TÜRKMENISTANDA SANLY ÖZGERTME: STRATEGIÝADAN HEREKEDE TARAP
November 22, 2024
Näme üçin sanly özgertme biziň üçin esasy üns merkezi bolup durýar we näme üçin biz bu gurşawy yzygiderli öwrenmek üçin “Portfolio Sketch” prosesiniň gowy badalga nokady bolup biljekligine ynandyk?
Sanly özgertme BMG-niň ÖM üçin esasy üns merkezi bolup durýar, çünki biz onuň dolandyryş, bilim we saglygy goraýyş ýaly pudaklar üçin mümkinçiliklerini ykrar edýäris. Muňa garamazdan, öňki edilen tagallalar köplenç dagnyk bolup, aýratyn taslamalar üçin bütewi strategiýa ýetmezçilik etdi. Ony çözmek üçin, biz BMG-niň ÖM-niň Innowasiýalar topary we Merkezi Sanly Edara (MSE) tarapyndan bilelikde işlenip düzülen “Digital Transformation Portfolio Sketch” (Sanly Özgertmeler Bukjasynyň Taslamasy) guralyny kabul etdik. Bu gural bize milli ileri tutulýan ugurlar bilen sazlaşýan goşulyşmalaryň sazlaşykly toplumyny döretmäge mümkinçilik berjek Türkmenistanyň sanly ekoulgamyny kartalaşdyrmaga, esasy zerurlyklary we strategik giriş nokatlary anyklamaga mümkinçilik döretdi. Yzygiderli çemeleşmäni kabul etmek bilen, biz dagnyk tagallalardan daşary çykmagy we ýurt boýunça has durnukly, täsirli we utgaşykly özgertmäni üpjün edýän sanly başlangyçlaryň arasynda özara baglanyşygy döretmegi maksat edinýäris.
Sanly Özgertmäni Taslama Prosesi: Içerki we Daşky Hyzmatdaşlary Çekme we Olar Bilen Hyzmatdaşlyk Etme
2024-nji ýylyň iýun aýyndan sentýabr aýyna çenli, BMG-niň ÖM-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy (ÝE) ýurduň saglygy goraýyş, dolandyryş we daşky gurşaw pudaklarynda ösüş bilen baglanşykly iň wajyp kynçylyklaryny ýüze çykarmak üçin Taslama Prosesine badalga berdi. Bu düzümleýin proses içerki bilen daşarky hyzmatdaşlaryň ikisi bilen hem çözgütleri tapmaga, hyzmatdaşlyk etmäge we pikirleri kämilleşdirmäge ep-esli wagt döretdi. Bilermenleriň giň toplumyny üpjün etmek üçin gatnaşyjylar saýlanyp alyndy. Saglygy goraýyş, dolandyryş we daşky gurşaw pudaklarynydaky zerurlyklar barada düýpli düşünjeleri bolan Türkmenistandaky ÝE-niň toparlary esasy üns berilmeli ugurlary kesgitlemekde esasy rol oýnady. ISM Innowasiýalar Topary sanly özgertme boýunça düýpli tejribäni we bu prosesi ugrukdyrjak Andreas Pawelke, Aditi Soni, Anşuman Mruthunjaýa we Yaera Çung ýaly hünärmenleri üpjün etdi. Ondan daşary, Merkezi Sanly Edaranyň topary netijeli hyzmatdaşlyk üçin iň täze sanly gurallaryň ulanylmagyny üpjün etmek bilen, sanly platformalara öz strategik garaýyşlaryny goşant goşdy. Içerki tejribe bilen daşarky maslahatlary utgaşdyrýan bu inklýuziw çemeleşme kynçylyklary göz öňünde tutýan strategik çemeleşme we ylmy hem hyzmatdaşlyk nukdaý nazary arkaly bu topara Türkmenistandaky köpgyranly ösüş kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga we çözmäge mümkinçilik berdi.
Sanly Özgertmäniň Taslama Prosesinden alnan sapaklar: Türkmenistandaky Sanlaşdyrma Gaýtadan Seretme
“Digital Sketch” ýurduň sanly özgetmesiniň zerurlyklary barada gymmatly maglumatlary üpjün etdi we pes sanly sowatlylyk, dagnyk e-hökümet hyzmatlary we ýeterlik däl sanly infrastruktura, hususan-da, oba ýerlerinde, ýaly esasy kynçylyklary beýan etdi.
Hakyky özgertmäniň ýöne bir tehnologiýalary ornaşdyrmany däl-de, eýsem ulgamlaýyn üýtgetmäni talap edýänligini ykrar etmek bilen, bu topar şeýle hem sanlaşdyrma bilen sanly özgertmäniň arasyndaky tapawudy ýüze çykardy. Gyzyklanýan taraplar bilen meýilleşdirip we geňeşip, we ileri tutulýan ugurlary anyklap, döwletiň we hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we sanly endikleri kämilleşdirmek arkaly BMG ÖM-niň ÝE-niň topary sanly sowatlylygy güýçlendirmegiň, innowasiýalary höweslendirmegiň ýurduň ykdysadyýetini höweslendirmek we ösdürmek üçin juda wajyplygyna göz ýetirdi. Bu proses milli strategiýalar bilen sazlaşýan we inklýuziw we durnukly ösüşi höweslendirýän toplumlaýyn we gyzyklanýan taraplary giňden çekmäge bolan çemeleşmä esasy ünsi gönükdirmek bilen, bu toparyň Türkmenistanyň sanly geljegine goldaw bermekdäki roluny gatýadan kesgitledi.
