TÜRKMENISTANDA ÝDK-IŇ ÖŇÜNI ALMAK WE OLARYŇ GARŞYSYNA GÖREŞMEK BOÝUNÇA ZERUR BOLAN DERMAN HEM-DE SAGLYGY GORAÝYŞ MAKSATLY SERIŞDELERI BMGÖM-NYŇ ÜSTI BILEN SATYN ALMAK BARADA YLALAŞYK

Bu taslama Türkmenistanda ýokanç däl kesellere (ÝDK) gözegçilik boýunça milli Maksatnamany ýerine ýetirmeklige, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we dermen senagaty ministrligine keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça lukmançylyk önümlerini satyn almak arklaly ýardam berer:

  • Ýürek – damar keselleri

  • Onkologiki keseller

  • Endokrin keselleri

  • Dümew keselleri

  • Newrologiki keselleri

  • Gerekli ýagdaýda beýleki ýokanç däl keselleri

Häzirki wagtda üznüksiz we hil taýdan kepillendirilen saglyk hyzmatlary dünýäde aýratyn alada döredýär, sebäbi COVID-19 pandemiýasy global önümçiligiň we haryt daşamagyň kesilmegi sebäpli “üpjünçilik zarbasyna” sebäp boldy. BSGG-nyň 2020-nji ýyldaky barlagyna görä, pandemiýa başlaly bäri hemme ýerde ÝDK-leriň öňüni alyş we bejeriş hyzmatlary düýpli kesildi. Esasy dermanlaryň ýa-da tehnologiýalaryň elýeterli bolmazlygy bäş ýurtdan birinde ÝDK hyzmatlaryny bozdy.

Bu taslamada saglyk önümleriniň satyn alynmagy, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny (CPRP) hem Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny (SERP) durmuşa geçirilmegine goşant goşar sebäbi olaryň ikisi-de Türkmenistanyň ilaty üçin zerur saglyk hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň üpçünçiligini iň esasy mesele hökmünde kesgitleýär.

Gender taýdan deňligi üpjün etmek we zenanlaryň saglygyny gowulandyrmak

Taslama gender taýdan deňligi üpjün etmäge we zenanlaryň arasyndaky keselçiligiň gurluşyndaky deňsizligi we erkekleriň arasyndaky has ýokary ölüm derejesini  ýeňip geçmäge ýardam eder. Zenanlar bilen deňeşdireniňde erkekleriň ýürek-damar kesellerinden wagtyndan öň ölüm derejesiniň diňe Türkmenistanda däl-de eýsem Ýewropa sebitinde ýokarydygy bellenilip geçilýär. "Erkek" häsiýeti sebäpli erkekler has beden taýdan işjeň durmuş ýörelgesine eýe bolup, sagdyn iýmitleri az iýýärler, temmäki önümlerini ulanýarlar we alkogol içgileri içýärler. Şol bir wagtyň özünde, dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki erkekleriň lukmançylyk kömegini ýüz tutmak ähtimallygy az. Şol sebäplere görä, Ýewropa sebitinde ýürek-damar kesellerinden ölüm derejesi iň ýokary bolan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň ýurtlarynda, temmäki we alkogol içgilerini ulanmagyň öňüni almak we saglyk hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmak strategiýalary üçin erkekleri üns merkezine almak, erkekler bilen zenanlaryň arasyndaky deňsizligi azaltmak üçin möhümdir [2], [3].

Sebitdäki zenanlaryň arasynda ýürek-damar keselleriniň ölüminiň esasy sebäbi bolandygyna garamazdan, zenanlaryň özleri we saglyk işgärleri zenanlarda şeýle keselleriň döremek howpuny gowy düşünmeýärler. Zenanlaryň (Türkmenistandakylary hem goşmak bilen) [4] semizlikden ejir çekmek ähtimallygy ýokarydyr we has beden taýdan işjeň durmuş ýörelgesine eýe bolmak ähtimallygy pesdir [5]. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde, 50 ýaşdan uly zenanlarda ýürek-damar kesellerinden has ir ölüm töwekgelçiligi erkeklerde wagtyndan öň ölüm howpy bilen deňdir [6]. Şeýle hem, ähli ýurtlardaky ýaşy uly zenanlaryň, depressiýanyň durnukly görnüşini goşmak bilen, depressiýadan has köp ejir çekýändigini aýdyň maglumatlar görkezýar [7]. Mundan başga-da, gender kadalary zenanlaryň ykdysady çeşmelere we tölegli hyzmatlara elýeterliligini çäklendirip biler. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň bu hyzmatlary ulanyjylara ýakynlygynda bolmagy, aýallar we gyzlar üçin öňüni alyş maslahatlaryna girmek, ulanmak we/ýa-da ýerine ýetirmek üçin gender päsgelçiliklerini azaldar.

Süýt mäzleriň rak keseli, Türkmenistanda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň arasynda birinji ýerde durýar - her ýyl täze ýüze çykarylan 1025 hadysalary we 450 zenan ölümini düzýär. Ýatgynyň rak keseli dördünji ýerde durýar - her ýyl täze ýüze çykarylan 461 hadysalary we 250 zenan ölümini düzýär. Aşgazan we öýken rak keseli, rak ähli görnüşleriniň arasynda degişlilikde ikinji we üçünji ýerlerde durýar. Umuman alanyňda, ýylda 1000-den gowrak täze hadysa ýüze çykarylýar; rak keseliniň bu görnüşleri iki jynsda-da ýüze çykýar, ýöne erkeklere has köp täsir edýär [8]:

Çilimi, alkogol içgileri, fiziki hereketsizlik we sagdyn iýmitlenmek ýaly ÝDK töwekgelçilik faktorlarydyr, olar ähli ýaş toparlarynyň ilatyny, esasanam ýaşlary öz içine alýan döwlet maksatnamalary arkaly döwlet tarapyndan çözülýär.

Bu taslama, eýýäm ÝDK keseli bolan adamlary ileri tutar hem-de erkekleriň we zenanlaryň aýratyn zerurlyklaryna laýyk gelýän saglyk hyzmatlaryna deň elýeterliligi üpjün eder.

TASLAMA AŞAKDAKYLAR ARKALY AÝALLARYŇ SAGLYGYNY EP-ESLI ÝOKARLANDYRAR:

  • Taslama zenanlaryň arasynda ölümiň esasy sebäpleri bolan süýt mäzleriň rak keselini we beýleki ginekologiki raklary bejermek üçin mümkinçilik dörederbu kesel kesgitleri ýylda täze ýüze çykarylan 1700 hadysalaryň aglabasyny düzýär. Umuman alanyňda, zenanlaryň arasynda ýylda 3800-den gowrak dürli rak keseli ýüze çykarylýar we 2188 ölüm hasaba alynýary [9],dogry bejergi bilen bu täsirlerden gaça durup bolar.

  • Taslama, göwrelilik, çaga dogurmak we dogrumdan soňky döwürde zenanlara, esasanam ejiz toparlardan bolan zenanlary ene we neonatal ölümleri azaltmak üçin dermanlar bilen üpjün eder.

  • Taslama semizlik, tiroid keseli we zenanlarda has ýygy duş gelýän beýleki endokrin kesellerini bejermegi üpjün eder.

TASLAMA AŞAKDAKYLAR ARKALY ERKEKLERIŇ SAGLYGYNY GOWULANDYRMAGA GOŞANT GOŞAR:

Erkekleriň arasynda ölümiň birinji sebäbi bolan ýürek-damar keselleriniň bejergisini üpjün etmek.

Takmynan 3,049 täze hadysany anyklaýan we ýylda 2,147 adamyň ölümini öz içine alýan rak keselini bejermek usullaryny üpjün etmek.

ÝDK-lerden ölümi we islendik ÝDK-den 30-70 ýaş aralygyndaky ölüm ähtimallygyny azalmak (erkekler - 33,9% we zenanlar - 22,3%). Şeýle hem, ömrüň dowamlylygyndaky erkekler bilen zenanlaryň arasyndaky deňsizligi (66.5 we 73 ýaş) [10] azaltmak.


[10] The Global Health Observatory https://www.who.int/gho/en

[1] Why using a gender approach can accelerate noncommunicable disease prevention and control in the WHO European region. WHO, 2019.

[2] Информационные бюллетени ВОЗ о Целях в области устойчивого развития: задачи, связанные со здоровьем: Неинфекционные заболевания. WHO, 2018.

[3] Action plan for the prevention and control of noncommunicable diseases in the WHO European Region, WHO, 2016.

[4] Turkmenistan Profile. World Health Organization – Noncommunicable diseases country profiles, WHO, 2018.

[5] Better noncommunicable disease outcomes: challenges and opportunities for health systems. Turkmenistan country assessment, WHO, 2019.

[6] Towards a Europe free of avoidable noncommunicable diseases: The future course of premature mortality in the WHO European region. WHO, 2017.

[7] Why using a gender approach can accelerate noncommunicable disease prevention and control in the WHO European region. WHO, 2019.

[8] Cancer profile for Turkmenistan: Global Cancer Observatory, 2020 https://gco.iarc.fr/today/data/factsheets/populations/795-turkmenistan-fact-sheets.pdf

[9] Cancer profile for Turkmenistan: Global Cancer Observatory, 2020 https://gco.iarc.fr/today/data/factsheets/populations/795-turkmenistan-fact-sheets.pdf

Impact

START DATE

January 2021

END DATE

December 2024

STATUS

Ongoing

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Ministry of Health,Turkmenist

DONORS

MINISTRY OF HEALTH OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

Unspecified

TOTAL CONTRIBUTIONS

$40,514,637

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2021$3,123,337

2022$14,811,455

2023$5,210,054

2024$6,412,014

Full Project information