BMGÖM-sy öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Bütindünýä daşky gurşawy goramak günini belleýär
June 6, 2024
Aşgabat, 5 iýun 2024ý. - Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Global Ekologiýa Gaznasynyň (GEG) bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde Bütindünýä daşky gurşawy goramak-2024 güni bellenildi. Hünärmenleriň bilimini artdyrmak, strategik meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak, şäherleri durnukly ösdürmek, energiýadan netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda birnäçe tanyşdyryş çäreleri geçirildi.
Taslamanyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 4-den 12-si aralygy döwürde geçirilen çärelerde tanyşdyryş maglumatlary bilen çykyş etdiler. Şol sanda: Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen, Türkmenistanyň döwlet binagärlik we gurluşyk instituty tarapyndan gurnalan “Binagärlik – gurluşykda döredilen sungatdyr” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna, hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen, okuw sapaklaryna gatnaşdylar we tanyşdyryş maglumatlary bilen çykyş etdiler. Taslamanyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 12-sine Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan geçiriljek çärelere hem işjeň gatnaşarlar. Bu çäräniň esasy maksady, BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 28-nji konferensiýasynyň (COP) oňyn netijeleri barada çärä gatnaşýanlary habarly etmekden we şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taraplaryň 29-nji konferensiýasyna (COP29) ýolbaşçylyk etmegi Azarbaýjan döwletine geçirmekden, hem-de taraplaryň 29-nji konferensiýasynda (COP29) kabul ediljek çäzgütlere ýaşlaryň goşant goşmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat bolup durýar.
Tanyşdyryş çäreleri dürli ugurlarda, şäherleriň durnukly ösdürilmeginde durnukly we ygtybarly energiýa ulgamlarynyň orny, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek, durnukly ösüş we akylly şäherler, durnukly ulag ulgamlary, galyndylary dolandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň orny, Türkmenistanyň durnukly we ygtybarly geljegini üpjün etmek babatda alnyp baryldy.
“Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni, biziň planetamyzy goramagyň we ekologiýa tarapdan durnukly şäherleri gurmagyň wajypdygyny ýatladýar ” – diýip BMGÖM\GEG “Türkmenistanda” durnukly şäherler” atly taslamasynyň ýolbaşçysy Batyr Ballyýew habar berdi. “Biz Türkmenistanyň Hökümeti we beýleki hyzmatdaşlarymyz bilen, Aşgabadyň we Awazanyň ýaşyl, ekologiýa taýdan arassa, durnuly şäherler bolmagy barada hyzmatdaşlyk edýäris.”
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Global Ekologiýa Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama, durnukly şäherleriň ösmegine ýardam bermäge we ýurdumyzda şäherleriň ösmeginiň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirlendir.
BMGÖM-niň taslamasynyň Türkmenistanda meýilleşdirýän we amala aşyrýan çäreleri, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny ösdürmäge we elektrik energetikasy pudagyna energiýanyň netijeli ulanylmagyna ýardam berýän innoýasion tehnologiýalary oranşdyrmaga gönükdirilendir. Bu çäreler daşky gurşawa zyňylýan parnik emelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmaga we Howanyň üýtgemegi barada Parij ylalaşygyndan gelip çykýan, ýurdumyzyň borünamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär.