BALKANLARDA EPIKI ÝODANYŇ JANLANMAGY

January 25, 2021

--- Image caption ---

Slobodan Brkiç Bosniýa we Gersegowina daglarynyň owadan obasynda ýaşaýar. Birnäçe ýyl mundan ozal, ol Banja Lukada ofisiant bolup işleýärkä, oňa Kron keseliniň diagnozynyň goýulmagy onuň durmuşynyň öwrülişikli pursadyna öwrüldi. Ol özüniň gelejegi barada möhüm kararlar kabul etmeli boldy.

Slobodan ýol görkezmegi üçin tebigata ýüzlendi. Öýüne gaýdyp gelip, ýerli syýahatçylyk geňeşi bilen işleşip başlady, tiz wagtdanam ata-babalarynyň obasyny syýahatçylaryň mekanyna öwürmek kakaryna geldi.

Bejergi almak üçin zerur serişdeleri alyp, ol şol serişdeleri desgalary gurmak üçin bank karzyna derek ulandy.

"Şol wagt meniň agramym 56 kilo töweregidi” – diýip, Slobodan ýatlaýar. Haçanda men töweregimdäki adamlara bu uly taslamany başlaýandygymy aýdanymda, olar maňa ynanmadylar. “Näme üçin? Seň bir aýagyň eýýäm gabyrda diýen ýaly "diýdiler.

Obanyň ýoldan ýa-da beýleki syýahatçylyk merkezlerinden uzakda bolmagy, Slobodanyň iş meýilnamasyny hasam kynlaşdyrýardy. Galyberse-de, islendik ýerde owadan tebigaty tapyp bolýardy. Haçanda ol Wia Dinarika ýodasy barada öwrenende ol örän begendi.

Wia Dinarika  - Dinar Alp daglarynyň tutuş uzynlygy boýunça uzaýan uzak aralykdyr, ol Sloweniýa, Horwatiýa, Serbiýa, Bosniýa we Gersegowina, Çernogoriýa, Kosowa * we Albaniýa ýaly ýedi ýurdy birleşdirmek üçin höwesjeň syýahatçylar topary tarapyndan döredilipdir.

Ýodanyň üsti bilen serhetaşa hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hyýaly, sebitdäki soňky çaknyşyklaryň taryhyny göz öňünde tutmak bilen özboluşly bir saplanma düşünjesi diýseň hem boljak.

2013-nji ýylda syýahatçylaryň bu hyýaly ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyrylyp başlandy. Sebitleýin başlangyjyň çäginde, uzaklygy 1250 kilometr bolan dag ýodalarynyň ugry boýunça “Bir million ädim” geçmek çäresi geçirildi, onuň dowamynda Wia Dinarikanyň Ak Ýodasy bahalandyryldy, kartasy düzüldi we tanyşdyryldy. Ýaşyl we Gök ýodalary entäk işlenip düzülýär.

Ýodalaryň ösdürilmegi bilen birlikde, myhmansöýerligi, hyzmat üpjünçiligi we syýahatçylygy ösdürmek üçin ýerli jemgyýetleri we kiçi kärhanalary ösdürmek meýilnamasy hem işlenilýärdi.

Iň köp ösüşler bolan Bosniýa we Gersegowinada üç ýoda (1000 km) daglaryň we ýabany güllerden doldurylan meýdanlaryň, derýa kenarlarynyň we Slobodanyň ýaşaýan Ziličina ýaly owadan obalaryň üstünden geçýär.

“Giňeldigimizçe, gelýän adamlaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Bu bize öňe gitmek üçin has köp güýç berýär "-diýip, Slobodan aýdýar.

Onuň az stresli, tebigata ýakyn durmuşy, saglyk ýagdaýynyň gowulaşmagyna getirdi.

"Diýmek, men dogry ýoly saýlapdyryn".

Wia Dinarika ýurtdaky jemgyýetleriň ýarysyndan gowragyny öz içine alýar we şygarynda aýdylşy ýaly etniki we milli bölünişiklere garamazdan adamlary, açyk sport klublary, kärhanalary we jemgyýetleri “tebigy ýagdaýda birleşdirýär”.

Emma howpsuz pyýada gezelençleri, ýatmak üçin amatly ýerleri we gowy iýmitleri üpjün etmek üçin ilki bilen hem ýodalary hem-de ýaşaýyş jaýlary abatlamak we gowulamak zerurdy.

Iň tagamly naharlary bilen tanalýan ýerleriň biri, Slawoýka Puhalonyň eýeçiligindäki Kalinowik sebitindäki Simovića kuće diýilýän ýerdir. Onuň B&B restoranynda, kiçiräk daglyk jemgyýetleriň myhmansöýerligi bilen birlikde hakyky ýerli naharlaryndan lezzet almak bolýar.

"Müşderilerim özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin elimde baryny ederin" –diýip, ol aýdýar.

Slawoýkanyň önümleriniň hemmesi öýde öndürilen we öýde ýasalandyr. "Müşderilerim iýmitiň baý tagamlaryna haýran galýarlar we hiç haçan beýle zady dadyp görmändiklerini aýdýarlar."

Şeýle hem bu ýoda syýahatçylara rafting bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän joşgunly derýadan geçýär.

Ýigrimi ýaşyndaka Amar Alagić, täze mümkinçilikleriň gözleginde ýurdy terk etmägede taýyndy. Onuň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Una derýasynyň kenarynda ýerleşýän kiçijik Bihać atly şäheri tebigy gözellige baý, emma durnukly girdeji gazanmak mümkinçiligi ýokdy.

