BMG-niň ÖM we HMG Türkmenistanda klimatyň üýgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere taýýarlygy artdyrmak üçin hünär okuwyny geçirdi
November 14, 2022
Aşgabat, 2022-nji ýylyň 10-11 noýabry: Ýaşyl klimat gaznasynyň maliýe goldawy esasynda, Türkmenistanyň Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) ýerine ýetirýän «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli prosesiniň ösüşi» atly taslamasynyň çäklerinde, Halkara migrasiýa guramasy (HMG) bilen bilelikde “Klimatyň üýtgemegi: töwekgelçilikler, baha berme, meýilleşdirme” mowzugy boýunça hünär okuwy geçirildi.
Klimatyň üýtgemegi häzirki döwürde bütindünýä derejesinde ekoulgamlar we durmuş ykdysady taýdan ösüş üçin uly göwrümli oňaýsyz netijelere getirip biljek iň bir çynlakaý wehimleriň biri bolup durýar. Türkmenistan özüniň agdyklyk edýän ýarym gurak klimaty bilen iň bir goraga mätäç ýurtlaryň toparyna girýär. Şeýle klimaty bolan beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, suw we oba-hojalyk pudaklary has gurak we yssy klimatyň täsirine sezewar bolar. Bu pudaklar ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýärler, netijede mümkin bolan ykdysady ýitgiler ilatyň köp gatlagyna oňaýsyz täsir eder. Şunlukda, töwekgelçiliklere wagtynda baha berilmegi we uýgunlaşma çäreleriniň meýilleşdirilmegi klimatyň üýtgemeginiň jemgyýete we ykdysadyýete ýaramsyz täsirini gowşatmaga ýardam etjek esasy wezipeler bolup durýarlar.
Hünär okuwynyň barşynda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri klimatyň üýtgemegi bilen bagly hem-de Türkmenistan we onuň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary üçin wajyp bolan toplumlaýyn töwekgelçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, hünär okuwyna gatnaşyjylar klimatyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykan migrasiýa meselelerine garadylar hem-de gysga möhletli, orta möhletli we uzakmöhletli syýasatlar, strategiýalar we maksatnamalar meýilleşdirilende töwekgelçiliklere baha bermegiň tertibi bilen tanyşdylar.
Töwekgelçiliklere baha bermegiň gender jähtlerine goşmaça üns berildi, sebäbi, bilermenler eýýäm häzirki wagtda goraga mätäçligiň, howply hadysalara sezewar bolma ähtimallygynyň we uýgunlaşma potensialynyň gender taýdan deňsizligini, belläp geçýärler, şunda oba ýerlerinde ýaşaýan zenanlar goraga has mätäç toparlara girýärler.