Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanetijeliligiň we gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegini işjeň goldaýar
May 19, 2023
Mary şäheri, 2023ý 15-16 maý. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde “Energiýatygşytlaýjy çyralary Türkmenistanyň klimat şertlerinde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek. Galyndylary enegiýanyň alternatiw görnüşleri hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri” atly gibrid görnüşinde okuw maslahaty geçirildi.
Bu okuw maslahatyna, Energetika minstrliginiň edara-kärhänälärynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri, şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady, maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň howa şertlerinde energiýatygşytlaýjy çyralary ulanmagyň aýratynlyklary, Türkmenistanda elektrik energetikasy pudagynyň “Gaýtadan dikeldilýän energetika” sektoryny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça hem-de energiýanetijelilik babatda innowasion tehnologiýalary elektrik energetikasy pudagyna ornaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalaryny taýýarlamakda halkara tejribäni öwrenmek hem-de elektrik energetikasy pudagyna energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat bermekden ybarat boldy.
Şeýle-hem maslahata gatnaşyjylara galyndylary dolandyrmak we gaýtadan işlemek boýunça ýerine ýetirilen işler, gazanylan netijeler hem-de galyndylary energiýanyň alternatiw görnüşleri hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri barada maglumatlar berildi.
Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleriniň bilelikde köçe yşyklandyryş ulgamlaryna häzirkizaman energiýatygşytlaýjy swetodiod LED çyralary we energiýany tygşytly ulanýan inniwasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen nusgalyk taslamalar hem-de elektrik energetikasy pudagyny durnukly ösmegini üpjün etmek, “Gaýtadan dikeldilýän energetikany” giňden ösdürmek, galyndylary dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretmek boýunça bilelikde ýerine ýetirilen işler barada habar berdiler.
Okuw maslahatyna, BMGÖM-niň halkara maslahatçylary jenap Alekseý Zaharow we hanym Elena Juçenko gatnaşdylar hem-de maslahata gatnaşyjylary elektrik torlarynda we köçe yşyklandyryş ulgamlarynda energetika barlagyny geçirmek boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdyrdylar. “Köçe yşyklandyryş ulgamlarynda gün panelleri bilen üpjün edilen swetodiod LED çyralary ulanmak, gurnamak, tehniki hyzmat etmek boýunça, ýaş gyzlaryň bilimini we tejribesini artdyrmagy, zenanlaryň bu ugurda zähmet çekmegi, guwanmaga mynasypdyr”, diýip Alekseý Zaharow belläp geçdi.