BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy, “Alym-zenanlar: Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda öňdebaryjylardyr”, atly intellektual bäsleşigi geçirmek bilen, halkara zenanlar gününi dabaralandyrdy.

March 4, 2024

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy, “Alym-zenanlar: Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda öňdebaryjylardyr”, atly intellektual bäsleşigi geçirmek bilen, halkara zenanlar gününi dabaralandyrdy.

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2024 ýylyň 2-nji marty: Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleriň çäklerinde, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy (BMGÖM) Türkmmenistanyň talyplary üçin “Breýn-ring” intellektual bäsleşigi geçirdi. “Alym-zenanlar: Howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda öňdebaryjylardyr”, atly intellektual bäsleşik 2024 ýylyň 2-nji martynda Aşgabat şäherinde BMG-niň binasynda geçirildi.

Global ekologiýa gaznasy (GEG) tarapyndan maliýeleşdirilýän, “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” hem-de “Köpdürli bähbitleri almak üçin, Aral deňziniň töwereginde ýokary tebigy gymmatlyklary bolan ekologiýa ulgamlary we ýer serişdelerini aýawly saklamak we durnukly dolandyrmak”atly BMGÖM-niň, taslamalarynyň çäklerinde geçirilen bäsleşik, Türkmenistanyň dürli ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny jemledi.

BMGÖM Türkmenistanda

Bu intellektual bäsleşik, daşky gurşawy goramak babatda tejribe alyşmak we bilimi ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirini azaltmakda, uýgunlaşmakda zenanlaryň we gyzlaryň öňdebaryjylygyny öňe sürmek üçin ýardam berdi, hem-de howanyň üýtgemeginiň öňüni almak ugrunda Milli hereketleri goldamakda ýaşlaryň arasynda ekologigiýa taýdan durnukly durmuş ýörelgelerini höweslendirmäge itergi berdi.

“BMGÖM-sy,  howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda ýaşlar juda wajyp orun eýeleýändigi ykrar edýär, Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdini gözlemekde we hemmeleri durnukly geljege tarap alyp gitmekde, ýaş alym-zenanlara uly orun degişlidir ” diýip BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Tomisa Paowiç aýtdy.

BMGÖM Türkmenistanda

Bäsleşigiň “Gran-pri” baş baýragyna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inzener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldy. Bäsleşikde birinji ýere, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary, ikinji ýere Ýagşygeldy Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary, üçinji ýere Türkmen döwlet arhitektura we gurlyşyk institutynyň we S.A.Niýazow adyndaky Türkmen döwlet obahojalyk uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldylar. Türkmenistanyň inzener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institynyň talyplar topary, “Innowasiýalar we döredijilik” bäsleşiginiň ýeňisi boldylar. Şeýle-hem bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar toparyna BMGÖM-ň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň sertifikatlary we höweslendiriji baýrklary gowşyryldy.

BMGÖM Türkmenistanda

***

Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň arasynda öňdebaryjy agentlik bolmak bilen BMGÖM-sy, dünýäniň 170 ýurtlaryna Durnukly Ösüş Maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berýär.

Milli we halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde BMGÖM-yň Türkmenistandaky Wekilhanasy ekologiýa çärelerini geçirmek we ekologiýa bilimini artdyrmak arkaly ýurduň klimat gün tertibini öňe sürýär. BMGÖM-y, howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda ýaş nesilleriň uly orny bardygyny belläp geçýär. Ýaşlaryň ekologiýa babatda bilimini artdyrýar we ýaşlary howanyň üýtgemeginiň öňüni almak barada çärelere gatnaşmaga höweslendirýär.