TÜRKMENISTANDA COVID-19 GARŞY JOGAP Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýär
Taslamany ösdürmegiň maksatlary
COVID-19 pandemiýasynyň abanýan howpunyň öňüni almak we kesgitlemek, Türkmenistanda saglyk ulgamynyň taýýarlygyny üpjün etmek üçin milli ulgamlara ýardam bermek we güýçlendirmek. Ýokardaky maksatlar aşakdaky üç komponentiň üsti bilen gazanylar:
- 1-nji komponent, ýurt derejesinde töwekgelçilikli aragatnaşyklary we jemgyýet bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak, irki kesel hadysalary ýüze çykarmak, aýry saklamak we aragatnaşyklary yzarlamak, testleri geçirmek we tetleri geçirmek mümkinçiliklerini güýçlendirmegi maksat edinýär (ilkijni nobatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGweDSM) sanitariýa we epidemiologiki howpsuzlyk boýunça bölüminiň jogapkärçiligine we gözegçiligine degişlidir). Komponent 1.2 - Töwekgelçilik aragatnaşygynyň we jemgyýetiň gatnaşygynyň ýokarlandyrmagy - Türkmenistandaky UNICEF bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.
- 2-nji komponent, saglyk öýlerinde ýokanç keseliň öňüni almak, gözegçilik we hadysalary dolandyrmak usullaryny güýçlendirmeklige gönükdiriler (TSGweDSM Hassalary bejermek boýunça bölüminiň jogapkärçiligine degişlidir). Bu düzüm boýunça saglygy saklaýyş işgärlerine tehniki kömek we okuwlar BSGG-yňTürkmenistandaky ýurt edarasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.
- 3-nji komponent taslamany dolandyrmak, gözegçilik we baha beriş çärelerine gönükdiriler.
Karz almak Ylalaşygynyň Bütindünýä banky bilen Türkmenistan hökümetiniň arasynda gol çekilse-de, BMGÖM-sy taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin aşakda görkezilen goldawy berer:
- Tehniki kömegi bermek: (i) lukmançylyk enjamlaryny satyn almagyň mukdaryny we spesifikasiýasyny kesgitlemek; we (ii) TSGweDSM bilen hyzmatdaşlykda, satyn alnan enjamlary ylalaşylan şertlere laýyklykda, talabalaýyk gelýän saglyk öýlerine kesgitlemek;
- Lukmançylyk enjamlaryny, dermanlary we harytlary satyn almak we paýlamak;
- Tehniki kömegi hyzmatlaryny satyn almak;
- Gözegçilik we baha bermek, barlamak we hasabat bermek.
Taslama laýyklykda, Daşky gurşaw we jemgyýetçilik borçnamalar meýilnamasyny (DweJBM) we Gyzyklanýan taraplaryň gatnaşygy meýilnamasyny (GTGM) durmuşa geçiriler. Çäreler we hereketler hakynda jikme-jiklik düşündiriliş DweJBM we GTGM-de berilýär.
BMGÖM, TSGweDSM bilen bilelikde, BMGÖM ülňülerine, kadalaryna we kadalaryna laýyklykda daşky gurşaw we jemgyýetçilik dolandyryşy üçin jogapkärçilik çeker we taslama boýunça Bütindünýä Bankynyň Daşky gurşaw we sosial ülňülerine (ESS) laýyk gelmek üçin ähli tagallalary eder. Maddy çäreler we hereketler, resminamalar ýa-da meýilnamalar Daşky gurşaw we sosial borçnama meýilnamasyna (ESCP) laýyk geler. BMGÖM we TSGweDSM taslamanyň durmuşa geçirilişinde maddy çäreleriň we çäreleriň ýerine ýetirilişi we ýerine ýetirilişi barada hasabat taýýarlar we taýýarlar.
Gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlyklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi
Gender deňligi we aýallaryň ygtyýarlyklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi boýunça ýylyň dowamynda gazanylan we/ýa-da gazanylmadyk netijelerbilen baglanşykly subutnamalara esaslanyp derňäň we hasabat beriň.
Şu günki günde BMGÖM a Gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşygy ýola goýmaklygyň meýilnamasyna (GTGÝM) laýyklykda düzülen çäreler toplumyny durmuşa geçirýär. GTGÝM Bütindünýä banky we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSG we DSM) tarapyndan 2022-nji ýylyň 10-njy maýynda tassyklanylyp.
