BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň Daşoguz welaýatyna iş sapary

November 12, 2024
a group of people that are talking to each other

BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň Daşoguz welaýatyna iş sapary

BMGÖM Türkmenistanda

Daşoguz, Türkmenistan, 2024-nji ýylyň 11-nji noýabry – BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, 2024-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda Daşoguz welaýatyna iki günlük iş saparyny tamamlady.

Saparyň dowamynda hanym Saakýan Daşoguz welaýatyň häkimi jenap Döwletgeldi Babaýew, şeýle hem ýerli dolandyryşyň beýleki wekilleri bilen bilelikde Aral deňizi giňişliginiň türkmen bölegindäki durnukly ösüş we daşky gurşawyň durnuklylygy ugrundaky bilelikdäki işleriň netijelerini we geljekki başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdy.

Duşuşykdan soň hanym Saakýan "Maksatnamamyzyň maksatlaryna ýetmekde, esasanam daşky gurşawyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, suw serişdelerini dolandyryş strategiýalaryny kämille'dirmekde we oba hojalygynyň durnukly tejribelerini öňe sürmekde güýçli goldawyna ýokary baha berýäris" -diýip belledi. "Bu iş sapary BMGÖM-iň Daşoguz welaýaty bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar we howanyň üýtgemegi sebäpli Aral deňziniň daşky gurşaw krizisine garşy durnukly jemgyýetleri gurmak baradaky umumy ygrarlylygymyzy görkezýär."

a group of people sitting at a table
BMGÖM Türkmenistanda

Şeýle hem, bu iş sapary Global daşky gurşaw guramasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäginde guralan çärelere gatnaşmagy öz içine aldy.

BMGÖM-iň wekilýeti, şeýle hem, daşky gurşaw habarlylygy we durnukly ösüş ugrundaky ýaşlaryň başlangyçlaryny öňe sürmek üçin "Daşky gurşaw medeniýeti" daşky gurşaw festiwalyna baryp gördi. Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen festiwalda ekologiýa taýdan arassa önümleriň sergisi, milli eşikler we talyp ylmy taslamalary ýaly innowasiýa pikirleriň we adaty senetleriň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Daşoguz şäher häkimligi we Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan, Daşoguzdaky Amerikan burçy, ÝUNESKO, CAREC we "Ekodurmuş" hem-de "Ýaşyl şöhle" ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

a group of people standing around a table
BMGÖM Türkmenistanda

Narine Saakýan: "Festiwalda ýaşlaryň we senetçileriň döredijiligine hem yhlasyna tomaşa etmek diýseň ruhlandyryjy" - diýip belledi. “Senetleriň, ekologiýa taýdan arassa önümleriň we milli eşikleriň joşgunly sergisi, gatnaşyjylaryň durnukly ösüşe bolan höwesi bilen birlikde, Türkmenistanyň ekologiýa we medeni mirasyny gorap saklamaga ygrarlydygyny görkezýär. Bu çäre, BMGÖM-iň Türkmenistanda döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek we innowasiýalary hem-de durnukly tejribeleri goldamak, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň we ýaşlaryň başlangyçlaryny ösdürmek ugrundaky tagallalaryna laýyk gelýär."

a man and a woman sitting at a table
BMGÖM Türkmenistanda

Saparynyň ikinji gününde hanym Saakýan, Aral deňziniň türkmen böleginde suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça ýokarda agzalan taslamanyň çäginde gurnalan hünär okuwyna gatnaşdy. Hünär okuwynyň maksady, suw ýetmezçiligi we onuň durnukly oba hojalygyna täsiri baradaky möhüm meseläni derňemek. Gatnaşanlar suwy netijeli ulanmak we tygşytlamak üçin öňdebaryjy tejribe barada gymmatly bilim aldylar.

a group of people in a room
BMGÖM Türkmenistanda

Şol gün BMGÖM-iň wekilýeti Gaplangyr döwlet goraghanasyna bardy, şol ýerde ýaşyl tagallalara ygrarlydygyny görkezip we sebitiň baý biodürlüligini goramagyň möhümdigini aýratyn belläp, Türkmenistandaky BMGÖM-iň edarasynyň başlygy agaç ekmek dabarasyna gatnaşdy.

a man riding a bike down a dirt road
BMGÖM Türkmenistanda
a group of people standing around each other
BMGÖM Türkmenistanda
a group of sheep standing on top of a dirt field
BMGÖM Türkmenistanda

Iş sapary Görogly etrabynda tamamlandy, bu ýerde wekilýet ýer dolandyryşy, oba hojalygyny ösdürmegi we daşky gurşawy goramagy maksat edinýän BMGÖM-iň bilelikdäki synag taslamalarynyň netijeleri bilen tanyşdy.