BMGÖM Türkmenistanda
Satyn alyşlar
Satyn alyşlar – zerurlyklary kesgitlemek, çeşmeleri saýlamak we çekmek, şertnamany taýýarlamak we baglaşmak ýaly funksiýalary, şeýle hem hyzmatlary bermek baradaky şertnamanyň möhleti, ýa-da aktiwleriň peýdaly möhleti gutarýança, şertnamany dolandyrmagyň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan, harytlary, gurluşyk işlerini we hyzmatlary satyn almagyň umumy prosesidir.
Donor gaznalary ynanylan we ösýän ýurtlara goldaw bermäge ygrarly bolan jemgyýetçilik guramasy hökmünde BMGÖM şu ýörelgelere eýerýär:
Bahanyň we hiliň iň amatly gatnaşygy ahyrky ulanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýan, durmuşyň dowamynda edilýän çykdajylaryň we peýdalaryň amatly utgaşmasyny hödürleýän teklibi saýlamagy aňladýar. Bahanyň we hiliň iň amatly gatnaşygy birnäçe faktorlaryň, şol sanda
hiliň, tejribäniň, satyjynyň abraýynyň we harydyň ýa-da hyzmatyň guramanyň sosial, daşky gurşaw ýa-da beýleki strategiki maksatlaryna ýetmegine näderejede mümkinçilik berýändigini görkezýän netijesidir.
Adalatlylyk, bitewilik we aç-açanlyk bäsdeşlik prosesleriniň adalatly, açyk we düzgünler esasynda geçirilmegini üpjün edýär. Ähli üpjün edijiler deň garalmalydyr we bu prosesde açyk baha beriş şertler, teklipleri çekmek üçin birmeňzeş görkezmeler, talaplar we düşünmek üçin aňsat bolan düzgünler we proseduralar bolmalydyr.
Täsirli halkara bäsleşigi - üpjün edijilere BMGÖM-niň talaplary barada öz wagtynda we ýeterlik maglumat bermek, şeýle hem olara satyn alyş çärelerine gatnaşmak üçin deň mümkinçilik bermek we olary diňe BMGÖM-niň ösüş ugrundaky maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan ýagdaýynda çäklendirmekdir.
BMGÖM-niň bähbidine, islendik işewürlik amallary BMGÖM-niň we Birleşen Milletler Guramasynyň mandatlaryna we ýörelgelerine laýyk gelmelidir.
BMGÖM-niň satyn alyşlary bäsdeşlik tekliplerine esaslanýar. Taslamanyň görnüşine, çylşyrymlylygyna, möçberine, bahasyna we satyn alyş elementlerine baglylykda, teklipleri çekmek üçin köplenç ulanylýan usullar aşakdakylary öz içine alýar:
Mikro satyn alyş
Mikro-satyn alyş - elýeterli harytlary, standartlaşdyrylan hyzmatlary we ownuk işleri satyn almak üçin niýetlenen, şeýle hem şertnamanyň bahasy 10,000 ABŞ dollaryndan geçmeýän ýönekeý we resmi däl satyn alyş usulydyr. Mikro-satyn alyş amala aşyrylanda, azyndan iki üpjün ediji saýlanyp, olaryň içinden hyzmatlarynyň bahasy iň amatly bolan üpjün ediji bilen şertnama baglaşylýar.
Bahalaryň talaby
Bahalaryň talaby - adatça 10,000 ABŞ dollary bilen 200,000 ABŞ dollary aralygyndaky harytlar/hyzmatlar/gurluşyk işleri üçin teklip hödürlemek üçin resmi däl çakylykdyr. Bahalar we beýleki täjirçilik şertler talap edilýär we hyzmatlarynyň bahasy iň amatly bolan üpjün ediji bilen şertnama baglaşylýar.
Teklipleri hödürlemek üçin çakylyk
Teklipleri hödürlemek üçin çakylyk - adatça satyn alyş bahasy 200,000 ABŞ dollary ýa-da ondanam gymmat bahaly, anyk kesgitlenen talaplara laýyklykda teklipleri hödürlemek üçin resmi çakylykdyr. Baha, adatça, şertnama baglaşmakda ýeke-täk kesgitleýji bolup hyzmat edýär. Tehniki şertleriň laýyk gelen ýagdaýynda, şertnama, hyzmatlarynyň bahasy iň amatly bolan üpjün ediji bilen baglaşylýar.
Teklipler üçin ýüz tutma
Teklipler üçin ýüz tutma - adatça hyzmatlara bolan talaplar bilen baglanyşykly, anyk kesgitlenip bolmaýan, satyn alyş bahasy takmynan 10,000 ABŞ dollaryndan gowrak bolan, teklibi hödürlemek üçin resmi haýyşdyr. Baha - baha beriş şertleriniň birnäçe faktorlarynyň diňe biridir. Şertnama, tenderiň resminamasynda görkezilen talaplara laýyk gelýän we BMGÖM üçin bahasy iň amatly diýlip hasaplanýan tejribeli gatnaşyjy bilen baglanyşylýar.
Käbir ýagdaýlarda, bäsdeşlikde kadadan çykyp, göni şertnama baglaşylýar. Bu ýagdaý, adatça, global ýa-da ýerli derejede uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylan ýagdaýynda bolup bilýär.
Baha bermek prosesi
Baha bermek - bahanyň we hiliň iň amatly gatnaşygyny üpjün etmek maksady bilen kesgitlenen baha beriş usulyýetine we şertlerine laýyklykda tekliplere baha bermek prosesidir. Bu proses, gatnaşyjylaryň hemmesine deň garalmagyny üpjün etmek üçin adalatly we aç-açan ýagdaýda alnyp barylýar.
Bahalandyryş komiteti, satyn alyş işleriniň häsiýetine, çylşyrymlylygyna we bahasyna baglylykda üç-bäş agzadan ybarat bolýar. Mundan başga-da, Bahalandyryş komitetine, adatça, BMGÖM-niň maksatnamalar bölüminiň agzasy bolan, tejribeli şahsyýet ýolbaşçylyk edýär. Bahalandyryş komitetiniň agzalygy ýurtda BMGÖM-niň ýokary ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýar.
Bahalandyryş toparynyň agzalaryny saýlamakda amala aşyrylýan satyn alyşlaryň görnüşi göz öňünde tutulýar. Maliýe çeşmesiniň, müşderi guramalaryň wekilleri, ýa-da milli wekiller baha beriş işine diňe synçy hökmünde gatnaşyp bilerler. Synçylaryň we bahalandyryş toparynyň gatnaşyjylarynyň hemmesi Adalatlylyk hakyndaky Jarnama gol çekýärler.
Satyjynyň nägilelikleri
BMGÖM-niň hyzmat bilen üpjün edijileriň nägileliklerini bildirmek baradaky prosedurasy, bäsdeşlikli satyn alyş prosesiniň çäklerinde şertnama baglaşylmadyk adamlara ýa-da firmalara şikaýat etmäge mümkinçilik berýär. Teklipçiniň özüne adalatly garalmadygyna ynanýan halatynda, şu salgy BMGÖM-niň hyzmat bilen üpjün edijileriň nägileliklerini bildirmek baradaky proseduralary barada has giňişleýin maglumat berýär. BMGÖM-niň galplyk we beýleki korrupsiýa garşy syýasaty bilen tanyşyň.
Şertnamalaryň baýraklary
Geçen ýaryşlaryň hemmesini (ýeňijiniň ady we berlen şertnamanyň bahasy) Tenderler arhiwinde tapyp bilersiňiz (täze sahypa açylar).
Degişli çeşmeler