne çekiji welosiped ulgamlaryny we täze şäher elektrik taksisini öz içine alýar.
Bu çäre Gürjüstan üçin özboluşlydyr, ol ýurtda şäher transportynyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri döredýändir.
Batumide ýerli hökümet bu meýilnamany ýakyn aýlarda kabul edensoň, biz ony şäheriň merkezinde synagdan geçirip başlarys.
Işimiziň ilkinji netijeleri 2018-nji ýylda eýýäm görünip başlar. Soňra Batumi öz hekaýasyny Ajaradaky we Gürjüstanyň beýleki ýerlerindäki dostlaryna aýdyp biler, olara dogry ugurda gitmek üçin kömek eder.
BMGÖM-iň “Ýaşyl şäherler: Batumi we Ajara şäherleri üçin toplumlaýyn durnukly ulag” taslamasy boýunça alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumat.
The original of this story is published at https://www.eurasia.undp.org/content/rbec/en/home/blog/2017/7/20/Designing-a-city-for-people-not-cars-.html