BMGÖM GTGÝM-nyň üç dilde soňky görnüşini TSG we DSM-e, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligine we beýleki gyzyklanýan taraplara hem ugratdy. GTGÝM-nyň durmuşa geçirilmeginde TSG we DSM-ne ýardam bermeklik maksady bilen BMGÖM milli geňeşçini işe aldy. BMGÖM, TSG we DSM GTGÝM-nyň durmuşa geçirilmeginiň çaklerinde degişli gyzyklanýan taraplara paýlamaklyk üçin Bütindünýä bankynyň taslamasy barada gysgaça maglumat berýan prezentasiýa görnüşindäki şekilli gollanma taýýarlady.
GTGÝM-nyň esasy maksady, jemgyýetçilik guramalaryny, ynjyk toparlaryny, göni we gytaklaýyn peýdalanyjylary öz içine alýan gender taraplaryny hasaba almak bilen dürli gyzyklanýan taraplaryň belli-belli toparlaryny taslamalany we onuň durmuşa geçirilşini ara alyp maslahatlaşmaga çekmäge gönükdirilendir. Degişli çäreleri geçirmekligiň üsti bilen taslama we onuň işi barada maglumatlar berilýär, gyzyklanýan taraplaryň pikirleri yzygiderli diňlenilýär şeýle hem teklipleri bellige alynýar. Gurnalýan çärelere Türkmenistanyň Zenanlar Bileleşiginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşyp gelýär. Taslama, zenanlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmak we pikirlerini we teklipleri almak maksady bilen olaryň gatnaşmagyny höweslendirýär.
Taslamanyň ýerine ýetirilşiniň çaklerinde iki sany maglumat kitapçasy taýýarlanyldy. Birinji kitapçada Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy jogap çäreleri” taslamasy barada maglumat berilýär. Ikinjisi bolsa, esasan, gender deňligini goldamaga gönükdirilen bolup, “Gender we Saglyk” mowzugy boýunça saglyk pudagynda emele gelip biläýjek gender meseleleri barada söz açýar. Milli hyzmatdaşlaryň razylygy alnandan soňra “Türkmenistanda COVID-19-a garşy jogap çäreleri” taslamasy bu kitapçalary gyzyklanýan taraplaryň arasynda ýaýratmagy meýilleşdirilýär.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýanlaryň arasynda saglygy goraýyş ulgamynyň, Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň şeýle hem ýerli häkimlikleriň işgärleri, , Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Jemgyýetiniň agzalary we meýletinçileri, , , hususy telekeçiler we önümçilik pudagynyň wekilleri we ş.m bar.
GTGÝM boýunça çäreler döwlet, welaýat, etrap we jemgyýetler derejesinde gurnalyp gelinýär. Taslamanyň GTGÝM-sy boýunça çäreleri geçirmeklik Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, BMGÖM, UNISEF we BSGG-a tabşyryldy. “Türkmenistanda COVID-19-a garşy jogap çäreleri” taslamasynyň mysalyny ulanyp, Türkmenistanyň üç sany uniwersitetiniň talyplary üçin , ösüş taslamalarynyň daşky gurşaw we sosial taraplary barada okuw guraldy.
Tablisa 1. Gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşygy ýola goýmaklygyň meýilnamasynyň (GTÝGM) sebit we gatnaşyjylaryň toparlary boýunça bölmeklik bilen bilen 2022-nji ýylyň 31-nji dekabry ýagdaýyna ýerine ýetirilişi
|
Aşgabat |
Ahal welaýaty |
Balkan welaýaty |
Daşoguz welaýaty |
Lebap welaýaty |
Mary welaýaty |
Jemi |
Zenanlar |
178 |
125 |
151 |
191 |
38 |
27 |
710 |
Erkekler |
51 |
20 |
25 |
108 |
20 |
28 |
252 |
Şol sanda ýaşlar guramalary |
25 |
20 |
38 |
75 |
5 |
1 |
164 |
Jemi |
229 |
145 |
176 |
299 |
58 |
55 |
962 |
Tablisada görkezilişi ýaly jemi 28 çäre geçirilip, jemi 962 adam gatnaşdy, şolardan 710 (74.5%) zenanlar we 252 (25.5%) erkekler, şol sanda 164 (17.1%) ýaşlar guramalarynyň agzasy.
Strengthening the health care system
The project contributes to the joint efforts of implementing the “Preparedness and Response Plan of Turkmenistan to Acute Infectious Disease” (CPRP), which identifies joined preventive and response measures to combat COVID-19.