Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak
Taslama näme barada
Türkmenistanyň milli hasaplar ulgamy häzirki wagtda şu aşakdaky hasaplary öz içine alyp, olar boýunça hasaplaryň usulýet esasy MHU 1993 usulýetine laýyklykda üpjün edilendir.
• önümçilik hasaby;
• girdejileri emele getirýän hasap;
• başlangyç girdejileri paýlaýan hasap;
• girdejini gaýtadan paýlaýan hasap;
• ygtyýarynda bar bolan girdejiniň ulanylyş hasaby;
• kapital bilen baglanşykly amallaryň hasaby;
• daşary ykdysady gatnaşyklar hasaby.
Milli hasaplaryň gurluşynyň çäklerinde jemi içerki önümiň we beýleki möhüm makroykdysady agregatlaryň aýlyk, çärýek we ýyllyk hasaplary, şeýle-de MHU 1993 usulýeti boýunça önümçilik usuly bilen jemi sebitleýin önümiň ýyllyk hasaplary geçirilýär.
Esasy milli hasaplaryň gurluşy Türkmenistanyň statistikasynyň ýeten ähmiýetli üstünligi bolup durýar, emma häzirki wagtda ýurtlaryň köpüsi BMG-niň maslahaty bilen MHU 2008 usulýet görnüşine geçdi ýa-da geçişi amala aşyrýar. MHU 2008 usulýet görnüşi MHU 1993 usulýetiniň esasy konsepsiýalaryny, kesgitlemelerini we klassifikasiýasyny gorap saklaýar, emma şonuň bilen birlikde milli statistika gulluklarynyň duş gelýän meselelerini çözmek üçin zerurlyk bolup durýan görkezijileriň birnäçesini hasaplamak üçin täze metodologiki usullaryň birnäçesini hem girizlýär.
Hususan hem BMG-niň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň Gün tertibini kabul etmegi bilen baglylykda durnukly ösüşiň çäklerinde goýlan maksatlar, şol sanda onuň bilen bagly wezipeler we görkezijiler bilen birlikde ölçeg, gözegçilik geçirmek we hasabat bermek ugrunda milli statistiki mümkinçilikleri berkitmek zerurlygy ýüze çykýar. 17 belgili maksat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň amala aşyrylmagy üçin serişdeleriň pugtalandyrylmagyna degişli bolandygy anykdyr. 17 belgili maksat bolsa ýokary hilli, girdeji derejesi boýunça jikme-jik beýan edilen, gender degişliligi, jynsy, milleti, migrasion ýagdaýy, maýyplygy, geografiki ýerleşişi we milli şertleriň hasaba alynmagy bilen ähmiýetli hasaplanýan beýleki häsiýetleri boýunça aktual we anyk maglumatlaryň elýeterliligini ähmiýetli derejede ýokarlandyrmakda mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilen.
Biz näme etmegi maksat edinýäris
1) MHU 2008-ň girizmegiň milli maksatnamasynyň ylalaşylmagy we milli statistiki ulgamyny utgaşdyrmagyň institusional gurallarynyň kesgitlenmegi;
2) Taslama, şeýle hem, Türkmenstat we beýleki pudaklaýyn edaralaryň arasynda düşünişmek Memorandumlary ýaly bar bolan we täze çarçuwaly şertnamalary täzelemäge kömek etmegi;
3) Taslama, milli statistika ulgamynyň ösüşiniň umumy orta möhletli strategiýasyna 2008-nji ýylyň MHU-ny ornaşdyrmak boýunça çäreleriň goşulmagyna goşant goşar;
4) Statistiki klassifikasiýlaryň ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda boýunça teklipleriň taýýarlanmagy, goşmak bilen halkara standart klassifikasiýalaryny, şol sanda ykdysady işjeňligiň klassifikasiýalaryny, esasy önümleriň klassifikasiýasyny we institusional pudaklaryň klassifikasiýalaryny ulanyşynyň tejrebesini öwrenmek arkaly gazanylar;
5) Işewürlik-registriň (biznes-registr) MHU 2008-ň talaplaryna uýgunlaşdyrylmagy:
- Halkara hünärmenleri bilen maslahatlaşmalary geçirmek,
- Hasaba alyş sanawlaryny gowulandyrmak üçin zerur amaly çäreleri geçirmek, şeýle hem merkezi edaranyň we Türkmenstatyň welaýat bölümleriniň işgärlerini täzelenen registrler bilen işlemek boýunça taýýarlamak,
6) MHU 2008-ň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň milli hasaplarynyň usulýet (metologiki), maglumat we kadr mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegi;
7) Türkmenistanyň milli hasaplarynyň gurluşyny üpjün edýän ITK mümkinçiliginiň güýçlendirilmegi