Inçekesel hassahanalaryň ýolbaşçylary hünärmenleri üçin “Gender deňligininiň meselelerine giriş” atly iki günlük okuw sapagy geçirildi

November 19, 2024
a woman standing in a room

Two-day training “Introduction to Gender Equality Issues” for tuberculosis specialists completed

BMGÖM Türkmenistan

2024-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki BMG-niň binasynda Inçekesel hassahanalaryň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň  hünärmenleri üçin “Gender deňligininiň meselelerine giriş” atly iki günlük okuw sapagy geçirildi. BMGÖM tarapyndan ýakynda işläp düzülen “Gender meselelerini hemmetaraplaýyn hasaba almak” atly okuw sapagyna esaslanýan treninge jemi 15 adam gatnaşdy. 

Okuw sapagynyň maksady, gatnaşyjylary gender deňligi bilen baglanyşykly düşünjeler, şol sanda gender kadalary, gender stereotipleri we garaýyşlar, gender deňligini gazanmak strategiýalary we gender deňligi meselelerini hasaba almak, halkara borçnamalary we gender deňligini gazanmak boýunça bar bolan milli mehanizmler, gender maglumatlary we gender taýdan seljeriş bilen tanyşdyrmakdan ybaratdy. 

Ýokarda agzalan okuw sapagy, inçekesel hünärmenleriniň inçekesel hyzmatlary meýilleşdirilende ýa-da berlende aýallaryň we erkekleriň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen baglanşykly bilimlerini kämilleşdirmek babatynda ilkinji ädim bolup durýar.