BMGÖM Türkmenistanda
Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny berkitmäge ýardam bermek
Aýallaryň ykdysady hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen Ykdysady-maliýe ugrunyň milli strategiki maksatnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti gymmatly kagyzlaryň bazarynyň ösmegine, bazar gurallarynyň kämilleşdirilmegine, maliýe infrastrukturasynyň berkidilmegine, maliýe goýum gurallarynyň ornaşdyrylmagyna, aýallaryň we erkekleriň deň gatnaşmagynda bazara gatnaşyjylaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmga we adam hem institusional mümkinçiligi mundan beýläk köpeltmäge, şeýle hem Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny maliýeleşdirmäge ileri tutulýan üns berer.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bu taslamasynyň maksady Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň DÖM-ny durmuşa geçirmek ugrundaky çäreleri utgaşdyrmak üçin jogapkär we Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek meseleleri babatynda kadalaşdyryjy edara hökmünde mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Türkmenistan. Şunuň bilen baglylykda taslamanyň maksady gender-duýguly gurallary ulanmak bilen gymatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysady ministrliginiň institusional we kadalaşdyryjy-düzgünleşdiriji mümkinçiligini berkitmek bolup durýar.