BMGÖM-niň Türkmenistanda Hemişelik wekili Narine Saakýan
HEMMELER ÜÇIN DURNUKLY GELEJEGI GURMAK ÜÇIN GENDER ZORLUGYNY ARADAN AÝYRMAK
November 30, 2022
MESELÄNI KABUL ETMEK
Subutnamalara laýyklykda, gender zorlugy dünýäde iň giňden ýaýran, dowamatly we zyýanly hukuklar bozulmalarynyň biridir. 150-den gowrak ýurt gender zorlugy we maşgaladaky zorluk babatynda kanunlary kabul etdi. Şeýle-de bolsa, köplenç bu kanunlaryň berjaý edilmezligi aýal-gyzlary howp astyna salýar, olar üçin adalat elýeterli bolmaýar we olar mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilmeýärler. Zenanlara garşy edilýän zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, ondan zyýan çekenleri goramak we günäkär adamy jezasyz goýmagyň soňuna çykmak üçin goşmaça tagallalary etmek zerurdyr.
Çak edilişine görä, dünýäde 15 ýaşly we ondan ýokary ýaşly zenanlaryň 736 milliony - takmynan her üç aýalyň biri ýakyn ýoldaşy tarapyndan zorluga, ýa-da başga bir adam tarapyndan jynsy zorlugyna, ýa-da bu ýagdaýlaryň ikisine hem ömründe iň bolmanda bir gezek sezewar edildi. Dünýäde gender zorlugynyň täsirini ýetirmedik jemgyýeti ýok. Ol her bir ýurtda, adamlaryň ýaşyna, milletine, medeniýetine, ýa-da dinine garamazdan ýüze çykýar. Çuňňur kök uran patriarhal kadalar we gymmatlyklar ýaramaz hereketlere, şol sanda zenanlara garşy edilýän zorluga esas döredip biler. Merkezi Aziýa ýurtlary hem muňa degişlidir.
Türkmenistanda, durmuşa çykan ýa-da gatnaşykda bolan, 18 - 59 ýaş aralygyndaky alty aýalyň biri zorlugyň haýsydyr bir görnüşini başdan geçirdi - fiziki, jynsy ýa-da psihologiki - muňa ÝUNFPA-niň goldawy bilen ilkinji gezek geçirilen zenanyň saglygy we maşgalada ýagdaýy baradaky milli ylmy-barlag işi şaýatlyk edýär.
Köplenç aýallar özlerine garşy edilýän zorlugy maşgalada aýallaryň adaty orny hökmünde kabul edýärler we öz hukuklary, hem-de azatlyklary barada habardarlygynyň we biliminiň ýoklugy sebäpli ygtyýarly edaralara
bu hadysalar barada habar bermeýärler. 2019-njy ýylda geçirilen, Türkmenistanda Köp görkezijiler boýunça toparlaýyn ylmy-barlag işi maşgala zorlugyny başdan geçirýän aýallaryň seýrek kömek soraýandygyny, şeýle hem aýallaryň köpüsiniň (58%) ýakyn ýoldaşy tarapyndan edilen zorlugy kabul edýändigini we aklaýandygyny ýüze çykardy.
AMALA AŞYRYLMALY HEREKETLER
Zenanlara garşy edilýän zorlugyň öňüni alyp bolar. Zenanlaryň ykdysady taýdan hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda ýüze çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmak, olaryň bilim derejesini we işe kabul edilmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak - aýal-gyzlaryň garaşsyz bolmak we mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek ukybyny ýokarlandyrmak arkaly gender zorlugynyň öňüni almak ugrunda edilýän tagallalarda uly orna eýedir.
Türkmenistan soňky ýyllarda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny (NAPGE) kabul etmek bilen ösüş gazandy, onda gender deňligini öňe sürmek, şol sanda gender zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek ýaly milli maksatlar beýan edilýär.
Türkmenistan 1997-nji ýylda aýal-gyzlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýany tassyklady we 2009-njy ýylda onuň goşmaça teswirnamasyna gol çekdi. Türkmenistanyň Hökümeti her dört ýylda CEDAW komitetine döwürleýin hasabat berýär, ol bolsa aýal-gyzlaryň hukuklaryny kepillendirmäge we olara degişli diskriminasiýa garşy göreşmäge borçlandyrýan halkara guraly mundan beýläk-de has kämilleşdirmek we onuň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek üçin teklipleri berýär.
