BMGÖM Türkmenistanda

Iş orunlar

BMGÖM-niň işgärleri işe kabul etmek we saýlamak prosesinde esasy üns berilmeli zat ilkinji nobatda BMG-niň Tertipnamasynyň 101-nji maddasynyň 3-nji bölüminde we BMG-niň Işgärler Düzgünnamasynyň 4.2-nji maddasynda bellenilip giçilşi ýaly “netijelilik, ukyplylyk we wyždanlylyk ýaly aýratynlyklaryň iň ýokary standartlaryny üpjün etmegiň zerurlygydyr”.

BMGÖM-da işgärleri işe kabul etmek we saýlamak prosesi aşakdaky bäş ýörelgeler esasynda alnyp barylýar:

  1. Bäsdeşlik: Ähli iş orunlar üçin saýlaw aç-açan we adalatly bäsdeşlik prosesi esasynda geçirilýär.
  2. Obýektiwlik: Saýlaw hünäre degişlilikde berk düzgünler esasynda geçirilýär, dalaşgärlere anyk kesgitlenen şertlere, iş başarnyklara we ukyplylyga, hem-de kärhananyň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda baha berilýär.
  3. Aç-açanlyk: Işe kabul etmek we saýlamak şertleri, şeýle hem işe almagyň ähli tapgyrlary işgärlere we dalaşgärlere mümkin boldugyça aç-açan bolýar.
  4. Dürlülik: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy işçi güýjüniň dürlüligini üpjün etmegi maksat edinýär. Aýratynam aýallar, maýyplygy bolan adamlar, beýleki etnik ýa-da dini taýdan az bolan toparlar, AIW keseli bolan adamlar, şeýle hem BMGÖM-da işlemäge kanuny taýdan hukugy bolan bosgunlar we beýleki raýat bolmadyk  adamlar iş orunlara resminamalaryny tabşyrmaga maslahat berilýär.
  5. Jogapkärçilik: Işe kabul etmäge jogapkär bolan dolandyryjylar saýlaw teklipleri we bu teklipleri hödürlemek üçin alyp baran işleri üçin jogapkärçilik çekýärler.

Mümkinçilikleriň görnüşleri

BMGÖM işgärleri işe kabul edende, halkara ýa-da ýerli işgärleri kabul edýär. Bu kanun esaslary we hyzmatlaryň dowamlylygy ýaly birnäçe şertlere baglylykda şertnamalaryň birnäçe görnüşine degişlidir. Şertnamalaryň adaty görnüşleri:

  • Bellenen möhlet esasyndaky şertnamalar (FTA) – milli we halkara hünärmenler;
  • Wagtlaýyn tabşyryk esasyndaky şertnamalar (TA) - milli we halkara hünärmenler;
  • Hyzmatlary bermek baradaky şertnamalar (SC) - diňe milli hünärmenler;
  • Işgärler hyzmatyny bermek baradaky tabşyryk - milli we halkara hünärmenler.

Bellenen möhlet esasyndaky şertnamalar (FTA). FTA Işgärler düzgünnamasy esasynda şertnama baglaşylan işgärler üçindir. Milli işgärleriň aýlygy ýerli ýaşaýyş şertleriniň iň ýokary derejesine esaslanýar. Halkara işgärleriň aýlygy döwlet gullugynyň iň ýokary derejesine esaslanýar.

Wagtlaýyn tabşyryk esasyndaky şertnamalar (TA). TA işgärler üçin TA görkezmelerine laýyklykda bolýar. Şertnamanyň iň ýokary dowamlylygy 364 gündir. Milli işgärleriň aýlygy ýerli ýaşaýyş şertleriniň iň ýokary derejesine esaslanýar; Halkara işgärleriň aýlygy döwlet gullugynyň iň ýokary derejesine esaslanýar.

Milli işgärler hyzmatyny bermek baradaky şertnamalar (NPSA). NPSA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan, hyzmatlar esasynda, şertnama laýyklykda BMGÖM-na wagtlaýyn hyzmat bermek üçin aýratyn şahsyýetleriň hyzmatlaryny çekmek maksady bilen döredilen şertnamanyň bir görnüşidir. NPSA şertnamasynyň dowamlylygy 1 günden 6 aýa (gysga möhletli şertnama) ýa-da 6 aýdan 1 ýyla çenli (adaty şertnama) bolup bilýär. Şertnamalaryň iki görnüşi hem ofisde, hem-de öýde işlemek mümkinçiligini berip bilýär.

Halkara işgärler hyzmatyny bermek baradaky şertnamalar (IPSA). IPSA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) tarapyndan hyzmatlar esasynda, şertnama laýyklykda BMGÖM-na wagtlaýyn hyzmat bermek üçin aýratyn şahsyýetleriň hyzmatlaryny çekmek maksady bilen döredilen şertnamanyň bir görnüşidir. IPSA baglaşylan şahsyýet, adatça öz ýurdundan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýerinden gaýdyp, başga ýurtda hünärmen wezipelerini ýerine ýetirýän adamdyr. IPSA -iň möhleti 12 aýa çenli bolup bilýär we ony 4 ýyla çenli uzaldyp bolýar, ýöne taslamanyň iň uzak möhletinden uzak bolup bilmeýär. IPSA-iň uzak möhleti adatça taslamanyň dowamlylygy we/ýa-da garaşylýan maliýeleşdiriş döwri esasynda bolýar.

Bellenen möhlet esasyndaky şertnamalary (FTA) we Işgärler hyzmatyny bermek şertnamalary baglaşmak üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibi:

Iş orunlaryna resminamalaryňyzy tabşyranyňyzda aşakdaky salgylar arkaly tabşyryň.

Beýleki degişli maglumatlar:

Iş orunlar BMGÖM-niň eRecruitment platformasynda (Oracle) ýerleşdirilýär. Arzalar doldurylýar we onlaýn ýagdaýda tabşyrylýar.

Notice

UNDP is currently aware of fictitious vacancy announcements that are being circulated through email messages and different web sites. The purpose of such fraudulent activity is to deceive an individual and convince him/her to send a "registration/visa/booking/other fee" prior to "hiring". UNDP does not charge a fee at any stage of its recruitment process (application, interview, processing, training, visa or other fee). Since logos, emblems, forms, names and addresses are publicly available and can be easily copied or reproduced, applicants are strongly advised to take particular care in applying for vacancies, including undertaking all appropriate measures to protect against such advanced fee frauds. If you believe that you became a victim of such fraud, you may wish to report it to local law enforcement authorities for appropriate action.

Information Disclosure Policy

By accessing this website, certain information about the user, such as Internet protocol (IP) addresses, navigation through the website, the time spent, along with other similar information, will be stored on UNDP servers. These will not specifically identify the user. The information will be used internally only for website traffic analysis. If the user provides unique identifying information, such as name, address and other information on forms stored on this website (e.g. job applications), such information will be used only for purposes stated and will not be shared with parties outside of UNDP or published for general access. UNDP, however, assumes no responsibility for the security of this information. For any questions about how UNDP discloses its information, please see the Information Disclosure Policy.

Current vacancies