BMGÖM-y ýerli daýhanlara ekinleri keşläp suwarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär

August 2, 2021

       Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 2-nji awgusty: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Global ekologiýa gaznasynyň (ГЕФ)  bilelikde amala aşyrýan «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamanyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 15-nji we 24-nji iýulynda taslamanyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky synag sebitlerinde suwaryş suwuny rejeli peýdalanmak meselelerine bagyşlanan «meýdan günleri» gurnaldy.

      «Meýdan günlerine» daýhan hojalyklarynyň ýolbaşçylary, miraplar, baş agranomlar, topar ýolbaşçylary, kärendeçiler we welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre suwdan peýdalanyjylary keşlenilip ekilýän ekinleri suwarmakda  suwy az sarp edýän suw tygşytlaýyjy innowasion tehnologiýalar barada habardar etmäge we keşlenilip ekilýän ekinleri keşden suwarmakda enjamlary saýlamak hem-de ulanmak babatda meseleler boýunça çözgütleri kabul edýän şahslaryň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda hojalyklardaky suwaryş ulgamlary ýerdäki açyk suw akymlaryndan durýarlar. Bu suw akymlarynda süzülmegiň, bugarmagyň we ekin meýdanlarynda gönüden-göni suwarmagyň tehnologiýasynyň kämilleşmändiginiň esasynda  gyt bolan suwaryş suwunyň ýarysyndan köp bölegi ýitirilýär. Munuň netijesinde suw serişdeleriniň diňe ýarysyndan gowragy golaýy hasyly emele getirmäge gönükdirilýär. Hojalyklarda oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň has giňden ýaýran görnüşi keşleýin suwarmak bolup durýar. Bu usul bilen adatça gowaçany, mekgejöweni, gant şugundyryny we beýleki keşleýin ekilýän ekinleri suwarypdyrlar.

        «Meýdan günleri» döwründe oňa gatnaşyjylar, suwarmagyň hiliniň ýetilen derejesiniň keşleýin suwarmagyň talaplaryna iň ýokary derejede jogap berýän suwaryjy enjamlaryň iň amatly görkezijileri bilen tanyşdyryldy.   Şeýle çemeleşmäniň ulanylmagy diňe suwaryş suwunyň öňdürijiligini artdyrmak bilen çäklenmän, topragyň ikilenç şorlaşmagyna getirjek ýerasty suwunyň minerallaşmak derejesiniň  ýokary galmagyna ýol bermez. Suwarmagyň enjamlarynyň bölekleriniň iň amatly utgaşdyrylmasynyň  ulanylmagy oba hojalyk pudagynda howanyň üýtgemeginiň täsirini ýumşatmak işiniň barşynda alnyp barylýan çäräniň bir görnüşi bolup durýar.

           Çärä gatnaşyjylar, olaryň aglabasynyň meýdanda suw üpjünçiligi işinde tejribesiz bolansoň, bular ýaly çäreleriň daýhanlar üçin örän möhümdigini bellediler. Şonuň üçin çärä gatnaşyjylaryň suwaryş suwuny rejeli peýdalanmagyň görnüşlerini we usullaryny mümkin boldugyça içgin öwrenmekleri zerurdyr. Daýhanlan keşleýin suwarmagyň suw tygşytlaýyjy tehnologiýalary ulanmak bilen, olar suwaryş suwuny we suwarmak üçin gerek bolan wagty tygşytlarlar, maliýe çykdajylary azaldarlar, keşiň uza boýuna toprakda suwuň endigan, deň ölçegde  paýlanylmagyny gazanarlar, topragyň gurply gatlagynyň ýuwulmagyny azaldarlar we iň esasy zat hem hasyllylygy ýokarlandyrarlar.

      ***

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasy 2016-njy ýylda öz işine başlady we Türkmenistanyň  Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan, oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň durnukly ösüşi üçin howanyň üýtgemegini hasaba almak bilen, uýgunlaşma çäresini ulanmagy goldamaga gönükdirilendir. Taslamanyň goşmaça gymamatlylygy taslamanyň çäklerinde ýurduň iň gurak sebitleriniň daýhanlary oba hojalygynda howanyň üýtgemeginiň we beýleki tebigy töwekgelçilikleriň netijesinde suw serişdeleriniň örän ýiti ýetmezçiligi duýulýan döwüründe özleriniň gowşaklyklaryny kemeltmäge zyýan berýän örän kyn päsgelçilikleri ýeňip geçerler.