Hökümetiň, CEDAW-yň halkara ülňülerine we tekliplerine laýyklykda bar bolan kanunçylyk binýadyny yzygiderli gözden geçirmegi we pugtalandyrmagy möhümdir. BMGÖM we Türkmenistanda BMG-niň beýleki düzümleýin edaralary günäkär adamy jezasyz goýmagyň soňuna çykmak üçin Hökümete syýasy çäreleri güýçlendirmek we kanuna laýyklykda çäreleriň görülmegini üpjün etmek ugrunda pugta we utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr.
Beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde biz NAPGE we CEDAW-yň tekliplerine laýyklykda Türkmenistanda gendere degişli meseleleriň çözgüdini tapmak üçin köp taraplaýyn çemeleşmäni öňe sürýäris. Biz gender zorlugynyň pidalaryna, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş, psihologiýa, sosial we polisiýa pudaklaryna durmuş taýdan utgaşdyrylan goldawyny berýän köp pudaklaýyn çäreler ulgamyny berkitmegiň üstünde işleýäris. Bu bilelikde edilýän tagallalar Merkezi Aziýada we Owganystanda gender zorlugyny we zyýanly amallary ýok etmegi maksat edinýän “Ýagtylygyň şöhlesi” atly sebitleýin maksatnamanyň çäginde amala aşyrylýar.
Bilim we iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagy, gender zorlugyna sezewar bolma ähtimallygyny pese düşürmek üçin ykdysady taýandan garaşsyz bolmak we zenanlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi ugrunda esasy orun tutup biler. BMGÖM bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bilelikdäki tagallalary bilen biz ýurduň alty synag şäherlerinde ýaşlaryň, şol sanda aýallaryň we maýyplygy bolan adamlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmak we olary iş bilen üpjün etmek üçin bilim merkezlerini döretdik.
Şeýle-de, aýallar üçin tehnologiýalary we internet ulgamyny deň derejede elýeterli etmek möhümdir. Ýakynda BMGÖM ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde zenanlar üçin ilkinji gezek Hakaton gurady, bu bolsa ýaşlaryň, hususan-da eýýäm ýokary hünär derejesini alan we mundan beýläk-de bu ugurda ýurduň bähbidine öňegidişlikleri gazanmagy maksat edinýän gyzlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini açyk görkezdi. Gynansagam, Hökümet tarapyndan goldaw berilmezden, şeýle hem BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerine laýyklykda IKT bilimini höweslendirmezden bu zatlara ýetip bolmaz.
Gender zorlugyň we maşgaladaky zorlugyň jemgyýetiň kadalarynda çuňňur kök urandygy sebäpli, jemgyýetiň içinde gendere degişli kadalary we gatnaşyklaryny özgertmek zerurdyr. Şeýlelik bilen, ösüşi gazanmak üçin gender zorlugynyň öňüni almaga gönükdirilen täsirli strategiýalar jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak, aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlary şeýle hem olaryň syýasata we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny öz içine almaly.
Biz, sebitdäki parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga, şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan sosial özgerişliklire täsir etmäge we olary alyp barmaga ukyby bolan Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň durmuş-ykdysady we syýasy ornuny ykrar etmelidiris.
Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy (CAWD) gender deňligini gazanmak we aýallaryň ykdysady taýdan hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin edýän tagallalarymyzda esasy hyzmatdaşymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi (UNRCCA), BMGÖM-niň Ýewropa döwletleri üçin sebitleýin bölümi we GDA tarapyndan başlanan bu möhüm platforma, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin edilýän tagallalaryň çäginde gender deňligini öňe sürmek boýunça inklýuziw dialogy ýola goýmak, şeýle hem aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen durnukly çözgütleri işläp düzmek üçin möhümdir, bu bolsa sebitde gender zorlugynyň öňüni almagyň ýoludyr. Biz bu ýyl bu möhüm platformanyň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagyna şaýat bolmaga hoşallyk bildirýäris.
YGTYBARLY MAGLUMATLARYŇ MÖHÜMLIGI
Gender zorlugy we maşgaladaky zorluk barada ygtybarly maglumatlary yzygiderli ýygnamak möhümdir, çünki maglumatlaryň elýeterliligi täsirli çäre görmäge we zorlugyň pidalaryny goramaga esas döredýär.
