BMGÖM Türkmenistanda
DURNUKLYLYK, KLIMAT WE ENERGIÝA
Maksatnamanyň gysgaça syny
BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda köptaraplaýyn daşky gurşawy goramak bilen bagly ylalaşyklar (KDY) boýunça ýurduň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini goldaýar we daşky gurşaw meselelerini milli we pudak meýilnamalaryna we strategiýalaryna; howpsuz serişdeleri ornaşdyrmaga; inklýuziw durnukly ösüşi goldaýan we klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine milli durnuklylygy we uýgunlaşma ukybyny ýokarlandyrýan maksatnamalary amala aşyrmaga ýardam berýär.
Hyzmatdaşlarymyzyň goldawy bilen klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak, olara uýgunlaşmak we milli daşky gurşaw maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek üçin zerur serişdeler bilen ýurdy üpjün edýäris.
BMGÖM, şeýle hem betbagtçylyk töwekgelçiligini, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanmak, şäheriň durnukly ösüşini we hojalyk galyndylaryny dolandyrmak, şeýle hem biodürlüligi gorap saklamak, ýerleriň durnukly ulanylmagyny we suw serişdeleriniň dolandyryşyny ösdürip biljek tejribe we bilim bermek arkaly, milli syýasaty we hukuk binýatyny berkitmekde Hökümete goldaw berýär.
Biz ýurtda iň uly daşky gurşaw maksatnamalarynyň biri hökmünde çykyş edýäris we Ýaşyl Klimat Gaznasy (GCF) we Global Ekologiýa Gaznasy (GEF) ýaly iri halkara gaznalarynyň esasy hyzmatdaşy bolup galýarys. 2030-njy ýyla çenli döwir üçin “Gün tertibine” laýyklykda, klimatyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri, kynçylyklary we zerurlyklary çözmek maksady bilen, durnukly çözgütleri tapmak üçin ýerli jemgyýetler bilen degişli işleri alyp barýarys.
Klimatyň üýtgemegi babatynda ýurduň esasy strategiki resminamasy - 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Milli strategiýasy, BMGÖM-iň hemmetaraplaýyn gatnaşmagynda işlenip düzüldi we Türkmenistanda klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly işleri güýçlendirmek üçin düýpli itergi berdi.
2016-njy ýylda ýurt tarapyndan BMGÖM-iň goldawy bilen tassyklanan, Klimat boýunça Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryň çäginde Howanyň üýtgemegi hakynda Türkmenistanyň Milli strategiýasyna täzeden seredildi we 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň Karary bilen rejelenen görnüşinde tassyklanyldy.
Klimat boýunça Pariž ylalaşygyndan gelip çykýän borçnamalara laýyklykda şu ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Hökümeti Klimat boýunça Pariž ylalaşygynyň 4.4-nji maddasynda görkezilen tekliplere laýyklykda klimat islegini ýokarlandyrmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Klimat üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatyna tabşyrmak üçin täzelenen Milli dereje-de kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklady. Bu strategiki resminama, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanyldy, biz NDC çärelerini durmuşa geçirmekde hem mümkin bolan ähli kömegi bereris.
Giňişleýin maglumat
KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINE UÝGUNLAŞMAK
Türkmenistan, öz geografiki ýerleşişi, az ýagyş we suw ýetmezçiligi sebäpli klimatyň üýtgemegine sezewardyr. Klimatyň üýtgemegi tutuş ykdysadyýete täsir edýän hem bolsa, ýurduň oba hojalygy we suw pudaklary iň agyr ýitgi çekýär.
Oba ilatynyň 60%-den gowragy ekerançylyk arkaly gazanç edinýär. Şol bir wagtyň özünde, zenanlar oba ýerlerinde klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerinden has gowşak bolýarlar. Türkmenistandaky BMGÖM, oba ýerlerinde aýal-gyzlaryň mümkinçilikleriniň we hukuklarynyň giňeldilmegi üçin gender okuw mümkinçiliklerini we maslahat goldawyny berýär. BMGÖM-iň bu ugurdaky goldawy, mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga, täze uýgunlaşma usullaryny girizmäge we zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky ekologiýa taýdan durnukly başlangyçlary başlatmak üçin mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilendir, bu hem alternatiw girdeji çeşmeleriniň döremegine goşant goşýar. Şeýle hem, oba etraplary üçin ýerli uýgunlaşma meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikler döredýäris.
