BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistan barada

Türkmenistan soňky on ýylda ýokary depginli ykdysady ösüşi başdan geçiren, girdejisi ortadan ýokary bolan döwletdir. Energiýa çeşmeleriniň eksportyndan alnan girdejiler Hökümete uglewodorodsyz ykdysadyýeti ösdürmäge, şeýle hem ýurduň durmuş we ykdysady ösüşine peýdaly boljak infrastrukturany gurmak üçin maýa goýmaga mümkinçilik berdi. Netijede, ykdysadyýetiň uglewodorod däl pudaklary içerki önümleri öndürip, ep-esli girdeji gazandylar we orta möhletde ösmegini dowam etdirýärler.

Türkmenistan halkara guramalary we esasanam BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Ýurt howpsuzlyk, energiýa, ulag, howa we suw ýaly ugurlar boýunça başlangyçlary yzygiderli teklip edýär, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürýär we durnukly ösüşi öňe sürmek üçin global derejede ygrarlylygy höweslendirýär. Içerki giňişliginde, Hökümet BMGÖM bilen hyzmatdaşlyk edýär we ösüş ugrunda Milli gün tertibini durmuşa geçirmek üçin onuň berýän goldawyny yzygiderli nygtaýar.

90

%

Iş bilen üpjünçilik gullugynda hasaba alnan aýallaryň umumy sanynda işleýän aýallaryň paýy (2018)

25

%

Mejlisiň agzasy bolan aýallar

49

Türkmenistanyň wekilçilik edýän halkara guramalarynyň sany (2018)

91

%

öý işçileriniň umumy sany aýallardan ybaratdyr

149

%

eksportyň ösüş depgini (MMS 2018)

3

million

ekilen agaçlaryň sany (2018)