Biz Türkmenistanyň Hökümetini ÝUNFPA-niň goldawy bilen “Türkmenistanda maşgalada zenanyň saglygy we ýagdaýy” atly ilkinji gezek geçirilen milli ylmy-barlag işiniň çap edilmegi bilen gutlaýarys. Zenanlaryň saglygyny barlamak, şeýle hem 2019-njy ýylda ÝUNFPA-niň goldawy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝUNISEF bilen bilelikde geçiren MICS ylmy-barlag işi zenanlara degişli meseleleriň çözgüdini tapmak üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär we zenanlary goramak üçin degişli syýasy çäreleri meýilleşdirmek we taýýarlamak üçin Türkmenistanyň milli maglumat ulgamlaryny güýçlendirmäge bolan ygrarlylygyny görkezýär.
Karar berijileriň we hünärmenleriň gender zorlugy, onuň ýaýramagy we görnüşleri, şeýle hem syýasatyň we çäre görmek mehanizmleriň güýçli we gowşak taraplary barada näçe köp bilimi bolsa – şonça-da, gender zorlugyny aradan aýyrmak üçin ýöriteleşdirilen we täsirli strategiýalar döredilip bilner.
Hökümete milli maglumat ulgamlaryny pugtalandyrmakda goldaw bermek üçin BMGÖM, Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bilen Türkmenistanda DÖM-niň gazanylmagynyň öňegidişligini gözegçilik etmek üçin onuň ýokary hilli statistiki hasabat beriş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işini dowam etdirer.
BIRLEŞMEGIŇ WAGTY GELDI
Aýal-gyzlara garşy edilýän zorluk, adam hukuklarynyň düýpli bozulmagy bolup, ösüşe zyýanly täsir edýär. Subutnamalar zenanlaryň jemgyýete we ykdysadyýete deň bolmadyk derejede gatnaşmagynyň olaryň özüne we umuman jemgyýete ýaramaz täsir edýändigini görkezýär. Ösüş ugrunda alnyp barylýan işlere zenanlaryň gatnaşmazlygy umumy ösüşi pese düşürýär we ýurtlara ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermeýär. Beýleki tarapdan, zorlugy azaltmak we kanuna laýyklykda zenanlaryň we erkekleriň doly we deň hukuklaryny üpjün etmek, iş ýüzünde-de Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegi tizleşdirýär.
Birleşen Milletler Guramasy, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde bellenilişi ýaly garyplygy ýok etmek, planetany goramak we parahatçylygy we abadançylygy saklamak üçin global çemeleşmäni ulanýar. Durnukly ösüşiň 17 maksady, kanunyň hökmürowanlygynyň derwaýyslygyny, şeýle hem parahat, durnukly we inklýuziw jemgyýetleri dolandyrýan we zenanlaryň ösüşiň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny üpjün edýän güýçli, jogapkärçilikli guramalary döretmegiň möhümdigini nygtaýar.
“Gender zorlugyna garşy 16 işjeňlik güni” - her ýyl 25-nji noýabrda, Zenanlara garşy zorlugy ýok etmäge gönükdirilen halkara gününde başlaýar we 10-njy dekabra çenli, Adam hukuklary gününe çenli dowam edýär we habardarlygy ýokarlandyrmak, hem-de dünýädäki aýal-gyzlara garşy edilýän zorlugy ýok etmek üçin edilýän hereketlere hem jemgyýetiň gatnaşmagyny höweslendirýär.
BMG ulgamy dünýä derejesinde we Türkmenistanda bu möhüm kampaniýany başlandygy sebäpli, men ähli milli gyzyklanýan taraplarymyzy, ösüş ugrundaky hyzmatdaşlarymyzy we ähli adamlary - zorlugy kadalaşdyrýan hereketlere garşy göreşmek, habardarlygy ýokarlandyrmak we gender zorlugyna garşy bilelikde çözgütleri tapmak ugrunda edýän tagallalarymyzy iki esse artdyrmaga çagyrýaryn. Diňe bilelikde biz ýurtda we beýleki ýurtlarda gender deňligini gazanmak we aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek, hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça ösüşi tizleşdirip bileris. Diňe bilelikde biz adalatsyzlykdan, diskriminasiýadan we zorlukdan azat gelejegi guryp bileris.