2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin saglygy goraýyş ugruna goşmaça maýa goýumlarynyň çekilmegi zerur bolup durýar. BMGÖM adam hukuklarynyň berjaý edilşine esaslanýan we gender garaýyşlary hasaba alýan köp ugurly çemeleşmeleri arkaly, Türkmenistanda ähli ýaşdaky adamlar üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üpjün etmegine we abadançylygynyň ýokarlandyrmaga öz goşandyny goşýar.
BMGÖM Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş ugrunda işleýän gaýry hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýurduň çäginde saglygy goraýşyň ähliumumy gurşawyny (SGÄG) üpjün etmek we milli saglyk ulgamynyň pandemiýa we ýiti kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli saglygy goraýyş hyzmatlaryna gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär. Saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzyň umumy möçberi takmynan 150 million ABŞ-nyň dollaryna barabar bolmak bilen, ol Türkmenistanyň Hökümeti, Global gaznasy we Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilip, Türkmenistan döwleti bilen jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda netijeli hyzmatdaşlygynyň amala aşrylýandygyny aýdyň görkezýär.
BMGÖM, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we tutuş ýurt boýunça ýokanç we ýokanç däl keselleriň (ÝDK) öňüni almak we gözegçilikde saklamak üçin zerur bolan ýokary hilli derman serişdeleri bilen saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmeklik ugrundaky tagallalarynda goldaw berýär. Biz ilatyň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaklyk babatynda Türkmenistanda mugt, ýokary hilli we amatly derman serişdeleriniň elýeterliligi üpjün edilmegine goşandymyzy goşýarys.
Kliniki-barlaghana gulluklaryny pugtalandyrmak arkaly BMGÖM milli saglygy goraýyş ulgamynyň keselleriň kliniki barlaghana anyklaýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakbilen birlikde has ýaýbaň keselleri iň takyk we wagtynda kesgitlemek üçin zerur bolan döwrebap barlaghana hyzmatlarynyň bar bolmagyny, elýeterliligini, ygtybarlylygyny üpjün edýär.
BMGÖM hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Hökümetine COVID-19 tarapyndan abanýan howpuň öňüni almakda, ýüze çykarmakda we oňa garşy göreşmekde, şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamlarynyň global pandemiýalara garşy taýýarlygyny has-da güýçlendirmekde möhüm rol oýnady.
BMGÖM bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijesinde inçekesel boýunça epidemiologiki ýagdaý ep-esli gowulaşdy. Şu güne çenli BMGÖM Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde 33 million ABŞ-nyň dollaryndan gowrak möçberde grantlara esaslanýan taslamalary durmuşa geçirdi. Inçekeseli anyklamak we ony bejermek işine halkara ülňülerini girizmekden başga-da, Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň döwlet tarapyndan doly maliýeleşdirilmegine kem-kemden geçmeklik meselesinde ep-esli tagallalar edildi.
BMGÖM Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamlarynyň kuwwatyny mundan beýläk hem berkitmeklik we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaklyk meselelerinde Türkmenistan döwletini goldamagyny dowam etdirer.
Giňişleýin maglumat
ÝOKANÇ KESELLER BILEN GÖREŞMEKDE ÖZ WAGTYNDA ANYKLAÝYŞ WE BEJERGI
BMGÖM Türkmenistanda inçekesele (TB) we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşe aýratyn üns berip, pandemiýanyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde milli mümkinçilikleri ýokarlandyrýan, hilli has ýokary we inklýuziw hyzmatlary hödürlemek üçin saglygy goraýyş we durmuş taýdan gorag ulgamynyň netijeliligini güýçlendirýär.
Ýokanjyň öňüni almak we elýeterli, öz wagtynda we takyk inçekeseli anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlenmegi 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda gün tertibinde bellenilşi ýaly inçekesel epidemiýasynyň soňuna ýetmeklik üçin möhüm wezipeler bolup durýar. Türkmenistanyň Hökümeti inçekesel we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşe ygrarlydygyny görkezmek bilen şu günki günde Türkmenistanda inklýuziw saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligi üpjün etmek babatynda BMGÖM bilen uzak möhletleýin we dinamik hyzmatdaşlygyň täsirli netijesi bolan degişli maksatnamalaryň birnäçesini maliýeleşdirýär.
INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ
AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznasynyň maliýe we tehniki goldawy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi esasynda 2010-njy ýyldan bäri inçekesele garşy göreşde ep-esli öňegidişlik gazanyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek Global gaznasynyň goldawynyň esasynda hassalaryň bejergä ygrarlylygy boýunça maksatnama girizildi.