Uzakdaky çöl öri meýdanlarynda suw ýetmezçiligi sebäpli mallaryň köpüsi obalarda we ilatly ýerlerde we olaryň daşynda otlaýarlar, öri meýdanlarynyň ot-iýmleriniň azalmagyna, deňsiz ulanylmagyna we zaýalanmagyna, soňra çöliň ekoulgamlaryna zyýanlaryň ýetirilmegine getirýär.
BMGÖM tarapyndan Garagum çölüniň merkezinde oturdylan gün energiýasy bilen işleýän suw nasos stansiýalary ýerli ilata uzak öri meýdanlaryny ulanmaga we durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu synag başlangyjy durmuşa geçirmek arkaly, gün energiýasynyň arassa we durnukly gelejek üçin täzelenip bilýän energiýany öňe sürmek üçin nähili ulanyp boljakdygyny görkezdik.
BMGÖM, Milli uýgunlaşma prosesini (NAP) işläp taýýarlap arkaly ýurduň durnuklylyk we uýgunlaşma kuwwatyny ýokarlandyrmakda Türkmenistana goldawy güýçlendirmek üçin Ýaşyl klimat gaznasy (GCF) bilen hyzmatdaşlyk edýär.
NAP ýurda Klimatyň üýtgemegi hakynda Pariž ylalaşygynyň netijeli durmuşa geçirmek üçin institusional binýady berkitmäge, milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş kuwwatyny ýokarlandyrmaga we ýurduň suw pudagynda uýgunlaşmany meýilnamalaşdyrmak üçin berk subutnama binýadyny döretmäge mümkinçilik berer.
Ýurda degişli meýilnamalaşdyryş mehanizmlerini Türkmenistanda milli meýilnamalaşdyryş we klimatyň üýtgemegini azaltmak proseslerine ornaşdyrmaga kömek etmek maksady bilen, GEF bilen Türkmenistanyň saýlanan synag sebitleriniň Aral deňiziniň krizisiniň ekologiýa we durmuş-ykdysady täsirlerine çydamlylygyny ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk edýäris.
Ýerleriň zaýalanmagynyň ýok edilmegine ýardam berýäris we biodürlüligiň möhüm ýaşaýyş görnüşleriniň bolýan ýerlerini göz öňünde tutup, ýer we suw serişdeleriniň ulanylyşyny kämilleşdirýaris.
Ýerli ilatyň çydamlylygyny ýokarlandyrmaga we milli klimat gün tertibine laýyklykda Aral krizisiniň täsir edýän ýerinde dünýä ähmiýetli ekosistemalary gorap saklamaga çalyşýarys.
Suwuň we energiýanyň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak
Suw, Türkmenistanyň yssy we gurak şertlerinde durmuş-ykdysady abadançylyk we daşky gurşaw üçin has möhüm serişde bolup durýar. Oba hojalygy ýurduň iň uly suw ulanyjysydyr (88%), çölleşmek, ýerleriň zaýalanmagy, gurakçylyk we suw ýetmezçiligi bilen baglanyşykly klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklar ýerli daýhanlaryň ekinleriniň guramagynyň öňüni almak üçin suwaryşa has köp bil baglamagyna getirýär. Şeýle-de bolsa, könelen suwaryş infrastrukturasy we suwyň netijesiz dolandyrlyşy sebäpli alnyş nokadyndan gowşuryş nokadyna barýan ýolda suwuň takmynan 50%-i ýitýär.
Netijede, suwarymly oba hojalygynda suw dolandyryşy we energiýa netijeliligi diňe bir oba hojalygyna we daşky gurşawa däl, eýsem oba ilatynyň ýaşaýyş derejesine-de täsir edýän aýgytly görkeziji bolup durýar.
BMGÖM-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy, ýurduň ilatynyň durmuş şertlerini we ykdysady ösüşini goldamak we gowulandyrmak üçin ekin önümçiliginde we ekologiýa taýdan durnukly suw üpjünçiliginde suw tygşytlaýjy suwaryş innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň edýän tagallalaryny goldaýar.
BMGÖM, energiýa we suw tygşytlaýan we ýerleriň zaýalanmagynyň düýp sebäplerini azaldýan, suw pudagynda parnik gazlarynyň çykarylyşyny azaldýan we ýerli ilatyň durmuşyny gowulandyrýan suw serişdelerini dolandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürýär.
Bu goldawyň çäginde, BMGÖM ekin önümçiliginde suwaryş usullary we ýurduň suw pudagynda köne tehniki suwaryş kadalaryna we kadalaraşdyryjy resminalara täzeden garamak we ylmy taýdan ösdürmek üçin ylmy bilim platformalary hökmünde ulanylan dürli synaglary geçirmek üçin gözleg we görkeziş meýdançasy bolup hyzmat edýän - Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 145 gektar synag meýdançasynda ýerleşýän "Ýaşyl meýdança" atly, häzirki zaman, suw we energiýa tygşytly suwaryş infrastrukturasyna maýa goýdy.
BMGÖM, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine we elektrik energetikasy pudagyna energiýatygşytlaýjy häzirkizaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berer, bu bolsa parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we Klimat boýunça Pariž ylalaşygynyň çaginde, ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça tagallalaryna ýardam berer.
Ýaşyl gelejek üçin durnukly we HOWPSUZ şäherler
Dünýädäki şäherleriň ilaty köpelýär we 2050-nji ýyla çenli 6,5 milliarda ýeter diýlip garaşylýar. Çalt şäherleşme adamyň we ähli janly jandarlaryňýaşaýyş ýaramaz täsir edýär, serişde gorlaryny ýok edýär, adamyň saglygyna täsir edýär we bizi klimat betbagtçylygyna ýakynlaşdyrýar.
Ýokarda görkezilen ýagdaý Türkmenistanda hem bar, onda 2014-nji ýylda şäher ilatynyň sany, oba ilatynyň sanyndan artdy we bu ýagdaý çalt depginde ösýär. Şäherleşmegiň çalt depginde ösmegi, öňden ulanylýan energiýa, suw we ulag ulgamlaryna agram salýar, şeýle hem galyndylary dolandyrmak we daşky gurşawyň hapalanmagy bilen bagly meselelere uly üns berilmegini talap edýär
Şol bir wagtyň özünde, şäherleşme babatynda alnyp barylýan dogry syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini ep-esli gowylandyryp, ykdysady abadançylygy ýokarlandyryp, klimatyň üýtgemeginiň täsirlerini azaldyp we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlaşdyryp biler.
BMGÖM, şäherleriň ösüşiniň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça edilýän tagallalary goldaýar we howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, energiýany netijeli ulanmak tejribesini durmuşa geçirmek we energiýany tygşytlamak ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ýaly meselelere aýratyn üns berip, uglerod zyňyndylaryny azaltmaga we klimatyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çözgütleri durmuşa geçirmek arkaly durnukly şäher dolandyryşyny we durnukly ösüş strategiýalaryny öňe sürýär. Daşky gurşawy gözegçilikde saklamak, galyndylary dolandyrmak, durnukly şäher ulaglary boýunça milli tagallalary işjeň goldaýarys we has inklýuziw, adalatly he durnukly şäherleri döretmek tagallalarynyň çäginde ýurduň myhmanhana pudagynda ýaşyl standartlary ornaşdyrmaga ýardam berýäris.
Plastika maddalar, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda saklanmak bilen, dürli ekoulgamlara howp salýan we adam saglygyna zyýan ýetirýän zäherli himiki maddalary daşky gurşawa ýaýradýar. BMGÖM bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan bilelikde geçirilen, galyndylary ýygnamak we gaýtadan işlemek çäreleri paýtagtyň ýaşaýjylaryny, talyplary, mekdep okuwçylaryny, jemgyýetçilik guramalarynyň we hususy pudagyň wekillerini özüne çekdi we BMGÖM-iň plastiki hapalanmagy bes etmäge we planetany halas etmegä ygrarlydygyny görkezdi.
BMGÖM, şeýle hem ulaglaryň howanyň hiline ýaramaz täsirini azaltmak üçin alternatiw ýaşyl ulaglaryň ulanylmagyny öňe sürýär we ilatyň arasynda ekologiýa taýdan durnukly endikleri höweslendirýär.
BMGÖM, halkara ýaşyl gurluşyk standarlary girizmek we Klimat barada Pariž ylalaşygy boýunça ýurduň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynda "ýaşyl" standartlary girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak arkaly degişli milli edaralaryň mümkinçiliklerini artdyrýar.
BMGÖM-iň betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak (DRR) boýunça işi Durnukly ösüş maksatlary we DRR boýunça Sendai çarçuwaly maksatnamasyna laýyklykda töwekgelçiliklleri hasaba almak bilen, durnukly ösüşe gönükdirilendir. Bütin dünýäde BMGÖM hyzmatdaşlar bilen milli syýasaty we institusional esaslary berkitmek, DRR we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak tagallalary bilen sazlaşygyny üpjün etmek we dikeldişe taýýarlygy güýçlendirmek üçin işleýär.
Türkmenistanda ýurduň seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolup biljek ýer titremeleriniň we olar bilen baglanyşykly ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara täsir etmek mümkinçiligini güýçlendirýäris.
Klimatyň üýtgemegi boýunça bilim
Bilim klimatyň üýtgemegi bilen bagly meselesiniň çözülmegi üçin wajyp ähmiýetine eýedir. Daşky gurşawa edilýän täsiri azaltmak we bar bolan serişdeleriň durnukly ulanylmagyny üpjün etmek, galyndylary we daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak üçin daşky gurşawa yhlasly gatnaşyk başarnyklaryny ýaşlykdan terbiýelemeli. Hyzmatdaşlaryň goldawy bilen BMGÖM hünärmenler, mugallymlar we mekdep okuwçylary tarapyndan ýokary baha berilen mekdep okuwçylary üçin klimatyň üýtgemegi boýunça “Klimat gutusy” atly” interaktiw bilim gollanmasyny taýýarlady. Bilim materiallarynyň toplumy pes girdejili maşgalalaryň çagalary we dünýäniň dürli ýurtlarynyň mugallymlary üçin peýdaly boldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde başlangyç synp meýilnamasyna ýurduň kontekstine laýyk gelýän “Klimat gutusy” görnüşini taýýarlady we ornaşdyrdy. Ýurduň ýüzlerçe mugallymlary alan bilimlerini, interaktiw okatmagyň usullaryny ulanyp we çagalary ekologiýa taýdan arassa durmuşy alyp barmaga höweslendirip, ekologiýa, geografiýa, taryh we biologiýa sapaklarynda ulanyp bildi.
“Klimat gutusy” innowasiýa gurallar toplumyndan bilim ministrlikleriniň, mekdepleriň gatnaşmagynda, seýle-de resmi däl bilim çärelerinde işjeň ulanylýan ulgamlaýyn klimat bilim maksatnamasyna öwrüldi. Bularyň hemmesi, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerinde, şol sanda Türkmenistanda klimat biliminiň okuw meýilnamalarynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegini goldamak we “DÖM-leri we klimat ugrundaky hereketi öňe sürmek üçin klimat bilimi” taslamasyny durmuşa geçirmek hem-de “Klimat gutusy” okuw meýilnamasyny täze innowasion sanly gurallaryň kömegi bilen öňe sürmek, şeýle hem tejribe alyşmak we sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kararyna getirdi.
BMGÖM gatnaşyjylary klimatyň krizisine garşy çäreleri görmek üçin bilim berýär we çagyrýar. Adamlara hapalanmagyň adamyň saglygyna we ekoulgamlaryna ýetirýän täsirine düşündirmek we has oýlanyşykly sarp etmegi höweslendirmek üçin daşky gurşaw möwsümleri arkaly klimat krizisi barada habarlylygyny ýokarlandyrýarys.
Klimatyň üýtgemegine garşy göreşde esasy hyzmatdaş hökmünde ýaş nesliň ornuny belläp geçýäris, ýaşlaryň arasynda daşky gurşaw barada habarlylygy ýokarlandyrýarys we ýaş nesliň howanyň üýtgemegine garşy göreş işlerine işjeň gatnaşmagyna ylham berýäris.