Türkmenistan we BMGÖM durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürýär

February 18, 2024

Türkmenistan we BMGÖM durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2024-nji ýylyň 18-nji fewraly: Şu gün Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna ýetmek üçin uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek maksady bilen birnäçe strategiki şertnama gol çekdi.

Hususan-da, BMGÖM we Türkmenistanyň hökümeti 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmakda ýurda goldaw bermäge gönükdirilen aşakdaky täze başlangyçlara gol çekdi:

  • "Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam bermek" - taslama Türkmenistanda saýlawlar we sala salşyklar geçirmek boýunça Merkezi komissiýa bilen bilelikde durmuşa geçiriler;
  • “Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmakda ýardam etmek” - taslama Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy bilen bilelikde durmuşa geçiriler;
  • “Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny güýçlendirmäge goldaw bermek” - taslama Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriler;
  • “2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyny ornaşdyrmaga dowam etmek üçin maliýe hasabyny işläp taýýarlamaga goldaw bermek” - taslama Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komiteti bilen bilelikde durmuşa geçiriler;
  • “Hyzmatlaryň daşary söwdasynyň statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberi baradaky statistiki maglumatlary kämilleşdirmäge goldaw bermek” - taslama Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komiteti bilen bilelikde durmuşa geçiriler;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri ösdürmek” sebit taslamasynyň Türkmenistan üçin ýurt bölegi.

Mundan başga-da, BMGÖM we Türkmenistanyň hökümeti ýurduň täjirçilik mümkinçiliklerini güýçlendirmek we “ýeke penjire” düşünjesi arkaly gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak üçin konstruktiw hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.

BMGÖM we Türkmenistanyň hökümeti saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini saklamak we ýokanç we ýokanç däl keselleriň (ÝDK) öňüni almak we gözegçilikde saklamak üçin ýokary hilli dermanlar bilen üpjün etmek maksady bilen saglygy goraýyş pudagynda dowam edýän taslamalaryň möhletini uzaltmak barada gol çekdiler.

“Uzak möhletleýin strategiki ösüş hyzmatdaşy hökmünde BMGÖM milli we halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda ykdysady diwersifikasiýa, sanlaşdyrma, adam hukuklary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we saglygy goraýyşyň netijeliligini gowulandyrmak ýaly köp sanly ösüş meselelerini çözýär" - BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň w.w.ý.ý. Tomisa Paowiç diýip belläp geçdi: "Biz hiç kimiň yzynda galman, ýurduň ösüş meýilnamasyny öňe sürmek üçin Türkmenistan bilen konstruktiw we strategiki hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmäge borçlanýarys ".

***

BMG-nyň öňdebaryjy halkara ösüş gullugy hökmünde garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin BMGÖM 170 ýurtda we sebitde işleýär.

BMGÖM Türkmenistanyň hökümeti, ösüş hyzmatdaşlary, raýat jemgyýeti guramalary (RJG) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň halky üçin milli ösüş meýilnamasyny öňe sürmekde möhüm goşant goşýar. BMGÖM, global bilimleri, halkara tejribesini, ösen tehnologiýalary we innowasiýa çözgütlerini ulanyp, Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl meýilnamasyna ýetmek we Türkmenistanda parahatçylykly, öz içine alyjy we dowamly geljegi döretmäge goşant goşmak üçin işleýär.