KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY GÖREŞÝÄNLERIŇ ÖŇ HATARYNDA DAŞOGUZLY OGULSURAÝYŇ ALYP BARÝAN IŞLERI BARADA
October 8, 2024
Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty Aral deňziniň meselesi bilen baglylykda ýüze çykýan hem-de klimatyň üýtgemeginiň täsirine möwç alýan düýpli kynçylyklara sezewar bolýar. Ygalyň azalmagy, suwuň ýetmezçiligi we topraklaryň dargamagy ýerli ilatyň durmuşyna oňaýsyz täsirini ýetirýär we sebitiň duýgur ekologik ulgamlaryny dargadýar. Muňa garamazdan, şonça kynçylyklaryň arasynda ynamdarlygyň we mizemezligiň nyşany hökmünde çykyş edýän bir adam bar: bu adam - ekologik howplaryň howsalaly şertlerinde oba ilatynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmeklige ömrüni bagyş eden Ogulsuraý Ataýewa.
Daşoguz welaýatynda zenan tarapyndan dolandyrylýan “Eko-Durmuş” atly ilkinji we ýeketäk jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy bolmak bilen, Ogulsuraý diňe bir klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen çäklenmän, oba aýallarynyň mümkinçiliklerini we bilimlerini giňeldýär hem-de durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli çykyş edýär. Onuň ýadawsyz tagallalary ýerli ilaty üýtgeýän klimata uýgunlaşmaga we has durnukly geljegi döretmäge ruhlandyrýar.
Ildeşleriniň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda
Ogulsuraýyň geçen ýoly aňsat däldi. Ol 2015-nji ýylda klimatyň üýtgemeginiň weýran ediji netijeleriniň şaýady boldy we öz ildeşleri üçin “Eko-Durmuş” atly döwlete dahylsyz guramany esaslandyryp, ýerli ilatyň maýasyny güýçlendirmek işine ömrüni bagyş etmegi makul bildi. Zenanyň ýolbaşçylyk etmegindäki guramanyň bar bolan klimatik meseleleri çözmäge ukyplydygyna şübhelenen käbir ýerli ýaşaýjylaryň ilkibaşda ynamsyzlyk bildirendigine garamazdan, “Eko-Durmuş” guramasy hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrüldi. Gurama, halkara taslamalar, döwlet edaralary, gaýry jemgyýetçilik guramalary we hususy pudak bilen işini utgaşdyryp, oba ýaşaýjylaryna klimatyň üýtgeýän şertlerinde, aýratyn hem Aral çökgünliginiň ýaramaz netijeleriniň ýüze çykýan şertlerinde uýgunlaşma we gülläp ösme üçin gerekli ukyp-başarnyklaryny we bilimleri edinmäge mümkinçilik bermeklige ähli tagallalaryny gönükdirdi.
“Eko-Durmuş” guramasy işewürligi bellige aldyrmak we dolandyrmak üçin zerur bolan milli kanunçylyk babatyndaky amaly tejribäni özleşdirmäge mümkinçilik döredýär, şeýle hem olary öňdebaryjy oba hojalyk tejribeleri we daşky gurşawy goramak meselelerinde okadýar. Durnukly we organiki ekerançylygy öňe ileriletmek bilen, hökümete dahylsyz gurama sebitde klimatik taýdan durnukly azyk ulgamlaryny döretmekde esasy wezipäni ýerine ýetirdi. Munuň özi, azyk howpsuzlygynyň berkidilmegi bilen çäklenmän, eýsem daşky gurşawyň we biologik köpdürlüligiň saklanmagyna hem ýardam berdi. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna we damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Munuň özi suwuň ulanylyşynyň netijeliligini hem-de sebitde oba hojalygynyň öndürijiligini artdyrdy.
Ogulsuraýyň ýolbaşçylygyndaky “Eko-Durmuş” guramasy agdyklyk edýän gender stereotiplerine gönüden-göni duçar boldy. Ekologiýa taýdan arassa kärhanalaryň kömeginiň hasabyna aýallara girdeji almaga mümkinçilik döretmek bilen, bu gurama aýallaryň maşgalada esas ekleýji bolup bilmeýändigi baradaky düşünjäni puja çykardy. “Oba aýallarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de durnukly tejribelere ýardam bermek - bu diňe bir durmuş şertlerini gowulandyrmak däl; bu umumylyklary özgertmek we klimatyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine durnuklylygy ýokarlandyrmakdyr. Biz her bir aýalyň gülläp ösmäge mümkinçiligi boljak geljegi bilelikde döredip bileris”, diýip Ogulsuraý aýdýar.
“Eko-Durmuş” guramasynyň okadyş maksatnamalaryndan bähbit tapanlaryň biri bolan Jumagül - hökümete dahylsyz guramanyň täsiriniň aýdyň mysalydyr. Ol “Eko-Durmuş” guramasynyň ýolbaşçylygynda we goldaw bermeginde önümleriň ýüzüne bezeg gaşlaryny basmak boýunça telekeçilik işini üstünlikli ýola goýdy hem-de öz önümlerini ýerli bazarda, şeýle hem Internet üsti bilen satýar. Munuň özi Jumagülüň ykdysady ýagdaýyny düýpli gowulandyrdy.
Ogulsuraýyň ýolbaşçylygynda “Eko-Durmuş” guramasy sebitiň ýaşlarynyň arasynda innowasiýalara we telekeçilige ýardam bermekde hem möhüm orny eýeledi. Hökümete dahylsyz gurama organiki dökünleri öndürmek we sagdyn iýmitlenme boýunça hyzmatlary etmek ýaly innowasion işewürlik pikirleriniň döredilmegine we ösdürilmegine goldaw berdi. “Eko-Durmuş” guramasy öz işine ýaňy başlaýan telekeçilere halypaçylyk edýär, olara öz işini ýola goýmak we ýöretmek üçin zerur bolan bilimleri we serişdeleri berýär. Munuň özi ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeldip we ilki bilen Daşoguz welaýatynyň ykdysady durnuklylygyny ýokarlandyryp, oňyn täsiri döredýär.
Ogulsuraýyň öňde goýan maksatlary onuň şahsy üstünliginden ýokary boldy. “Eko-Durmuş” guramasy jemgyýetçilik toparlarynyň jebisleşmegi üçin umumy meýdança öwrüldi. Gurama, hyzmatdaşlary bilen bilelikde, ekologik ýarmarkalary we festiwallary guraýar, ýaşlary klimatik hereketlere çekýär we durnukly ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini öňe sürýär. Bu çäreler daşky gurşaw üçin jebislilik we köpçülikleýin jogapkärçilik duýgusynyň kemala gelmegine ýardam berdi.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk: Öňegidişlige gönükdirilen özara hyzmatdaşlyk
Ogulsuraýyň ýolunda esasy hyzmatdaş bolan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy onuň üstünlik gazanmagynda möhüm orny eýeledi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy “Eko-Durmuş” guramasynyň başlangyçlarynyň täsirini güýçlendirmekde aýgytlaýjy boldy. Dürli maksatnamalarynyň we maliýe mümkinçilikleriniň hasabyna BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Daşoguz welaýatynda has durnukly we bolelin durmuşda ýaşaýan jemgyýeti gurmak üçin gerekli serişdeleri we bilermenlik bilimlerini berdi. “Eko-Durmuş” guramasynyň wezipesi BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň durnukly ösüşe we Aral deňziniň türkmen bölegindäki esasy ekologik ulgamlary gorap saklamaklyga gönükdirilen tagallalary bilen utgaşýar.
Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Köpsanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýokary tebigy gymmatlylygy bolan ýer serişdeleriniň we ekologik ulgamlarynyň goralyp saklanmagy we durnukly dolandyrylmagy” atly taslama işjeň gatnaşmagyň hasabyna, Ogulsuraý öz gymmatly bilimini we tejribesini ýerli ýaşaýjylar bilen üstünlikli paýlaşýardy. Bu hyzmatdaşlyk oňa, öz taslamalaryna bütindünýä öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyryp we adamlaryň durnukly ösüş babatyndaky döwrebap çemeleşmelere ygtyýary üpjün edip, öz işiniň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hasabyna “Eko-Durmuş” guramasy, oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we, şeýlelik bilen, oba aýallarynyň we olaryň maşgalalarynyň durmuşyny gowulandyrmak üçin ýerden peýdalanmagyň we suw serişdelerini dolandyrmagyň durnukly usullaryny durmuşa ornaşdyrmaklyga gönükdirilen öňdebaryjy okadyş maksatnamalaryna, gerekli maliýeleşdirmä we halypaçylygyň gymmatly mümkinçiliklerine ygtyýar gazandy. Bu serişdeler, aýallara gönükdirilen başlangyçlary öňe sürüp, aýallaryň sesleri klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ýerli meýilnamalaryň aýrylmaz bir bölegi bolar ýaly, guramanyň tagallalaryny düýpli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Ogulsuraý barada berlen gürrüň - bu diňe bir şahsy üstünligiň beýany däl, eýsem köpçülikleýin durnuklylygyň we maksada gönükdirilenligiň mysalydyr. Munuň özi ýerlerde möhüm we uzak möhletli üýtgeşmeleri gazanmak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň subutnamasydyr. Ogulsuraýyň ýolbaşçylygyndaky “Eko-Durmuş” guramasynyň işi klimatik çökgünligiň weýran ediji netijelerine garşy hereket etmekde ýerli başlangyçlaryň güýjüni aýdyň görkezýär.
Ýol dowam edýär
Aral deňziniň türkmen sebitiniň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişliklerinde Ogulsuraý, geljekki nesiller üçin durnukly geljege bolan ymtylmasyndan ugur alyp, öz ýoluny dowam etdirýär. Onuň ýüregi ýerli ýaşaýjylara diňe bir bar bolan şertlere uýgunlaşmakda däl, eýsem üýtgeýän gurşawda gülläp ösmekde kömek etmek hyjuwyndan we gujur-gaýratdan doly.
Ogulsuraý şeýle diýýär: “Biz ýene ençeme ýyllap Aral deňziniň heläkçiliginiň zyýanly netijelerini duýarys, ýöne bu hakykat biziň geljegimizi kesgitlemeli däldir. Her bir tygşytlanan suw damjasy, her bir ekilen bag, her bir täze özleşdirilen tejribe we bilim bilen baýlaşan ilatyň her bir agzasy bize adamlaryň ýaşaýyş üçin göreşýän geljegini däl-de, gülläp ösýän geljegini kemala getirmäge ýardam berýär. Bu biziň neslimiz - durnuklylyga, hyzmatdaşlyga hem-de ýagty geljege bolan mizemez ynama daýanýan neslimizdir”.