Aknur Hojagurbanowa
Aknur Saparowna Hojagurbanowa, Türkmenistanyň medeniýetine we bilim ulgamyna uly goşant goşan zenan, BMGÖM-niň “Aýal-gyzlar we ösüş” atly surat taslamasynyň we BMG-niň #ZenanlarHakda” kampaniýasynyň çäginde indiki hekaýamyzyň gahrymany.
Aknur Saparowna, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň sazymçysy, hormatly mugallymy, hormeýstery, "Güneş" hor toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň abraýly sungat işgäri we "Türkmeniň Altyn Asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi.
Aknur Saparowna 64 ýyl bäri çagalara saz çalmagy öwredýär. Ilki ol ussat hor topary bilen işleýärdi, soňra bolsa, çagalaryň hor topary bilen işläp başlady. Aknur Saparowna çagalara aýdym-saz kompozisiýalaryna düşünmäge we dogry ýerine ýetirmäge, awtorlaryň pikirleriniň çuňlugyny duýmaga, beýik sungat işgärleriniň tejribesini öwrenmäge, kompozisiýanyň her bir notasyny duýmaga, hem-de öz duýgularyny we aladalaryny erkinlige goÿbermäge ýardam edýär. Çünki, diňe şeýlelik bilen her bir täze kompozisiýa okuwçyny ruhy taýdan baýlaşdyrýar.