BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetine BSG-na azga bolmak boýunça tejribäni öwrenmek babatynda ýardam bermegi dowam edýär.

June 15, 2022

BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetine BSG-na azga bolmak boýunça tejribäni öwrenmek babatynda ýardam bermegi dowam edýär.

UNDP Turkmenistan

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 15-nji iýuny: Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolup girmegine bagyşlanan meseleler boýunça BMGÖM-nyň "Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin esas, 2-nji tapgyr" taslamasynyň çäklerinde guralan Tegelek  stol geçirildi.

2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň agzalary, şeýle hem ýurduň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 Tegelek stola gatnaşyjylar Ýol kartasynyň – Türkmenistanyň BSG-na goşulmagyna taýýarlyk görmek we ýurduň kanunçylygyny BSG-nyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin meýilnamanyň taslamasy bilen tanyşdylar.

Halkara bilermeni, Russiýa Federasiýasynyň Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) meseleleri boýunça seljeriş merkeziniň maslahatçysy Maksim Medwedkow resminamanyň taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Çäräniň barşynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny özgertmegiň hakyky meýilnamasyny öz içine alýan Ýol kartasynyň taslamasynyň ähli bentlerine, maslahatlaryň gutarnykly taslamasynyň esasynda geçiriljek çäreleriň yzygiderliligine jikme-jik seredildi. Türkmenistanyň BSG-na girmegi boýunça mundan beýläkki ädimleriň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek üçin taslama resminamasyny işläp taýýarlamak maksady bilen Ýol kartasyna degişli pikir alşyldy.

***

2018-nji ýyldan amala aşyrylyp başlanan, BMGÖM bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasyndaky „Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin esas“ atly bilelikdäki taslama Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de BMG-nyň agentlikleriniň DÖM-ny durmuşa geçirmek babatynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrmak üçin bilelikdäki esas (platforma) bolup durýar. Häzirki wagtda taslamanyň ikinji tapgyry durmuşa geçirilýär.

Şu taslamanyň ikinji tapgyrynyň maksady Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri utgaşdyrmagy amala aşyrmakda jogapkär edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysdyýet ministrliginiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak bolup durýar.