Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy suw gorlaryny utgaşykly dolandyrylmak ýörelgelerini ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmagyna ýardam edýär

February 15, 2022

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 15-nji fewraly: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Global ekologiýa gaznasynyň bilelikde amala aşyrýan «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamanyň çäklerinde suw gorlaryny utgaşykly dolandyrylmak boýunça okuw maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin sanly ulgam arkaly Iş maslahaty gurnaldy.

Iş maslahaty Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky injener  tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Injener tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň, Türkmen döwlet gurluşyk we binagärlik institutynyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Tebigaty goramak jemgyýetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

BMG ÖM-iň ekologiýa ugry boýunça Türkmenistandaky analitigi Farhat Orunow – «Suw gorlaryny utgaşykly dolandyrylmak ekologiýa ulgamyny we daşky gurşawy gorap saklamagy hasaba almak bilen, ykdysady we durmuş hal ýagdaýlarynyň sepgitlerine ýetmek üçin ylalaşylan ösüşi we suw, ýer hem-de beýleki serişdeleri dolandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip belleýär. «Suw serişdelerini dolandyrmakda garaşylýan üýtgemeler suw gorlaryny utgaşykly dolandyrylmak babatda tejribeli hünärmenleriň bolmagyna talap edýär. BMG ÖM  bu ýagdaýy goldamak üçin suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak meselesi boýunça ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrýar we suw gorlaryny utgaşykly dolandyrmak ýörelgelerini ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmaga ýardam bermäge çalyşýar».

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasy 2016-njy ýylda herekete girdi we howanyň üýtgemegini hasaba almak bilen  Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň durnukly ösüşi üçin uýgunlaşma çärelerini peýdalanmagy goldamaga gönükdirilendir.

Taslamanyň esasy maksatlarynyň biri institusional üýtgemeleriň kömegi bilen howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekligi goşmak bilen, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin institusial we hukuk mehanizmleri gowulandyrmakda Hökümeti goldamak bolup durýar.

Taslama bu nukdaýnazarda tejribeli hünärmenleri çekmek ýoly bilen ýer we suw  serişdelerini  dolandyrmak babatda berk kadalaşdyryjy hukuk binýadyny işläp taýýarlamakda we bilim we tejribe alyşmak boýunça, ara alyp maslahatlaşmalar we hereket edýän kanun taslamalaryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna täzeden garamak boýunça güýçleri birleşdirmek ýoly bilen platformany döretmekde işjeň gatnaşýar.