"Biz ýaşlaryň köpüsiniň diňe daşary ýurtlara gitmekden özi üçin has gowy geljegi görýän ýurtda ýaşaýarys" – diýip, ol aýdýar. "Men başga ýerde has gowy ýaşaryn diýip pikir edýärdim, emma meniň ýüregim şu ajaýyp Una derýasynyň we ony gurşap alýan tebigatyň ýanyndady."

Haçanda olaryň maşgalalary “Wia Dinarika” taslamasyndan kiçi rafting işini giňeltmek üçin grant alanda, ol bu ýerde galmagy we bu mümkinçilikden peýdalanmagy saýlady.  Olar suwda howpsuzlygy üpjün etmek üçin täze enjamlary satyn aldylar, indem ýeňil sport gaýygynda (baýdarkada) ýüzüp görmek hem-de ýuwaş akýan suwdan başlap joşgunly akýan suwa çenli rafting etmek üçin birnäçe turlary hödürleýärler. 2017-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende müşderileriniň sany iki esse köpeldi, girdeji bolsa 70 göterim ýokarlandy.

Ýakynda geçirilen “Wia Dinarika” konferensiýasynda ejesi Mahira bu başlangyjyň onuň maşgalasynyň durmuşyny nä derejede üýtgedendigi barada gürrüň berdi.

Bu başlangyjyň ýene bir maksady, ýurduň medeniýetini we däp-dessurlaryny tanatmakdan we bellemekden ybaratdyr.

Amela, Bosniýa we Gersegowinanyň 1495 metr belentligindäki iň beýik we iň izolirlenen dag şäherçesi bolan Lukomirdäki adaty myhmanhanany dolandyrýar. Ol ýerde syýahatçylar bir gije ýatyp, Bosniýa otaglarynda we jaýyň kiçi howlusynda hödürlenýän adaty tagamlardan lezzet alyp bilerler. Ol myhmanlary tagamlaryň taýýarlanyş usuly bilen tanyşdyrýar, hat-da olaryň bişirilşini hem düşündirýär.

"Adamlaryň diňe Lukomiriň däp-dessurlaryny nä derejede hormatlaýandygy barada däl-de, eýsem Bosniýa we Gersegowinanyň medeni gymmatlyklaryny we mirasyny nä derejede ykrar edýändigi barada gürrüň etmeklerini isleýärin."

Onuň medeniýete bolan söýgüsi mekdepde höwesjeň teatrda çykyş etmekden başlanýar. Şondan soň ol toparlar üçin terjimeçi we gid bolup işledi, häzirki wagtda Bosniýa we Gersegowinada medeni miras we syýahatçylyk boýunça döwlete degişli däl guramasyny döretmek we işletmek arzuwyny amala aşyrýar.

Şeýle hem, ol adamsy Sanjin bilen “Wia Dinarika” -yň iň meşhur nokady bolan Koniçede syýahatçylyk agentligine eýeçilik edýär. Olar Neretva we Rakitnisa derýalarynyň ugry boýunça treking, rafting, kanoýede kürekleme we kanýoning gezelençlerini hödürleýärler.

"Men özbaşdak bir işe başlamagy makul bildim, sebäbi biziň ýurdumyzda hakykatdanam üstünlik gazanmak we halaýan işiňizi etmek isleseňiz, muny özüňiz etmeli we ilkibaşdan gurnap başlamaly."

Olaryň maýa goýumlary we hyjuwy netije berdi, müşderileriň sany 2015-nji ýyldaky 420-den 2017-nji ýylda 8000-den hem geçdi. Öz yurdunyň öňe gidişini görüp, ol biçak begenýär.

"Täze ýaşlaryň ilkinji aýlyklaryny gazanyp, watanymyzy hemmämiz üçin has gowy we owadan ýere öwürjek täze pikirleri döretmeklerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" –diýip, ol aýdýar.

ABŞ-ň Halkara Ösüş Agentligi we BMGÖM-y Albaniýada, Bosniýa we Gersegowinada, Horwatiýada, Kosowada we Çernogoriýada başdaky “Wia Dinarika gezelenç etmek” taslamasyny we myhmansöýerlik, hyzmat we syýahatçylyk pudagynda ýerli jemgyýetleri we kiçi kärhanalary ösdürmek üçin platformany goldady. Bu başlangyç degişli syýasaty işläp düzýän, maýa goýumlaryny üpjün etmek we döwletara hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek üçin döwlet maliýe serişdelerini bölüp berýän hökümet ministrlikleriniň güýçli goldawyna eýe boldy. BMGÖM-ň, ABŞ-ň Halkara Ösüş Agentliginiň we Italiýanyň Ösüş hyzmatdaşlygy agentliginiň goldanýan indiki tapgyry, bu ýodanyň ykdysady mümkinçiliklerini hasam ösdürmäge gönükdiriler.

Slobodan, Amar we Amela täze enjam satyn almak we häzirki işini giňeltmek üçin grant aldylar, Slawoýka bolsa öz B & B-ni döretmek üçin bir grant aldy.

* Kosowa üçin salgylanmalara Howpsuzlyk Geňeşiniň 1244 (1999) Jarnamasy kontekstinde düşünilmeli.

Ähli suratlar: Adnan Bubalo / BMGÖM Bosniýa we Gersegowina, başgaça bellenilmedik bolsa.