MERÝEMIŇ HEKAÝASY: INÇEKESELDEN SAGALMAGYŇ ÝOLY

March 6, 2025
A portrait of a young girl with long dark hair and rosy cheeks, deep in thought.

MERÝEMIŇ HEKAÝASY: INÇEKESELDEN SAGALMAGYŇ ÝOLY

Merýem 24 ýaşynda. Ol syýahat etmegi halaýan, hemişe işjeň we gujurly zenan maşgala. Meýrem  daşary ýurdaky ýokary okuw jaýlarynyň birinde dolandyryjy hünäri boýunça üstünlikli okap ýördi. Okuwyň birinji ýylynyň kyn düşenligne garamazdan Merýem ony gowy netijeler bilen tamamlady.

Keseliň ilkinji howsalaly duýduryş almatlary

A young woman studies at a wooden table surrounded by books and colorful stationery.

 

Tomusky dynç alyş döwründe Merýemde ýadawlyk, bokurdagyň agyrmagy, yzygiderli üsgülewük we erbet kelle agyry ýaly alamatlar peýda bolyp, ol özüni erbet duýup başlady. Ilkibada, Merýem özüni erbet duýmagynyň esasy sebäbini aşa köp okanýanlygy bilen  baglanyşdyrdy, ýone alamatlaryň bir aýdan  hem uzaga çekmesi ony lukmana ýüz tutmana mejbur etdi.

Lukmanlar başda oňda ýokary dem alys ýollarynyň ýiti wirusly ýokanjyny anykladylar, ýöne bellenen bejergi kömek etmedi. Merýemi üç aýlap dümewden, sowuklamadan we bokurdak agyrysyndan bejerdiler. Lukmanlar tarapyndan berilýän maslahatlar, şol sanda içmeli dermanlar, almaly ýörite bejerigiler dowamly üýtgäp durýardy. Özünde bolup geçýän alamatlar boýunça keseli internetden gözlände, depressiýadan başlap hatda howply çiş kesellere çenli netijeleri berýärdi.

Näbelli keseliň uzaga çeken bejergisi

A young woman sitting on a bed, holding a glass, looking contemplative.

Sentýabr aýynyň ortalaryna, täze okuw ýyly başlandy, Merýem doly derejede güýçden gaçdypdy. Gijelerne basyrganyp, derläp oýanýardy bedeniniň agramy köp mukdarda pese düşdi we ol üsgülewükden ejir çekýärdi. Günleriň birinde aýaklarynyň dyzdan aşagyny duýmaýandygy sebäpli ukydan oýandy. Ol aýaklaryny yzygiderli çümmüklemegine garamazdan, olaryň duýujylygy bir sagatdan soň gaýdyp geldi.

“Men gowy görýan apelsinlerimi iýen wagtymda ýuregim bulandy,  özümiň inçekesel bilen kesellandigime düşündim. Inçekeselden ejir çeken daşgy garyndaşymy ýadyma düşüip, onda bolan kesel alamatlary ýadyma saldym we özümdäkiler bilen deneşdirip  öýkenlerimi gyssagly rentgen barlagyndan geçirilmegni talap etdim. Inçekesel bilen kesellemekden gorkmaýardym, Mende özüne näme bolýandygyna düşünmek hem-de wagt ýitimän bejergi almaga başlamak islegi bardy”.

Öýkenleriň rentgenografiýa barlagynda lukmanlar tarapyndan  gara kölege anyklanyldy, emma barlaghana synaglary inçekesel kesel kesgitlemesini tassyklamady. Dekabr aýyna çenli Merýem birnäçe gezek hassahanada ýatymlaýyn bejergide boldy, emma muňa garamazdan bejergiler netije bermedi. Öýünde bolsa onyň ýagdaýy has hem erbetleşýärdi. Şu wagta çenli takyk kesel kesgitlemesi goýulmandy. Merýem okuwy ýatdan çykarmaly boldy.

Öýe tarap barýan ýol

A woman in a green jacket examines lung diagrams on a computer screen while studying notes.

Merýem ýokary okuw mekdebinden akademiki rugsatdyny alyp, öýüne dolanmak kararyna geldi.

Watana dolanyp gelenden soňra gyssagly ýagdaýda ähli barlaghana synaglaryndan we rentgenografiýa barlagyndan geçirildi. Barlaglaryn neijesinde kesel kesgitlemesi doly tassyklandy  - rentgenogramma şekilinde nokadynyň ýerine öýkende açyk boşluk görünýärdi. Inçekesel kesgitlemesi GeneXpert enjamyny ulanmak arkaly gakylygyň barlagy geçirilenden soň tassyklanyldy.

