GENDER MESELELERINI HEMMETARAPLAÝYN HASABA ALYNMAGY” ATLY DÖWLET GULLUKÇYLARY ÜÇIN ÝÖRITELEŞDIRILEN ONLAÝN OKUW SAPAKLARY

Gender deňligi parahatçylyga, gülläp ösmege we durnukly ösüşe ýetmegiň esasy faktory bolup durýar. Aýallaryň liderçiligini we gatnaşygyny berkitmek 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegini tizleşdirer.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMG ÖM) gender deňligini höweslendirmäge we aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine berk ygrarlydyr.  Türkmenistanda BMG ÖM gender deňliginiň ýolundaky päsgelçilikleri aýyrmak, gendere gönükdirilen dolandyryşy gurmak we aýallaryň syýasy we jemgyýetçilik işine gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gyzyklanýan halkara we milli  taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biz aýallaryň we gyzlaryň hünär ösüşine we ýurdumyzyň ösmegine işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek bilen, olaryň hukularyny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gender okuwlary /treningleri we goldawy berýäris.

Türkmenistandaky BMGÖM öz işlerinde gender deňligini öňe sürmek üçin döwlet işgärlerine bilim we başarnyklary bermek maksady bilen “Gender meselelerini hemmetaraplaýyn hasaba alynmagy” atly döwlet gullukçylary üçin ýöriteleşdirilen onlaýn okuw sapaklary” (SGMOC) işe girizdi.

Näme üçin bu okuw sapaklary wajyp?
  • Gender deňligi BMG-niň esasy ýörelgesi we Türkmenistanyň ileri tutýan meselesi bolup durýar
  • Ähli raýatlara täsir edýän syýasaty we maksatnamalary düzmekde esasy ornu döwlet gullukçylara degişli
  • Gender deňligi konsepsiýasy we bu ugurda halkara oňyn tejribe bilen döwlet gullukçylary tanyşdyrmak has adalatly jemgyýetiň döredilmegine ýardam berer  
Okuw sapaklary öz içine nämäni gurşap alar?
  • Genderiň kesgitlemesi we halkara ölçegleri
  • Döwlet syýasatynda gender meselelerini hemmetaraplaýyn hasaba almak
  • Gender seljermesiniň gurallary
  • Ýerli gender stereotipleri
  • Gender deňligine ýetmegiň strategiýalary
  • Gender deňligi üçin milli çarçuwallar
  • Gender zorlugyň öňüni almak
  • Gender deňligine ýetmek üçin erkekleri çekmek 
“Döwlet işgärleriň işine gender meseleleriniň ornaşdyrylmagy deňlige, syýasatyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin çözgütli ähmiýeti bardyr. BMG ÖM-niň hyzmatdaşy Kanadanyň Hökümeti tarapyndan goldanan bu wajyp başlangyç gender deňligi we aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugrunda, Adam hukuklary we gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamallaryna (2021-2025 ý.ý.) laýyk gelip, ýurduň mümkinçiligini berkider diýip, biz ynanýarys”.
Tomisa Paowiç, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary
Bu okuw sapaklary kim geçip biler?

Okuw sapaklary döwlet gullukçylary, kömekçi kärleriň hünärmenleri, talyplar we adam hukuklary we gender deňligi bilen gyzyklanýan ähli şahslar üçin açykdyr. 

Okuw sapaklaryň aýratynlyklary:
  • Gender deňliginiň konsepsiýalary barada bilimleriň artdyrylmagy
  • Gender meselelerini döwlet syýasatyna ornaşdyrmak ukuplylygyny ýokarlandyrmak
  • Dolandyryşyň gender-duýguly usullaryny geçirmegiň endikleri
Okuw sapaklaryň formaty:
  • Onlaýn-okuw sapaklary üç dillerde: türkmen, iňlis we rus
  • Öz içine dürli kontentleri alýan, tekstleri, soragnamalary/testleri we prezentasiýalary goşmak bilen, amatly we interaktiw  formaty
  • Okuwy üstünlikli tamamlan gatnaşyjylar elektron şahahdatnama/sertifikat alarlar
Biziň hyzmatdaşlarymyz:

Bu başlangyç Kanadanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Türkmenistanda adam hukuklary we gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin milli meýilnamalaryň, şeýle hem BMG ÖM-niň 2022-2025-nji ýyllar döwri üçin Strategiýasyny durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.