Soňky 12 ýylda inçekeseli anyklamaklyk we ony bejermeklik işine halkara ülňüleri girizmekden başga-da, inçekesele garşy maksatnamalaryň kem-kemden döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegine geçilmegii babatynda derwaýysişler edildi. BMGÖM, 2024-nji ýyla çenli grant esasynda maliýeleşdirilýän ähli çäreleriniň döwlet tarapyndan doly maliýeleşdirilmegine rahat geçişini üpjün etmek meselesinde Global Gaznasy bilen işleşýär. Oňa çenli grant serişdeleriniň hasabyna derman serişdelerine durnukly inçekesel babatynda has ýokary bahaly we tehniki taýdan çylşyrymly gatyşyklary talap edýän bejergileriň we anyklaýşyň goldanmagy dowam etdiriler.
BMGÖM 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnamasynda beýan edilen inçekesele garşy göreşmek milli maksatlaryna ýetmek maksady bilen iň täsirli hyzmatlary hödürlemek üçin BSGG-nyň ýerli edarasy, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, şeýle hem “Inçekeseli bes etmek” («Stop TB») hyzmatdaşlygy ýaly global inçekesel başlangyçlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz, inçekeseliň ähli görnüşlerini öz wagtynda we ýokary hilli anyklamaga we bejermekde ähliumumy elýeterliligi üpjün etmek arkaly Türkmenistanda inçekeseliň täsiriniň agramynyň azaldylmagyna gönükdirilendir. Biz saglygy goraýyş hyzmatlaryny hödürlemekde hünärmenleriň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, barlaghana we synag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, inçekesele garşy derman serişdeleri bilen üpjünçilige we stigma we diskriminasiýa garşy göreşmek üçin inçekesel barada jemgyýetçiligiň habarlygyny ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berip, inçekesele garşy göreşmek üçin ýurtda adamlaryň zerurlyklaryna gönükdirilen strategiki çözgütleri ulanýarys.
BMGÖM Global gaznasynyň maýa goýumlarynyň goldawy bilen gazanylan öňki üstünlikleriň durnuklylygyny üpjün etmekligi dowam etdirer we Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň (IGMM) 2025-nji ýyla çenli durnuklylygyny we özbaşdaklygyny üpjün etmek üçin 2024-nji ýyla çenli inçekesele garşy ähli möhüm çäreleriň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegine geçilmegi goldar.
COVID-19-a TAÝÝARLYK
COVID-19 we beýleki ýiti respirator ýokanç keselleri (SARI) diňe bir global saglyk krizisini döretmän, eýsem soňky onýyllyklarda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşde gazanan üstünliklerini yza çekip biläýjek weýrançylykly durmuş we ykdysady netijeleriň howpyny abandyrýar.
Bu täze peýda bolan ýokanjyň öňüni almak, ýüze çykarmak we oňa garşy göreşmek, şeýle hem Türkmenistanda milli jemgyýetçilik saglygyny goraýyşa taýýarlyk ulgamlaryny pugtalandyrmak, pandemiýa garşy göreşde möhüm ähmiýete eýe boldy. Biz COVID-19-yň ýurduň içine aralaşmazlygyna gözegçilik etmek we onuň öňüni almak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek üçin gaýragoýulmasyz goldawy bermek bilen birlikde gaýry ýokanç we ýokanç däl keselleriň täsirini azaltmak boýunça tagallalary goldadyk we milli saglygy goraýyş ulgamlarynyň pandemiýalara taýýarlyk görmek we olara garşy göreşmek ukybyny güýçlendirdik. Bu çäreleriň ählisi, COVID-e garşy çäreleri we ýurtda inçekesele garşy göreş maksatnamasyny durmuşa geçirmekligi maksat edinýän 2020-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen we Global gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanyň ýiti respirator ýokanç kesellerine taýýarlygy we oňa jogap çäreleri boýunça meýilnamasyna" (CPRP) laýyklykda durmuşa geçirildi.
BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetiniň, UNICEF we BSGG, şeýle-de Bütindünýä bankynyň (WB) goldawy esasynda "Türkmenistanyň ýiti respirator ýokanç kesellerine taýýarlygy we oňa jogap çäreleri boýunça meýilnamasynyň" maksatlaryna laýyklykda global COVID-19 pandemiýasyna jogaby üpjün etmekde möhüm goşandyny goşdy. Bütindünýä bankyndan 20 million ABŞ-nyň dollary möçberindäki karz serişdeleri we Global gaznasynyň 3 million ABŞ-nyň dollaryna barabar granty bilen BMGÖM we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi SARI we COVID-19-y ir ýüze çykarmak, onuň öňüni almak we bejermek ugrunda milli saglygy goraýyş pudagynyň kuwwatyny güýçlendirmek ugrunda bilelikde tagalla etdik.