Kesel kesgitlemesiniň gutarnykly tassyklanylmagy Merýemde dürli-dürli pikirleri oýardy.Ol inçekesel keseliniň bejergisiniň bellidiginden başlap onyň elýeterli bolmagyna haýran galdy. Ýöne iň esasy zat, Merýem, keseliniň beýleki adamlara ýokuşmanyň sebäbi bolup biljekdigi barada aladalanýardy.

Diagnozy kabul etmek we dikeldiş ýoluna başlamak

A girl in a yellow shirt and mask mixes ingredients in a bowl in a kitchen.

Kesel kesgitlemesi gutarnykly tassyklandy, lukmanlar topary Merýeme 9 aýlyk bejergi bellediler we onuň üçin bu ýagdaý aňsat däldi. Lukmanlar topary oňa inçekeseliň açyk görnüşi, ýagny bakterýalary daşky gurşawa  çykarýan görnişi bilen keselländigini düşündirdiler. Ýagdaýynyň kynlygyna we lukmanlaryň goldawyna garamazdan, keseliniň ýakyn garyndaşlaryna nähili täsir edip biljekdigi barada alada edýärdi. Ol berlen maslahatlary berk ýerine ýetirýärdi – öýde ýeke özi aýratyn otagda bolýardy, otagyny yzygiderli arassalaýardy, örtük dakynýardy we maşgala agzalary bilen uzak wagtlap aragatnaşyk saklamazdy.

Ol keselini hiç kimden gizlemezdi. Internet saýtlarynda görmegeý gyz bolan - Merýem bilen tanyşmak isleýän käbir ýigitlere: "Mende inçekesel bar!" – diýip göniden-göni ýazýardy. Bu bolsa, inçekesel düşünjesinde stereotipler bilen ýaşaýan ýigitleri aradan aýyrylmagyna sebäp boldy. Şeýlede bolsa muňa garamazdan yza çekilmedik bir ýigit tapyldy.

Bejerginiň ilkinji netijeleri: täze durmuşa tarap ädim

Three women joyfully share a moment in a vibrant field of flowers.

Bejerginiň depginli döwriniň birinji aýy tamamlandy, Merýemiň ýagdaýy gowulaşyp başlady. Geçirlen ýörite barlaglardan soňra lukmanlar keseliň ýapyk görnüşe geçendigi barada habar berdiler. Bu bolsa, öz gezeginde ýokanjyň özge adamlara ýokaşdyrylmak howpunyň ep-esli azalandygyny aňladýardy. Derman serişdeleriniň zyýanly täsirlerine garamazdan, bu habardan soň ol - maşgalasy üçin ýokaşma howpunyň ep-esli azalandygyna begendi.

Bu döwürde olaryň maşgalasy öňkiden hem has jebis ysnyşdy. Merýemiň ene-atasy,  doganlary oňa saglyk öýünden derman  serişdelerini getirip bermekden başlap, öý işlerine kömek etmäge çenli ähli meseleleri babatynda bejerjiniň her tapgyrda goldaw berdiler. Bejergi döwrinde Merýeme düşýän agramy azaltmak maksady bilen maşgala oý aladalaryny utgaşdyrmak meselesinde ýardam berdi.

Keseliň üsti bilen özgeriş: Bejergi nädip öz-özüne ideg etmek sapagyna öwrüldi

Merýemiň özüni has gowşak duýýan döwürleri başdan geçirdi, ýagny ol diňe bir fiziki taýdan däl-de, eýsem duýgurlyk taýdan hem ejir çekerdi.

A young woman with long, gray hair looks thoughtfully at her reflection in a mirror.

Şol sebäpli hem bejergi alýan döwründe Merýem durmuşa we özüne bolan garaýşyny düýpgöter üýtgetmeli boldy. Kesel we bejergi alyş döwri onda özüne ideg etmekde täze endiklerini emele getirdi. Dermanlardan derisi garalyp, guraýandygy sebäpli, Merýem öýde özüni her gün timarlamak üçin belli bir wagt aýyrdy. Işdäsi ep-esli artdy we iýmit islegleri üýtgänsoň, arassa howada gezelenç etmek üçin has köp wagt sarp etmeli bolýardy. Käwagt dermanlar özüni biperwaý duýmaga mejbur edýänligi sebäpli we bejergi tamamlanandan soň özüniň iň gowy görnüşi bolmak üçin güýmenje tapmaly bolýardy.

Kesel ýapyk, ýokançsyz görnüşe geçdip barlaglaryň ählisi gowy netijeleri berende, Merýemde gelejek hakdynda uly umytly arzuwlar peýda boldy. Okamak we işlemek meselesi açyklygyna galypdy. Ol özüni eklemäge öwrenişipdi, ýöne ýagdaýynyň durnuksyzlygy sebäpli oňa hatda uzakdan işlemek hem aňsat düşenokdy. Merýemiň inçekesel bilen keseländiginden gorkmadyk ýigit bu meselede oňa köp ýardam berdi. Merýemiň bejergisine we sagalmagyna ünsüni jemlemek üçin, oňa ideg etmekde we durmuş toýlaryny meýilleşdirmekde has köp jogapkärçiligi öz üstüne alyp başlady. Olaryň oturyp gürleşmekleri gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi: ähli lukmançylyk maslahatlaryny berjaý etmegiň möhümdigini, bejerginiň nähili geçiriljekdigi barada alada edip, inçekeselden soň saglygy çalt dikeltmegiň başga usullarynyň bardygyny hem ara alyp maslahatlaşýardylar. Bu ýakynlyk we birek-biregiň aladasyny etmeklik pursatlary dikeldiş ýoluny aňsatlaşdyrmak bilen bilelikde has hem tizleşdirdi.

Birnäçe aýlap dowam eden dermanlar arkaly bejergi göze görnüp duran netijeleri berdi - Merýem gowulaşýandygyny duýup başlady. Keseliň alamatlary kem-kemden gidip başlady we lukmanlar onuň immunitetiniň dikeldilendigini we işjeň durmuşa dolanmagyna rugsat berdiler. Şeýle-de bolsa, ýagdaýynyň gowulaşmagy bilen bilelikde täze kynçylyga, ýagny stigma bilen ýüzbe-ýüz galdy. Merýem öýden ýygy-ýygydan çykyp başlansoň, käbir joralarynyň we garyndaşlarynyň ýokaşmagyndan gorkup, onuň bilen gatnaşmakdan saklanandygyny duýdy. Bu ýagdaýyň kyn bolmagyna garamazdan Merýem inçekeseliň bejergisiniň bardygyny düşünýärdi we dikeltmek üçin elinden gelenini edýändigini bilýärdi.

Geljegi täzeden gurmak: Arzuwlar we olaryň amala aşmagyna ýol

A healthcare professional converses with a patient in a green shirt, smiling.

Bejergi başlandan bir ýyl töweregi wagt geçensoň, Merýem özüni has gowy duýýar. Lukmanyň atmagyna görä öýkendäki boşluk ýapyldy we  inçekeseli häsýetlendirýän barlaglar negatiw netijeleri görkezýär. Ftisiatr lukmany, hatda inçekeselden gutulandygyny yglan etmek üçin topara ýüzlenmegi teklip etdi.

“Men lukmanlaryň toparyna uly umyt baglaýaryn keselinden gutulandygym baradaky  güwanama resminamasyny alanymdan soňra, öz şahsy durmuşymy tertipleşdirmegi hem-de okuwymy dowam etdirmegi meýilleşdirýärin. Keselden sagalma tarap aňsat bolmadyk ýolda ýakyndan goldanlyklary üçin  maşgala agzalarma, lukmanlara we ýakynlaryma  minnetdarlygymy bildirýärin”.

Merýem topara uly umyt baglaýar. Gutulandygy barada güwanamany alandan soň, şahsy durmuşyny tertipleşdirmegi we okuwyny dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Gutulma tarap ýoly aňsat bolmasa-da, maşgalasynyň, lukmanlaryň we ýakynlarynyň goldawy üçin minnetdarlygyny bildirýär.

A smiling woman in a white shirt stands in a colorful flower field, arms raised joyfully.

Indi Merýem özünde bolan alamatlara duş gelenleriň ählisine gysga wagtda kesel kesgitlemesiniň goýulmagyny maslahat berýär. Ol maslahatlarynda egerde kesel kesgitlemesi tassyklansa, kesele däl-de, onuň bejergisine üns bermekligi – derman serişdelerini yzygiderli içmekligi, gowy iýmitlenmegi, dynç almagy we güýç toplamaklyga üns berilmelidigi barada gaýta-gaýta nygtaýar.

“Maşgalaňyzyň we ýakynlaryňyzyň goldawy üstünlikli dikelmegiň açary bolup durýar- Iň esasy ýeke galmazlyk”.