Türkmenistan we BMGÖM ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

May 3, 2024
health

Türkmenistan we BMGÖM ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, Türkmenistan, 2024-nji ýylyň 3-nji maýy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) we BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) "2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada ylalaşyk" atly täze taslama barada ylalaşyga gol çekdiler. Býudžeti 34 million ABŞ dollaryndan gowrak, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän bu taslama ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Taslamanyň maksady Türkmenistanyň ilatynyň inçekesel we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça ýokary hilli hyzmatlara ýurduň islendik künjeginde ähliumumy elýeterliligini aşakdakylar arkaly üpjün etmeklik bolup durýar:

  • Inçekeseli, reproduktiw ulgamynyň keselleri, deri keselleri, wirusly gepatit C-ni bejeriş gulluklarynyň, AIW barlagy we howpsuz gan guýmak gulluklarynyň yzygiderli we ýokary hilli üpjünçiligi;
  • Saglygy goraýyş işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;
  • 2027--nji ýyla çenli AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreşmek boýunça Global gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän inçekesele garşy göreşmek maksatnamanyň çäreleriniň hilini, üznüksizligini we uzak möhletleýin durnuklylygyny kepillendirip, kem-kemden doly Döwlet maliýeleşdirilişine geçmegini üpjün etmek.
health
BMGÖM Türkmenistanda

Bu taslama öňki ýyllarda ýetilen sepgitleri giňelder, şeýle hem ýokanç keseller bilen bagly barlag serişdeleriň we dermanlaryň üpjünçiligini dowam etdirer. Taslamanyň çäginde bejergiden daşary, täze tehnologiýalar ornaşdyrylar, ýokançlara gözegçilik çäreleri ýokarlandyrylar, tehniki kömek we tehniki hyzmat üpjün ediler. 

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Tomisa Paowiç: "Saglygy goraýyşa maýa goýmak durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin wajyp şertdir", - diýip belledi. “BMGÖM-de, biz Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş hyzmatdaşlary bilen hemmeler üçin sagdyn durmuşy we abadançylygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýarys. Adam hukuklaryny we gender taýdan deňligi nygtaýan köp pudaklaýyn çemeleşme arkaly Türkmenistanda ähliumumy saglygy goraýyşa ýetmek üçin zerur saglyk hyzmatlarynyň giň toplumynyň durnuklylygyny pugtalandyrýarys we goldaýarys".

BMGÖM Türkmenistanda

***

BMGÖM we TSGDSM köp ýyl bäri jemgyýetçilik saglygy pudagynda hyzmatdaşlyk edýärler, esasanam 2010-njy ýyldan başlap, BMGÖM-iň Ýurt edarasynyň AIDS-e, inçekesele we gyzzyrma garşy göreşmek üçin Global gaznadan  inçekesele garşy göreşmek üçin esasy grant alyjysy hökmünde bellenilmeginden bäri has hem işjeňdir. Hususan-da, ýokanç kesellere gözegçilik pudagynda BMGÖM we TSGDSM 2016-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýärler we umumy bahasy 35 million ABŞ dollar bolan dört taslamany durmuşa geçirdiler.