“Digital Sketch” Prosesiniň Geljekki BMG MÖ Taslamalary Bilen Baglanşygy
Bu proses özbaşdak sanlaşdyrma tagallalaryndan has toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn çemeleşmä, sanly özgertmä geçmäge kömek etmek arkaly BMG ÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işini mese-mälim işjeňleşdirer. Aýratyn taslamalardan daşary çykmak arkaly, bu topar indi ünsi has ulgamlaýyn we durnukly täsiri üpjün etmek bilen birnäçe başlangyçlary umumy bähbidiň daşynda jemleýän bütewi strategiýany işläp düzmäge gönükdirer. E-hökümet hyzmatlary, sanly sowatlylyk, we döwlet pudagy bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly dürli mowzuklar boýunça tejibeler hususan-da ýurduň kontekstine sazlanan ugurlarda geljekki başlangyçlar barada maglumaty üpjün eder. Ondan başga-da, jemgyýetçilik gatnaşygy we sanly başarnyklaryň ösüşi barada alnan maglumatlar sanly saglyk we bilim maksatnamalary ýaly sanly durmuş innowasion taslamalary güýçlendirer. Ahyrky netijede, bu prosesden alnan netijeler uzak möhletleýin öňegidişligi we inklýuziw ösüşi we jemgyýetçiligiň has giňden gatnaşmagyny höweslendirýän has netijeli, durnukly we sebite degişli çözgütleri üpjün etmek arkaly BMG ÖM özüniň sanly özgertmeler boýunça edýän tagallalaryny ýerli jähtlere laýyk uýgunlaşdyrmaga kömek eder.
Netije we Indki Ädimler: Sanly Strategiýany Pugtalandyrma we Içerki Mümkinçilikleri Esaslandyrma
Türkmenistanda “Digital Sketch” Prosesi diňe bir ýurduň sanly özgertmä bolan zerurlyklary barada düşünjäni ýokarlandyrmak däl-de, eýsem bir gezekleýin çözgütlerden we taslamalardan düýpli özgertmeleri girizmek üçin özara baglanyşykly bilim almagyň görnüşleriniň bukjasyna tarap gurallary we meýilnamalary üpjün etmek arkaly BMG MÖ-niň ÝE üçin özgerdiji syýahat boldy. “Digital Sketch” Prosesinden alnan maglumatlar BMG ÖM-niň Ýurt Edarasynyň Türkmenistanda sanly strategiýasyny has hem kämilleşdirmek üçin binýady goýdy. Indiki ädimler bu maglumatlaryň herekede girizilmegini üpjün etmäge gönükdiriler. Birinjiden, biz ýerli geňeşmeleri geçireris we gyzyklanýan taraplar bilen maslahatlaşarys we sanly özgerme işi üçin strategik ugury ylalaşarys. Ondan soň, biz işimizi ilerletjek netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esasy gyzyklanýan taraplary anyklarys –şol sanda, döwlet edaralaryny, hususy pudagy we raýat jemgyýetini. Şeýle hem biz umumy düşünişmäni we gyzyklanmany üpjün etmek bilen başlangyç ylmy barlag işleri, hyzmatdaşlyk üçin giriş nokatlaryny we gyzyklanýan taraplar üçin ileri tutulan ugurlary mälim etmek üçin tanyşdyryş çäresini ýa-da maglumaty taýýarlarys. Zerur hyzmatdaşlyk we goldaw bilen, biz BMG ÖM-niň toplumlaýyn çemeleşmesini ulanmak arkaly özbaşdak başlangyçlary milli maksatlara laýyk gelýän we durnukly we inklýuziw ösüşe gönükdirilen bütewi strategiýa girizmage başlarys. Işgärlerimiziň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle-de olary sanly özgertmäni höweslendirmek we üpjün etmek üçin endikler we bilim bilen üpjün etmek arkaly ýurt boýunça edara hökmünde hökümetiň gyzyklanýan taraplar bilen ýerli bileleşikleriň ikisiniň hem geljekki mümkinçiliklerini ösdürmek üçin işlmek üçin Sanly Taýýarlyk Maksatnamasy ( Digital Fitness Program (DFP) ýaly proseslere maýa goýmagy dowam ederis. “Digital Sketch” prosesi işgärleri hemmetaraplaýyn pikirlenme, ulgamlaryň ösüşi we sanly özgertmäniň kynçylyklary barada düýpli düşünje bilen üpjün etmek arkaly, BMG ÖM-niň ÝE toparynyň içerki mümkinçiliklerini pugtalandyrdy. Bu pugtalandyrylan içerki mümkinçilikler Türkmenistanyň sanly gün tertibine goldaw berer. :Digital Sketch” prosesinde gazanylan tejribe BMG ÖM-niň ÝE çäklerinde innowasiýanyň we uýgunlaşma ukyplylygyň medeniýetini höweslendirmek arkaly geljekki sanly strategiýalary işläp düzmekde ugrukdyrmagy dowam eder. Ahyrky netijede, bu proses BMG ÖM sanly innowasiýa arkaly durnukly ösüşiň esasy faktory hökmünde öňe çykarmak arkaly bu topary sanly özgertmä bolan has işjeň, toplumlaýyn we oýlanşykly çemeleşämni kabul etmäge ruhlandyrdy.
Makala goşan goşandy üçin biz Andreas Pawelke öz minnetdarlygymy bildirýäris.