BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegine ýardam berýär
March 30, 2023
Mary, 28 mart 2023: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň howa şertlerinde, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek. Jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynda energiýa serişdeleriniň ulanyşyna seljerme geçirmegiň usuliýeti” atly gibrid görnüşinde okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna, Energetika minstrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI Mary şäheri) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, hünärmenleri şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady, maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň howa şertlerinde elektrik energetikasy pudagynyň gaýtadan dikeldilýän energetika sektoryny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryny taýýarlamakda we iň öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamakda halkara tejribäni öwrenmek, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynda energiýa serişdeleriniň ulanyşyna seljerme geçirmegiň usuliýeti öwrenmek we bu ugurda tejribäni artdyrmak hem-de elektrik energetiýasy pudagyna energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat bermekden ybarat boldy.
Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylan “Gaýtadan dilekdilýän energiýanyň çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanuny (13.03.2021ý sene-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi) we Mejlisiň garamagyna hödürlenen, “Energiýa netijelilik we energiýany tygşytly ulanmak” hakynda Türkmenistanyň täze kanunynyň taslamasy barada habar berildi. Şeýle-hem BMGÖM-niň ýardam bermeginde taýýarlanylan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde wajyp resminana hasaplanylýan, 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan, ”Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli döwürde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” hakynda jikme-jik gürrüň berildi.
Çykyşlaryň dowamynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň taslamasynyň hünärmenleriniň bilelikde köçe yşyklandyryş ulgamlaryna häzirkizaman swetodiod LED çyralaryny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylan nusgalyk taslamalar hem-de güneş panelli swediod LED çyralary Türkmenistanyň howa şertlerinde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ýerine ýetirilen işler barada maglumatlar berildi.
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek we energiýa netijelilik boýunça innowasiýon tehnologiýalary elektrik energetikasy pudagyna ornaşdyrmak boýunça BMGÖM-niň taslamasynyň amala aşyrýan we meýilleşdirilýän amaly ädimleri daşky gurşawa zyňylýan parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny azaltmaga ýardam berýär.
BMGÖM-niň halkara maslahatçysy hanym Elena Juçenko okuw maslahatynyň netijesi boýunça şeýle habar berdi: “Energiýatygşytlylyk we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, Pariş ylylaşygynyň maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. Okuw maslahatynda seredilen meseleler howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň alyp barýan ýörelgelerini goldamak bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edlilen Durnuly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge hem ýardam berýär. Okuw maslahatyna ýaş gyzlaryň we zenanlaryň işjeň gatnaşmaklary Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 5-nji “Gender deňligini üpjin etmek we ähli zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” görkezijisine ýetmekde örän möhüm bolup durýar. Ýaş gyzlar we zenanlar täze hünärleriň görnüşleri bilen tanyşdylar hem-de energiýa barlagy we gaýtadan dikeldiýän energetika ugurlarynda hünärlerini artdyrmak, bu ugurlarda zähmet çekmek boýunça döredilýän mümükinçilikler barada maglumatlary öwrendiler. Bu bolsa ýaş gyzlaryň we zenanlaryň özine ynamyny artdyrdy hem-de olary energiýa barlagy we gaýtadan dikeldiýän energetika ugurlarynda hünärlerini ýokarlandyrmaga we zähmet çekmäge höweslendirdi”.
BMGÖM-niň uly tehniki geňeşçisi, Halkara maslahatçysy jenap Alekseý Zaharow okuw maslahatynyň netijesi boýunça şeýle habar berdi: “Okuw maslatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, öňdebaryjy halkara tejribesinden başlap, iň gowy halkara tehnologiýalaryny we tejribelerini Türkmenistanyň howa şertlerinde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bagly boldy. Bu okuw maslahatyna zenanlaryň işjeň gatnaşmagy juda möhümdir. Ýagny, dünýä-de gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda zähmet çekýän ynsanlaryň 32 göterimi zenanlardyr. Ýokary tehnologiýada işleýän önümçiliklerde, zähmet çekýän zenanlaryň sanynyň artmagy möhümdir, sebäbi bu görkeziji zenanlaryň ykdysady taýdan howpsyzlygyny üpjün etmäge hem-de zenanlaryň ýokary wezipelere bellenilmegine ýardam berýär”.