BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine ýardam berýär

September 16, 2023

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine ýardam berýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 13 sentýabr 2023 ý.: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hem-de gaty galyndylary energiýanyň alternatiw çeşmeleri hökmünde ulanmak babatda hukuk kadalaşdyryjy we tehniki kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamakda halkara tejribesini öwrenmek” atly okuw maslahaty  geçirildi. Okuw maslahaty 2023-nji ýylyň sentabr aýynyň 13-ne, Mary şäherinde geçirildi.

Energetika minstrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI, Mary şäheri) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary hem-de Ýewropa bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada durnukly energiýa ulgamlaryna ýewropa bileleşiginiň ýardamy” atly taslamanyň halkara hünärmenleri okuw maslahatyna işjeň gatnaşdylar. 

Okuw maslahatyna gatnaşyjylara BMGÖM-niň  “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde galyndylary dolandyrmak, galyndysyz önümçilik tejribesi, galyndylary energiýanyň alternatiw çeşmeleri hökmünde ulanmak babatynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumatlar berildi. Türkmenistanyň döwlet energetika instituty bilen  BMGÖM-niň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň arasynda, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän eneregetikany ösdürmek hem-de ýurdumyzda energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy.

***

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirlýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama şäherleriň durnukly ösdürilmegine hem-de şäherleriň ösmegi bilen bagly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga, ýagny ýurdumyzy sosial-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaryň çäklerinde, daşky gurşawa zyňylýan parnik emelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, energiýany tygşytly ulanmak bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa gözegçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek, galyndylary durnukly dolandyrmak, ulag ulgamyny durnukly ösdürmek işlerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagy ösdürmek we energiýa netijelilik boýunça innowasiýon tehnologiýalary elektrikenergetikasy ulgamyna ornaşdyrmak boýunça BMGÖM-niň taslamasynyň amala aşyrýan we meýilleşdirilýän amaly ädimleri daşky gurşawa zyňylýan parnikemelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmaga ýardam berýär, şonuň bilen baglylykda, klimat boýunça Parij ylylaşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň geçirýän ekologiki çärelerini goldaýar.