Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy maýy: Türkmenistanyň Hökümeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG-niň HÜÇK) Diwanyna hödürlemek üçin taýýarlanylan, Milli dereje-de kesgitlenilýän goşant (MDKG) atly resminamany tassyklady. Bu resminama howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hereketlerini işjeňleşdirmek maksady bilen, Parij ylalaşygynyň 4.4 bendinde beýan edilen gollanma laýyklykda taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň MDKG atly resminamasy, Parij ylalaşygyna laýyklykda, ýurdumyzyň daşky gurşawa zyňylýan parnikemelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak boýynça maksatlaryny beýan edýär we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan global işleri goldamak işlerini aýdyňlaşdyrýar.
MDKG howanyň üýtgemegi ulgamyndaky Milli strategiki resminama bolup, ol Türkmenistanyň Hökümetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMG-niň ÖM) bilen, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde taýýarlanyldy. Resminamada howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak we ýer şarynyň ortaça ýylylyk derejesiniň ýokarlanmasynyň 2ОС-dan pes derejede saklanylmagyny üpjün etmek hem-de Parij ylalaşygynyň çäklerinde görkezilişi ýaly, ýer şarynyň ortaça ýylylyk derejesiniň ýokarlanmasyny 1,5ОС çenli çäklendirmek üçin hereketleriň meýilnamasyny beýan edýär.
Bu MDKG atly resminamada göz öňünde tutulan, zyňyndylarynyň mukdaryny azaltmak boýunça çäreler, 2030-njy ýyla çenli parnikemelegetiriji gazlaryň zyňyndylarynyň mukdaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň aýdyň maksatlaryny görkezýär. Bu maksatlar ýokary dereje-de bolmagynda galýar we Türkmenistan bu maksatlary energetika, ulag, oba-hojalyk, senagat ulgamlarynda zyňyndylary azaltmak we galyndylary gaýtadan ulanmak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çärelerini ulanmak işleriniň kömegi bilen amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy Milli dereje-de kesgitlenilýän goşant (MDKG) atly resminamanyň täze görnüşini taýýarlamak boýunça işleri doly goldady we bu resminamada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin, ýurduň Milli aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň üýtgemegine durnukly we uglerod serişdelerini az mukdarda sarp edýän, çäreleriň toplumynyň geçirilmegine ýardam berer.
“Türkmenistanyň, Milli dereje-de kesgitlenilýän goşant (MDKG) atly resminamany kabul etmegi, parnikemelegetiriji gazlaryň daşky gurşawa zyňylýan mukdaryny azaltmak boýunça Parij ylalaşygynyň çäklerinde kesgitlenen, maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan uly alada edilýändigine şaýatlyk edýär” – diýip Narine Saakýan, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekili belledi. “Milli dereje-de kesgitlenilýän goşant (MDKG) atly resminamada göz öňünde tutulan howanyň üýtgemegi bilen bagly, çäreleri amala aşyrmaga, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, mundan beýläk hem, halkara bilermenleriň maslahatlaryny hem-de tehniki ýardam bermäge taýýardyr”.
***
MDKG “Milli dereje-de kesgitlenilýän goşant” diýip aýdyňlaşdyrylýar. Bu resminama her ýurt tarapyndan taýýarlanylýar. Resminamada, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça maksatlar görkezilýär. Resminamada daşky gurşawa zyňylýan parnikemelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça meýilnama görkezilmelidir.
Bu maksatlar Parij ylalaşygynda kesgitlenendir. Parij ylalaşygy-howanyň üýtgemegi babatda, ilkinji ýuridiki borçlandyryjy halkara şertnamadyr. Bu şertnama tarapdarlaryň 196-si tarapyndan 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gol çekildi we 2016-njy ýylyň 4-njy noýabrynda güýje girdi.
Global maksatlara ýetmek üçin goşant goşmak maksady bilen, her bäş ýyldan ýurtlar tarapyndan, täze we işjeň maksatlar taýýarlanylýar.
Türkmenistan ilkinji gezek, Milli dereje-de kesgitlenilýän goşant (MDKG) atly resminamany, 2016-njy ýylyň oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG-niň HÜÇK) Diwanyna hödürledi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasyny (BMG-niň HÜÇK) 1995-nji ýylda we Parij ylalaşygyny 2016-njy ýylda kabul etdi hem-de Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara hereketlerine işjeň gatnaşýar.