Ýurduň global COVID-19 pandemiýasyna garşy durmagyna we beýleki global kynçylyklara taýýarlanmagyna ýardam bermeklik ugrunda milli synag we bejeriş ukybyny güýçlendirmek, saglygy goraýyş işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak, kliniki barlaghana reagentlerini satyn almak we milli barlaghana gullugynyň kuwwatyny güýçlendirmek, daşky gurşaw we durmuş taýdan abanýan howplary göz öňünde tutup, ýokary hilli dermanlary, dürli saglygy goraýyş we zyýansyzlandyryş enjamlaryny ýetirmeklik meselesinde hyzmatdaşlar bilen bilelikde güýjümizi jemledik. Biz ýurduň milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak we häzirki şeýle hem geljekki pandemiýalara garşy taýýarlygyny güýçlendirmek babatynda ýokanç kesellere gözegçiligi, öňüni alyş we epidemiologiki gözegçiligi amala aşyrmaklyk üçin sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegini goldamaklygy dowam etdik.
BMGÖM we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi COVID-19 barada jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak, durmuşa geçirilýän çärelere göniden-göni gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny ýola goýmak, olary COVID-19/SARI öňüni alyş çäreleri barada yzygiderli habarly edip durmak, ýüze çykyp biläýjek arz-şikaýatlara ýeterlik derejede garamaklygy guramak we pandemiýa garşy göreşmek çäreleriň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen üç möhüm resminamalary işläp düzdi we işe girizdi, ýagny: Daşky gurşaw goramak we durmuş meselelerini dolandyrmak boýunça çarçuwaly resminama (DGG we DMDÇM), Gyzyklanýan taraplar bilen aragatnagygy ýola goýmagyň meýilnamasy (GTAÝGM), Ýokanja garşy gözegçilik we lukmançylyk galyndylaryny dolandyrmak meýilnamasy (ÝGG we LGDM). Degişli resminamalar, taslamalar durmuşa geçirilen mahalynda, şol sanda hem pandemiýa döwründe daşky gurşawy goramak we durmuş taýdan peýda bolup bilaýjek meseler bilen baglanşykly töwekgelçilikleri oňünden ýüze çykarmak, olara baha bermek we dolandyrmak işinde esasy gural bolup hyzmat edýär.
Global pandemiýa garşy goraglylygyny we oňa garşy göreşmeklik ukybyny güýçlendirmek maksady bilen BMGÖM BSGG we UNICEF saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejeleri ýokarlandyrdy, şeýle-de saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlarda aragatnaşyk usullaryny döretmek we ilatyň arasynda ýaýradyljak habarlaryň işläp düzülmegi we ýaýradylmagy bilen baglanşykly Ilaty töwekgelçilikler barada habarly etmek we aragatnaşygy ýola goýmak meýilnamasyny (RCI) işläp düzmek we durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlyk etdi.
JEMGYÝETÇILIK SAGLYGY GORAÝYŞYŇ BARLAGHANA GULLUKLARYNYŇ BINÝADYNY PUGTALANDYRMAK
Türkmenistan ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşde netijeli öňegidişligi gazanyp, saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebaplaşdyrmaga, zerur enjamlar we derman serişdeleri bilen üpjün etmäge we bar bolan başlangyç lukmançylyk kömeginiň (BLK) netijeliligini ýokarlandyrmak we ýurtda mümkin bolan iň ýokary saglyk we abadançylyk derejisini üpjün etmek üçin barlaghana hyzmatlaryny güýçlendirmek meselesine ünsi jemledi.
BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetiniň ep-esli maliýe goldawy bilen ilatyň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda milli saglygy goraýyş ulgamynyň keselleri kliniki barlaghana anyklaýyş ulgamynyň kuwwatyny güýçlendirmek babatynda tagallalar edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Türkmenistanda BLK edararynyň - saglyk öýleriniň, etrap derejesindäki hassahanalaryň we intensiw terapiýa bölümleriniň barlaghana kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin işleýäris, umumy ýokanç, ýokanç däl keseller, adatdan daşary ýagdaýlar, şeýle hem hirurgiki çäreler, ene we çaganyň saglygy we ş.m. ýaly iň köp ýaýran keselleri takyk we wagtynda anyklamak üçin elýeterliligi, ygtybarlylygy we döwrebap barlaghana seljermelerini üpjün edýäris.
