Türkmenistandaky BMGÖM “Gender deňligi nyşanynyň” BÜRÜNÇ sertifikatyna eýe boldy
November 7, 2023
2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) gender deňliginiň ýörelgelerini ýurt edarasynyň işiniň ähli ugurlaryna ornaşdyrmak borjuny ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde “Gender deňligi nyşanynyň” BÜRÜNÇ sertifikaty gowşuryldy. Bu üstünlik, Türkmenistandaky BMGÖM aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek, goramak we inkýuziw ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
BMGÖM-niň “Ggender deňligi nyşany”, iş ýerinde gender deňliginiň ýokary standartlarynyň ýerine ýetirilmegini kesgitleýän korporatiw sertifikat maksatnamasydyr. Bu maksatnama, BMGÖM ýurt, sebit we merkezi edaralaryň aýal-gyzlaryň hukuklaryny we gender taýdan deňligini öňe sürmekde gazananlaryny we başarnyklaryny kesgitleýän korporatiw mehanizmdir. Maksatnama birnäçe derejeli sertifikatlaşdyrma eýe bolup, işgärlere gender deňligini ýokarlandyrmakda başarnyklary we bilimleri ösdürmäge kömek edýär.
BMGÖM ähli aýal-gyzlar üçin gender deňligini hakykata öwürmegi maksat edinýär. Gender deňligi adamyň esasy hukugy bolup durnukly parahatçylygyň zerurlygydyr. Gender deňligine ýetmek 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça gün tertibini ýerine ýetirmek we her kimiň deň bolan we gender deňligine we aýal-gyzlaryň hukuklaryna we mümkinçiliklerine hiç hili päsgelçilik ýok dünýäni döretmek üçin zerurdyr.
BMGÖM öz işinde BMGÖM-iň işiniň ähli ugurlaryna gender deňligini berkitmek we ornaşdyrmak üçin ýol kartasyny alamatlandyrýan BMGÖM-iň 2022-2025 ýyllar üçin gender deňligi strategiýasyna esaslanýar. BMGÖM-iň ähli derejelerindäki işgärlere innowasiýalary ornaşdyrmak we tapgyrlaýyn hem-de ösüş özgerişleri girizmek teklip edilýär. Biz BMGÖM-iň bilimlerini we köp ýyllyk tejribesini hiç kimi yzda galdyrman işimizi gowulandyrmak üçin ulanýarys.
“Gender deňligi nyşany, özümize, bilimlerimize, iş amallarymyza, nädogry pikirlerimize baha bermek üçin, gazananlarymyzy ölçemek we boşluklary ýüze çykarmak üçin gymmatly gural bolup hyzmat edýär. Bu maksatnama, iň oňat dünýä tejribeleri öwrenmäge, strategiýalary täzeden gözden geçirmäge, içerki mümkinçiliklerimizi berkitmäge we gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem mümkinçiliklerini öňe sürmäge ygrarlydygymyzy görkezmäge goşant goşýar".BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili, Narine Saakýan
Sertifikatlaşdyrmanyň netijeleri Türkmenistandaky BMGÖM-iň öz işinde gender deňligi babatynda belli üstinliklere ýetendigini aýan etdi. Täsirli öňegidişlik gazanylan bolsa-da, ýerine ýetirilmeli birnäçe möhüm meseleler bar. Şonuň üçin gender deňliginiň has ýokary standartyna ýetmek üçin üznüksiz öwrenmek we kämilleşdirmek zerurdyr. Sertifikatlaşdyryş işiniň özi Türkmenistanda gender deňligini we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak ugrundaky tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ygrarlylygyň we güýçli höwesiň, hemişelik okuwyň we gözegçiligiň hem-de baha bermegiň möhümdigini görkezdi.
“Gender deňligi nyşany” başlangyjy, BMGÖM-iň ýurtlardaky edaralaryny gender deňligini we zenanlaryň huklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde ykrar edýän we goldaýan korporatiw sertifikasiýa prosesidir. Maksatnama iň pes kabul ederlikli hil ölçeglerini kesgitleýär we gender deňliginde gazanan üstünliklerine esaslanyp ýurt edaralaryna sertifikat berýär. Sertifikaty gazanmak üçin ýurt edaralary dolandyryş ulgamy, içgi mümkinçilikleri, oňyn gurşawy, aragatnaşygy we bilimleri dolandyrmagy goşmak bilen, maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi, hyzmatdaşlyk we gender täsiri/netijeler ýaly ýedi esasy ugurda ýeterlik ösüş gazanmalydyr.
2011-nji ýyldan bäri BMGÖM-iň “Gender deňligi nyşany” başlangyjy guramalara iş ýerlerinde gender deňligini gazanmaga kömek etmek üçin dünýäniň ähli sebitlerdäki BMGÖM 57 ýurt edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär.