Geljekki türkmen alymy, plastik önümlerinden hapalanmak meselesiniň çözgüdini gözleýär

February 10, 2023

Ogulşirin Täçewa, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inženerçilik we tehnologiýalar uniwersitetinde biotehnologiýa, ekologiýa we daşky gurşawyň dolandyryşy hünärini öwrenýän dördünji ýyl talyby.

UNDP Turkmenistan

Bütin dünýäde zenanlar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirini gowşatmak üçin tagallalary jemläp, bu özgerişleriň öňdebaryjy wekilleridir. Olaryň köpüsi, ylmy işleri we klimat krizisine garşy innowasiýa çemeleşmesi arkaly howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge goşant goşýarlar.

Ogulşirin Täçewa, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inženerçilik we tehnologiýalar uniwersitetinde biotehnologiýa, ekologiýa we daşky gurşawyň dolandyryşy hünärini öwrenýän dördünji ýyl talyby. Ogulşirin çagalykdan tebigaty gowy görýärdi we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin goşant goşmagy arzuw edipdi.

 

Bütin dünýäde inženerçilik hünäri, adatça erkekleriň agdyklyk edýän hünärlerinden biridir. Zenanlar, umuman alanyňda, bu ugry saýlamaýarlar ýa-da okuwy gutarmanka terk edýärler. Ogulşiriniň ylma, täze tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny, onuň dostlarynyň we tanyşlarynyň aglabasy makullamadylar we oňa gender nukdaý nazardan zenanlara ýakyn hünärleri saýlamagy maslahat berdiler. Ogulşirin, özüniň inženerçilik hünärini saýlamagyna, ata-enesiniň oňyn garandyklaryny we tebigaty goramak üçin ylym öwrenmek islegini doly goldaýandyklaryny buýsanç bilen aýdýar: “Atam-enem maňa ösüş ýolumy saýlamaga kömek etdi, meniň pikirimçe, olaryň goldawy we aladasy bolmasa, men üstünlik gazanmagy başarmazdym. Olar meni hemişe höweslendirýärdiler we haýsydyr bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolanymda, ruhdan düşmän, öňe gitmegimi ündeýärdiler”.

Geçen ýyl Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda geçirilen "Gaýtadan işlenen materiallary gündelik durmuşda ulanmagyň öňdebaryjy we häzirki zaman usuly" atly ylmy-barlag bäsleşigine öz gyzynyň gatnaşmagyna we birinji, baýrakly ýeri eýelemegine Ogulşiriniň ata-enesi guwanýardylar we gyzynyň gazanan üstünliklerine çäksiz begenýärdiler.

 

Bütindünýä şäherler güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) / GEF / Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi”atly taslamasy tarapyndan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, geljekki ýaş ekologlaryň tebigy baýlyklaryň durnukly ulanylmagyny, tygşytly sarp edilmegini we galyndylaryň azaldylmagyny ösdürmek üçin döredijilik we innowasiýa mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen gurnaldy.

 

"BMGÖM-sy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi, meniň ylmy gözleglerimiň netijelerine ýokary baha berdiler we meniň bu ugurda, mundan beýläk hem işlemegime itergi berdiler”. "Bu baýrak diňe bir meniň gazanan üstünligim däl-de, eýsem mugallymlarymyň we synpdaşlarymyň goldawynyň we ýardam bermeginiň netijesidir", diýip Ogulşirin  belläp geçdi.

Ogulşirin gözleg işine uniwersitetiň ilkinji ýylyndan başlap, sagdyn ekosistemalary gorap saklamak üçin, önümçiligiň galyndysyz işlemegini üpjün edýän täze ugurlaryny we plastik galyndylary dolandyrmagyň täze usullaryny tapmaga, özýniň yhlasyny we başarnygyny gönükdirdi.  Uniwersitetiň ýaş talyby, özüniň ylmy-barlag işlerine plastik galyndylary energiýa öwürmek üçin plastmassadan ýangyç öndürmek barada maglumatlary ýygnamakdan başlady.

 

Mundan başga-da, dünýäde bar bolan usullary öwrenip, Ogulşirin ikinji derejeli çig mallary gaýtadan işlemek üçin öz modelini döretmäge başlady. Mugallymlarynyň we ýerli hünärmenleriň goldawy bilen suwuk ýangyç, ýanyjy gaz we gurluşyk materiallaryny almaga mümkinçilik berýän ýörüteleşdirilen enjamy. Piroliz reaktoryny döretdi

Taslamanyň ykdysady peýdasyny artdyrmak maksady bilen, geljekki alym-zenan, ulgamy kämilleşdirmek we emele gelýän ýangyç gazy enjamyň işlemegi üçin ýangyç hökmünde ulanmak hem-de emele gelen smolany bolsa, gurluşyk materialy hökmünde ulanmak kararyna geldi.

Häzirki wagtda Ogulşirin özüniň diplom işini taýýarlaýar we gelejekde Türkmenistanda galyndysyz önümçilik ulgamyny ösdürmegiň üstünde işlemegi dowam etmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem, Ogulşirin "Ekologiýa biotehnologiýalary" atly ylmy-barlag merkeziniň işjeň agzasydyr.

Ogulşirin 8 aýlyk göwreli hem bolsa, BMGÖM geçiren bäsleşigine gatnaşdy we ýeňiji boldy. Üç aýdan soň, ol bir gyzjagazyň ejesi boldy. “Gyzymyň tebigaty söýmek we goramak islegi bilen ulalmagyny isleýärin we gazanan üstünliklerim oňa ylham berer diýip umyt edýärin" - diýip Ogulşirin aýtdy.

 

Uniwersiteti gutarandan soň, Ogulşirin ekologiýa we inženerçilik ugrundaky bilimini, magistr programmasynda dowam etdirmegi meýilleşdirýär. “Uly meýilnamalarym bar we plastik galyndylary gaýtadan işleýän desgamy açmak isleýärin. Plastik ýangyç, plastmassa önümleri öndürmek üçin ulanylsa, bu ugurda uly netije gazanmak mümkinçiligi dörär we daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak üçin plastik galyndylardan ýangyç alyp bolar "-diýip Ogulşirin belläp geçdi

Ogulşirin Taçewa, ylymyň kömegi bilen adamlary we planetany plastik hapalanmakdan goramaga synanyşýan az sanly adamlaryň biridir. Ol hiç haçan öz maksatlaryndan ýüz öwürmeýär we bellenen sepgitlere ýetmek üçin uly ynam bilen öňe gidýär. "Biz, alym-zenanlar hökmünde, hemmeler üçin durnukly geljege tarap howanyň üýtgemegine çözgüt tapmakda möhüm rol oýnap bileris."