2025-nji ýyl "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”: hyzmatdaşlyk we özaragatnaşyk arkaly durnukly ösüş

March 3, 2025
Silhouette of a person leading camels against a colorful sunset in the desert.

Türkmenistan tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen goldanan 2025-nji ýyl  durnukly, inklýuziw we adalatly geljegi gurmak üçin bilelikdäki tagallalaryň berkidilmegi üçin taýsyz mümkinçilikleriň biri bolup durýar. 

Gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň we parahatçylygy gorap saklamagyň wajyplygyny nygtaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň "Dünýä üçin täze gün tertibine“ laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMG ÖM) bu maksadyň takyk hereketleriniň durmuşa geçirilmegine  ygrarly bolup durýar. Durnukly ösüş bilen parahatçylyk ysnyşykly arabaglydyr, olar diňe syýasy hyzmatdaşlygy talap etmän, ykdysady ösüşe, ekologiki durnuklylyga, adam hukuklarynyň goralmagyna, şeýle hem kanunyň hökmürowanlygynyň we demokratiýanyň berkidilmegine gönükdirilen  tagallalary talap edýär.

BMG-niň alyp baryjy guramasy hökmünde BMG ÖM parahatçylygy döredijililikde, durmuş-ykdysady dikeldilmeginde we durnuksyzlyk ýagdaýynda durnuklylygy ýokarlandyrylmagynda ýurtlary goldaýar. Gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we dikeltmekde uly ygtyýarlylykara eýe bolup, biz ynanyşmaklygy berkitmek, durmuş jebisligi ýokarlandyrmak we berk parahatçylyk üçin zerur bolan şertleri döretmegiň üstünde işleýäris.  BMG-niň Baş Sekretarynyň Parahatçylygy döredijilik gaznasynyň iň uly ýerine ýetirijisi bolup,   BMG ÖM bütin dünýäde, has-da, geosyýasy  dartgynlylygy we serhetara gapma-garşylyklary bilen kynlaşdyrýan ykdysady kynçylyklara gabat gelýän deňize çykalganyň ýok ýurtlarynda  parahatçylygy berkitmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürýär

Gülläp ösüş üçin hyzmatdaşlygy gurnamak: deňize çykalganyň ýoklugy bilen bagly garşylyklary mümkinçiliklere öwürmek

Aziýada, Ýewropada, Afrikada we Günorta Amerikada ýerleşýän deňize çykalgasy ýok bolan ösýän ýurtlarda (DÇÝÖÝ)  ýarym milliarda golaý adam ýaşaýar. Dünýä bazaryna elýeterliligi üçin şolar ýaly ýurtlaryň 30-sy goňşy döwletleriň üstünden üstaşyr geçmegi bilen baglydyr, şol bir mahalda olar  - kenar ýaka goňşularynyň çykdajylarynyň iki esse ýokary bolan -  has ýokary söwda çykdajylaryna duş gelýär. Mundan başga,   DÇÝÖÝ-niň ykdysadyýeti düýpli daşky syýasy we ykdysady üýtgemegine sezewar bolýar, sebäbi geosyýasy ýagdaýlar olaryň durnuklylygyna täsir edýär. Bu meseleleri çözmek üçin, BMG 2014-nji ýylda Hereketleriň Wena maksatnamasyny işläp goýberdi – ol  DÇÝÖÝ ýurtlarynyň durnukly ösüşine ýardam bermegine gönükdirilen on ýyllyk strategiýasydyr. Şu ýylyň awgust aýynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanda DÇÝÖÝ boýunça BMG-nyň Üçünji konferensiýasyna ýygnanar. “Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi öňe sürmek” atly şygar bilen bu konferensiýa, parahatçylygy berkitmek, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we DÇÝÖÝ üçin durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek baradaky global ygrarlylygy tassyklar.

Soňky onýyllyk ösüşine baha berilmegi, DÇÝÖÝ ýurtlarynyň üstünlikleri hyzmatdaşlyklaryň berkligine we netijeliligine baglydygyny görkezýär. Şolar ýaly hyzmatdaşlyklar ykdysady arabaglanyşyklylyga, tehnologiki innowasiýalara, söwdanyň ornaşdyrylmagyna we durnukly infrastrukturalara maýa goýumlaryň çekilmegine  ýardam berýär – munuň hemmesi bolsa hemme milletler üçin parahatçylykly we durnukly geljegiň üpjün edilmeginiň usuly bolup durýar.

