
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan, howanyň üýtgemegi barada Bütindünýä ylalaşyklaryndan gelip çykýan Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge saldamly goşant goşýar
Aşgabat, 2025 ýylyň 19-nji marty: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde, 2025 ýylyň 19-nji martynda, Milli derejede iş duşuşygy geçirildi. Bu iş duşuşygy, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň we Howanyň üýtgemegi barada Parij ylalaşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň hasabatlaryny taýýarlamak bilen bagly meselelere bagyşlanyldy.
Iş duşuşygyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyndan we howanyň üýtgemegi barada Parij ylylaşygyndan gelip çykýan borçnamalar boýunça hasabatlary taýýarlamagyň umumy çäkleri bardyr. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasy boýunça Dördünji Milli Habarnama we Milli dereje-de kesgitlenilýän Goşant, bu hasabatlaryň esasy bolup durýar. Howanyň üýtgemegine barada düşünmek babatda Iki ýyllyk hasabat, ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen göreşmek babatda hasabat Iki ýyllyk hasabat, özara ynanyşmak, özarahabarlaşyp çözgütleri kabul etmek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň esasy binýady bolup durýar.
Duşuşygyň esasy maksady, Iki ýyllyk hasabatyň täzelenen görnüşini (ДД1/BUR1), Howanyň üýtgemegine barada düşünmek babatda Iki ýyllyk hasabaty (ДД1/BUR1), Dördünji Milli Habarnamany (НС4/NC4) ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Şeýle-hem duşuşygyň dowamynda, Dördünji Milli Habarnamany taýýarlamak işleriniň tamamlanyllmagy (НС4/NC4) – parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňylýan mukdaryny tükellemek işleriniň jemlerine seredildi. Duşuşygyň ahyrynda Parij ylalaşygy boýunça Milli dereje-de kesgitlenilýän Goşant atly resminamanyň täzelenen görnüşini taýýarlamak işlerine başlanandygy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

***
2022-nji ýylyň maý aýynyň 12-ne, Türkmenistan Milli dereje-de kesgitlenilýän Goşant atly resminamany tassyklady, soňra bu resminama BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasy dolandyryjy Iş toparynyň garamagyna hödürlenildi.
Häzirki wagtda hereket edýän Parij ylalaşygy boýunça Milli dereje-de kesgitlenilýän Goşant, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde taýýarlanyldy we bu resminamada göz öňünde tutulan işler BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
