Mark Çao - energiýa, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegine degişli meseleleri boýunça BMGÖM-y bilen işleýän bilermen. Biz onuň bilen BMGÖM-ň Türkmenistanda durnukly şäherleri döretmek baradaky soňky meýilnamalary barada gysgaça gürleşdik. |
Näzik Myradowa: Türkmenistana geçmezden ozal has giň soragdan başlamak isleýärin. Näme üçin durnukly şäherleriň mowzugy Durnukly ösüş maksatlarynyň sanawyna girizildi? Munuň ähmiýeti näme?
Mark Çao: 2008-nji ýylda, dünýäde ilkinji gezek şäher ilatynyň sany oba ilatynynyň sanyndan ýokary geçdi. 2050-nji ýyla çenli bu görkeziji 6.5 milliard adama ýeter, bu bolsa planetamyzdaky adamlaryň üçden iki bölegi. Türkmenistanda 2014-nji ýylda şäher ilatynyň sany oba ilatynyň sanyndan ýokary geçdi, ýakyn wagtda bu görkeziji haýallajaga meňzänok.
Şäherleriň beýle ösmegi bar bolan energiýa, suw we ulag infrastrukturasyna uly basyş edýär. Bu ýagdaý şeýle-de galyndylaryň dolandyrylmagy we daşky gurşawyň hapalanmagy bilen bagly meseleleri artdyryp biler. Şonuň üçin biziň wezipämiz, şäher ilatynyň köpelmegi we çäkli çeşmeler şertlerinde-de ähli raýatlaryň durmuş derejesini we ýaşaýyş hilini goldamakdan we gowulandyrmakdan ybaratdyr.
NM: Şäheriň durnukly bolmagy üçin zerur şertler haýsylar? Şäheri ýaşamak üçin amatly ýere öwürmek üçin ýaşaýjylaryň üns bermeli käbir faktorlary haýsylar?
MÇ: Durnukly ösüş maglumatlara, syýasatlara, maliýe goldawyna we infrastruktura üçin häzirki zaman çözgütlerine esaslanýan meýilnamalaşdyrmagy talap edýär.
Emma raýatlar öz saýlawlary we özüni alyp baryşlary arkaly hem uly rol oýnap bilerler.
Raýatlar energiýa we suw baýlyklaryny tygşytly we netijeli ulanmak kararyna gelenlerinde, biz durnuklylygy üpjün etmekde öňe gideris.
Şeýle-de, biz durnuklylygy üpjün etmekde öňe gidip bileris, eger raýatlar şahsy ulagy ulanmagyň deregine pyýada ýöremegi, welosiped sürmegi, köpçülikleýin ulaglara münmegi ýa-da dostlary bilen gatnamagy saýlasalar.
Ýene-de biz durnuklylygy üpjün etmekde öňe gidip bileris, eger adamlar hapalary dogry dolandyryp bilseler, esasanam gaýtadan ulanmak üçin ýaramly materiallary gaýtadan işlemek üçin ýörite prosesler bar bolan ýagdaýynda.
NM: BMGÖM-ň soňky başlangyjynyň çäginde haýsy çäreleri geçirmegi meýilleşdirýärsiňiz?
MÇ: Häzirki wagtda biz tekliplerimizi taýýarlamagyň üstünde işleýäris. Biz milli hyzmatdaşlarymyz bilen gözlegleri geçirýäris we pikir alyşýarys.
Biziň göz öňünde tutýan käbir zatlarymyz, has netijeli köçe yşyklandyryşyny, elektrik ýa-da energiýa tygşytlaýan awtoulaglaryň ulanmagyny höweslendirýän başlangyçlary, welosiped zolaklaryny döretmekligi we sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýän çäreleri öz içine alýar.
Görşüňiz ýaly, biz has gowy infrastrukturany döretmeli, ýöne has sagdyn endikleri hem höweslendirmeli.
NM: BMGÖM-y bu ugurda öňem şuňa meňzeş işler edipdi. Bize birnäçe üstünlikli bolan mysallary aýdyp bilersiňizmi?
MÇ: Ermenistanda BMGÖM-y natriý lampalardan köçe yşyklary üçin yşyk-dioid yşyklandyryjylara geçilmegini goldady. Köçeler iki esse ýagty boldy. Şeýle hem, biz çyralaryň sanyny 36 göterim, elektrik energiýanyň sarp edilişini 60 göterim azaltdyk, bu bolsa bize aýda 3000 ABŞ dollaryny tygşytlamaga we CO2 zyňyndylaryny ýylda 223 tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berdi.
Almatada, BMGÖM taslamasy şäher häkimiýetleri bilen az maýa goýum çykdajylarynyň sarp edilmegini göz öňünde tutýan, ýerüsti metro ýaly işleýän gyssagly awtobus liniýasyny döretmegiň üstünde işledi. Taslamanyň çäginde bu ýörite liniýanyň ugry boýunça 12 sany awtobus duralgasy, welosipedler we pyýadalar üçin täze ýodalar we 4 km ýolda ýaşyl dynç alyş meýdançasy guruldy.
Bu çözgütler Ýerewanyň we Almatanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Olaryň Türkmenistan üçin doly ulanyp bilerlik däldigine düşünýäris, mysal üçin, Türkmenistan, hatda BMGÖM-ň kömegi bolmazdan-da, yşyk-diodly lampalar babatynda-da öňe gidýär. Täze taslamada BMGÖM-y, hökümet we şäher häkimlikleri Aşgabadyň, Awazanyň we beýleki şäherleriň zerurlyklaryny we ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutýan aýratyn çözgütleri dörederler.
NM: Siz Türkmenistanda näme gazanmak isleýärsiňiz?
MÇ: Türkmenistanda CO2 zyňyndylaryny müňlerçe tonna çenli azaltmagy maksat edinýäris. Şeýle azaltma, dünýädäki beýleki tagallalar bilen bilelikde, howanyň global üýtgemeginiň täsirini çäklendirmek üçin iň gowy umydymyzdyr. Şeýle hem, Türkmenistanyň şäherleri ösmekde hem arassa, rahat, owadan we geljekde onýyllyklaryň dowamynda raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply bolmagyny üpjün etmek üçin uzak möhletli çözgütleri döretmek isleýäris.