Parahatçylylygyň durnukly ösüşi üçin esas hökmünde  öz garaýşyna esaslanyp, Türkmenistan deňize çykalgasynyň ýok ýurduň öz hukuk ýagdaýyny sebit hyzmatdaşlygy, ykdysady aragatnaşygy we howanyň üýtgemegine durnuklylygy üçin mümkinçilige öwürýär.   Merkezi Aziýada we Gündogar Ýewropada DÇÝÖÝ-niň ýedisiniň biri bolup, Türkmenistanyň ýeketäk geografiki ýerleşdirilmegi – Eýran, Owganystan, Özbegistan we Gazagystan bilen  serhet goňşy bolmagy -  garşylyklary we mümkinçilikleri döredýär.  Deňize çykalgasy ýok bolan üç ýurt bilen we syýasy durnuksyzlyklara we sanksiýalara duş gelýän  serhetýaka döwletler bilen goňşy bolýan  Türkmenistan özüni  Ýewropa bilen Aziýany birikdirýän  ulag-logistiki çatrygy hökmünde strategiki taýdan görkezdi. Şol sanda,  onuň çäginiň 80% -de ýerleşýän giň Garagum çölüni  we 97% daşky çeşmelerden bagly suw üpjünçiligini öz içine  alýan, ekologiki çäklendirmelere garamazdan, ýurt öz Bitaraplyk syýasatyny we güýçli ykdysady mümkinçiliklerini durnukly ösüşine we sebit hyzmatdaşlygyna ýardam bermek üçin ulanýar.

DÇÝÖÝ üçin ulag ministrleriň Maslahaty (2022 ý.) we Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça halkara maslahaty (2023 ý.) sebäpli, Türkmenistan diňe öz maýa goýmlaryny üstünlikli çekmän, emma sebit hyzmatdaşlygyň geçirilmegine ygrarlydygyny berk görkezdi.  BMG ÖM bu tagallalary işjeň goldap, Türkmenistan bilen howanyň üýtgemegine durnuklylygy berkitmegiň, sanly transformasiýanyň we infrastrukturanyň ösmeginiň üstünde işleýär. Durnuklylygy ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemegine adaptasiýa geçmekde  ýurda ýardam bermek üçin, BMG ÖM meýilnamalaşdyrmak we býüdjetleşdirmek işine howa töwekgelçilikleriň dolandyrylmagyny ornaşdyrdy, şeýle hem parnik gazlaryň  zyňyndylarynyň azaldylmagyna we howanyň üýtgemegi bilen bagly netijeleriň gowşadylmagyna ýardam berýär. Esasy hyzmatdaş hökmünde BMG ÖM-na Milli derejede kesgitlenilýän Türkmenistanyň goşandysynyň  (MDKG) taýýarlanylmagynda wajyp orny degişlidir we häzirki wagtda MDKG 3.0 üçin milli baha bermek işine ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga, UNEP bilen hyzmatdaşlykda  biz Türkmenistanyň Dördünji milli maglumatyny we Birinji täzelenen iki ýyllyk hasabatynyň  taýýarlanylmagynda goldaw berýäris, şunuň bilen biz Türkmenistanyň halkara howa borçnamalaryna ygrarlylygyny berkidýäris. 

Dünýä bazarlarynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa geçmegi bilen, BMG ÖM arassa energiýany ornaşdyrmak boýunça başlangyçlara ýolbaşçylyk edýär, şunda gaýtadan dikeldilýän energiýa ugrunda çözgütleri ösdürmek üçin BMG-niň DÖM ýetmek boýunça Bilelikdäki gaznasynyndan, Global ekologiki gaznasyndan  (GEG) serişdeler we Türkmenistanyň Hökümetiniň  maýa goýumlary çekilýär.

 Söwda, aragatnaşyk we durnukly ösüş üçin sanly transformasiýa

DÇÝÖÝ dünýä bazarlaryna ornaşdyrylmagy üçin has-da wajyp bolup durýan - ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak, söwda çykdajylaryny pese düşürmek, işi has-da amatlylamak we bäsdeşlige ukuplylygy ýokarlandyrmak üçin sanly çözgütler esasy bolup durýar. Muny ykrar edip, BMG ÖM  söwdanyň, ykdysady ösüşiň we sebit aragatnaşyklaryň özeni hökmünde sanly özgertmeleri öňe sürmekde Türkmenistanyň Hökümetiniň esasy hyzmatdaşy bolup durýar.

2024-nji ýylda üç sany esasy sanly başlangyçlar ykdysady oranşdyrylmagy, netijeliligi we dolandyryşy güýçlendirdi: Döwlet gümrük gullugy üçin Eksport-import operasiýalary üçin ýeke-täk penjere; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady banky üçin onlaýn we mobil banking we   Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti  üçin Statistiki telekeçilik sanawy. Bu täze girişler diňe dolandyryş netijeliligi ýokarlandyrman, uzak möhletli durnuklylygy saklamak we durnukly ösüş üçin örän wajyp bolup durýan has-da aýdyň we arabaglyşykly işjeň gurşawyň döredilmegine ýardam berýär.

Hakyky ulanyjylar we hakyky maglumatly Statistiki telekeçilik sanawyň talaba laýyk girizilmegi, resminamalaryň onlaýn usulda berilmegi bilen, hasabatlylygy ýönekeýleşdirip,  wajyp ädim boldy. Bu özgertme kagyz işlerini azaldyp, maglumatlaryň işlenilip taýýarlanylmagyny tizleşdirýär we gender bölünşigi boýunça maglumatlary ýygnamaga mümkinçiligi döredýär, şonuň bilen hem inklýuziw ykdysady syýasaty goldaýar. Platforma pudagara hyzmatdaşlygy, telekeçiligi bellige almak we maglumatlaryň alyşmak gurallaryny  has-da gowulandyrylmagy salgyt girdejileriň köpelmegine, iş ýerleriň döredilmegine we ykdysady durnuklylygyň berkidilmegine ýardam berýär.

Şolar ýaly, BMG ÖM we ÝUNKTAD-yň gollanmagynda Eksport-import operasiýalary üçin ýeke-täk penjeräniň üstünlikli ýaýbaňlandyrylmagy, Türkmenistanyň gümrük önümçiligini  serhetara söwda işini has basym we netijeli işler bilen üpjün edip, düýpli täzelendi. Gümrük gullugy, Merkezi bank we Statistika baradaky döwlet komiteti ýaly esasy edaralaryň arasyndaky  maglumatlar bilen alyşmany gowulandyryp, bu taslamalar maliýe ulgamynyň we hususy sektoryň berkidilmegine ýardam berýär.

Sanlaşdyrmany öňe sürmek bilen bir hatarda,   BMG ÖM Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek çemeleşmesini goldaýar, munuň özi täze bazarlaryna elýeterliligi, maýa goýumlaryň çekilmegine şert döreder we ykdysady diwersifikasiýany höweslendirer. Bu üstünlikleriň jemi  Türkmenistanyň parahatçylyk, durnuklylyk we innowasiýalar has özaragatnaşykly, durnukly we gülläp ösýän sebitinde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny berkider.

Geljege garaýyş: bilelikde parahatçylykly we gülläp ösýän gelejegi gurýarys

Türkmenistany goşmak bilen,  deňize çykalgasynyň ýok ýurtlaryň gelejegi, täze we öňden gelen garşylyklaryň çözülmegine gönükdirilen berk hyzmatdaşlyklar bilen kesgitlenilýär. Arassa energiýa geçmekden durnukly infrastrukturanyň ösmegine çenli hyzmatdaşlyk ösüşiň esasy sebäbi bolup durýar.

Netijeli hyzmatdaşlyklar, öňdengörüji syýasat we durnukly ösüşe üýtgemeýän ygrarlylyk şolar ýaly ýurtlara geografiki çäklendirmeleri durnuklylygy we gülläp ösmegi berkidip, ykdysady mümkinçiliklere öwürip biler. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen   Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan   goldanan 2025-nji ýyl durnukly, inklýuziw we adalatly gelejegi gurmak üçin global hyzmatdaşlygyň çuňluşdyrylmagynyň ýeketäk mümkinçiligidir. Bu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi bilen gabat gelýär. Sebit hyzmatdaşlyk, durnuklylyk we parahatçylyk ýörelgelerini yzygiderli gorap saklaýan ýurt hökmünde, Türkmenistan bu ýörelegelere öz ygrarlylygyny halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitaraplyk syýasaty bilen tassyklaýar. Bu äheňde  Türkmenistan bilen   BMG ÖM arasyndaky berk hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir.

Üç onýyllygyň dowamynda BMG ÖM  Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen Durnukly ösüşiň ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk edýär. Bu okgunly we strategiki özarahereket etmegi dürli ugurlarda geljekde has-da ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin özara  uly ähmiýetli netijeliligi berdi.

Bilelikde biz durnukly we inklýuziw jemgyýetleri döretmek üçin kanunyň hökmürowanlygyna, adam hukuklarynyň goralmagyna we hasabat beriji institutlarynyň berkidilmegine ýardam berýäris. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz ykdysady diwersifikasiýa, howanyň üýtgemigine garşy göreşde, sanlaşdyrma, saglygy goraýyş, adam hukuklaryny öňe sürmek, adam hukuklaryny goraýan milli edaralaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak ugurlarynda, durnuklylygy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidip, ösüşiň çylşyrymly wezipeleriniň çözülmeginde uzakmöhletli çözgütleriň tapylmagyna ýardam berilmegine dowam edýär.   

Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hyzmatdaşlygyň ösmegi, inklýuziwlik, durnukly ösüş üçin – hemmeler üçin has-da parahatçylykly we  gülläp ösýän gelejegi döredip, mümkinçilik bilen peýdalanaýr. Diňe bilelikdäki tagallalar bilen her bir adamyň howpsuzlykda, bolelinlikde we mertebesinde ýaşaýan dünýäni gurmak bolar diýip, biz ynanýarys.