Biz Türkmenistan döwleti bilen bilelikde, etrap we welaýat derejesinde barlaghanalary enjamlaşdyrmagy dowam etdireris, bu bolsa ýurduň oba ýerlerinden we uzak etraplaryndan gelýän hassalara döwrebap barlagnaha hyzmatlarynyň elýeterliligini we saglygy goraýyşda ýurduň anyklaýyş kuwwatynyň güýçlendirilmegine goşant goşar.
BMGÖM barlaghana hyzmatlaryny ýaşaýan ýerlerine has ýakynlaşdyrmak ugrunda işlemegini dowam etdirýär, bu bolsa öz gezeginde gender päsgelçiliklerini azaldýar we aýal-gyzlaryň göwrelilik, çaga dogurmak we dogrumdan soňky döwürde barlaghana hyzmatlaryny goşmak bilen ähli barlaghana hyzmatlary babatynda deň hukukly bolmagyny üpjün edýär, şeýle-de ilatyň ejiz toparlaryna hödürlenýän hyzmatlaryň bahasynyň we transport çykdajylarynyň azalmagy arkaly barlaghana hyzmatlarynyň elýeterliliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
ÝOKANÇ DÄL KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE OLARY BEJERMEK ÜÇIN ZERUR BOLAN ESASY DERMAN SERIŞDELERI BILEN ÜPJÜN ETMEK
Ýürek keselleri, insult, rak, süýji keseli we dowamly öýken keseli ýaly ýokanç däl keseller (ÝDK) dünýädäki ölümleriň 74%-iň sebäbi bolup durýar. Türkmenistanyň Hökümeti jemgyýetçilik saglygy goraýşyny üpjün etmekligi ileri tutýar we ýokanç däl keseller bilen baglanyşykly ykdysady agramlaryň azaldylmagyna aýratyn üns berýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ÝDK we seýrek kesellere garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýäris, tehniki goldaw bermek, halkara bilimleri we tejribesini paýlaşmak we ÝDK-ler barada habarlylygy ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ene we täze doglan çagalaryň saglygyny gowulandyrýarys.
Ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak ugrunda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy ÝDK we beýleki keselleri bejermeklige niýetlenen ýokary hilli we elýeterli dermanserişdeleri bilen üpjün edýär. Diňe 2021-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli döwürde 32 million ABŞ-nyň dollary möçberindäki pul serişdeleri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bölnüp berildi. BMGÖM 100-den gowrak ýaşamak üçin wajyp derman serişdeleri bilen üpjün edip, bu babatda takmynan 14 million ABŞ-nyň dollary möçberinde pul serişdeleriniň tygşytlanmagyny gazandy. Gelip gowşan derman serişdeleri Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş edaralaryna, welaýatdaky ýöriteleşdirilen hassahanalara we başlangyç lukmançylyk kömegini berýän edaralaryna paýlandy.
BMGÖM-iň goldawy bilen, ÝDK-e garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalar ýokary hilli dermanlar bilen üpjün edilýär: insulin, ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki we dowamly respirator kesellerini bejermek üçin derman serişdeleri, tutuş ýurt boýunça näsaglaryň ýokary hilli we mugt bejergi almagyna goşant goşýar.
BMGÖM we TSGDSM 60 million ABŞ-nyň dollary möçberinde býujeti bilen ikinji ÝDK taslamasynyň durmuşa geçirilşine başladylar. Bu başlangyç, BMG-nyň Türkmenistandaky beýleki guramalarynyň saglygy goraýyş pudagyndaky tagallalaryna goşmaça, ene we täze doglan çagalaryň ölümini azaltmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gaýragoýulmaz kömek bermeklik üçin derman serişdeleri bilen üpjün etmekligi öz içine alýar.
Derman serişdelerini satyn almakdan başga-da, BMGÖM goldawy milli bejeriş teswirnamalaryny täzelemek we ÝDK bejergisini has elýeterli, inklýuziw we ykdysady netijeli etmek üçin milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin tehniki kömegi öz içine alýar.
BMGÖM, sanly ösüş babatynda ileri tutulýan milli ugurlaryny işjeň goldamak bilen sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň mümkinçilikleriniň ilatyň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmakda saglygy goraýyş pudagynda sanly çözgütleriniň durmuşa geçirilmeginde öz ýardamyny hödürleýär.
Narine Saakýan, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili
«Biz BMGÖM bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek babatynda hyzmatdaşlygyň giňelýändigini bellemekden hoşallygymyzy bildirmek bilen bu ýagdaýyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde strategiki hyzmatdaş hökmünde BMGÖM-ä bolan ynamyň artýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar».