BMGÖM meýletinçi mentorlary gözleýär: Türkmenistanda ýerli jemgyýetleri güýçlendirmäge goldaw beriň

June 4, 2024
PVE

BMG-nyň Ösuş Maksatnamasy Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň Türkmenistan boýunça ýurt komponentiniň çäginde gurnalýan meýletinçilik hereketine gatnaşmaga çagyrýar!

Biz ýaşlary goldamak üçin öz bilimini we tejribesini  meýletinçilik esasynda paýlaşmaga taýýar aktiwistleri gözleýäris! Eger-de siz haýsydyr bir ugurda hünär-başarnyga eýe bolup, beýlekilere-de bu ugurda meýletinçilik esasynda halypalyk/mentorlyk etmek isleýän bolsaňyz, onda biziň meýletinçiler toparymyza goşulyň.

Biz näme teklip edýäris:

  • Meýletinçilik işi üçin çeýe gün tertibi;
  • Beýleki hünärmenler we mentorlar bilen aragatnaşyk gurmak mümkinçiligi;
  • Taslamanyň çäginde ýaşlar boýunça sebitleýin geçiriljek onlaýn çärelere we okuwlara gatnaşmak mümkinçiligi;
  • BMGÖM adyndan taslamamyzyň çäginde eden meýletinçilik işiňizi tassyklaýan minnetdarlyk sertifikaty.  

 Biz näme gözleýäris:

  • Azyndan 2 ýyl iş tejribesi we deň-duşlaryna ýardam etmek arkaly öz jemgyýetiň ösüşine goşant goşmak islegi;
  • Toparlaýyn işlemek we dürli okuw usullaryny (meselem, onlaýn) ulanmak ukyby;
  • 3-aýyň dowamynda hepdede iň azyndan 2 sagat wagtyny meýletinçilik işine  sarp etmek;
  • Öwrenmek we başgalara öwretmek islegi we ukyby. 

Eger-de siz öz bilimleriňizi we tejribäňizi meýletin paýlaşmaga taýýar bolsaňyz, onda geliň, biziň metorlyk programmamyza goşulyň. 

Türkmenistanyň ýaşlaryna goldaw berýän meýletinçiler toparynyň agzasy boluň!

Arzalar 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyna çenli kabul edilýär – https://forms.gle/spNXYXH7pJJokuK86