Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýewropa bileleşiginiň ýardam bermeginde, howanyň üýtgemegi we durnukly energetikany ösdürmek boýunça halkara maslahaty geçirildi

April 8, 2025
A conference stage with speakers seated behind podiums, an audience in traditional attire, and a portrait on the wall.

Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýewropa bileleşiginiň ýardam bermeginde, howanyň üýtgemegi we durnukly energetikany ösdürmek boýunça halkara maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Mary şäherinde, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň binasynda “Bitaraplyk derejesi – durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýanyň we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme” atly halkara maslahaty geçirildi. 

Bu çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasy, Ýewropa bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşygy SECCA” atly taslamasy bilen bilelikde geçirildi. 

Bu halkara maslahaty öňdebaryjy halkara bilermenlerini, döwlet edaralarynyň wekillerini, milli bilermenleri we talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Halkara maslahatyna gatnaşyjylar durnukly energiýany ösdürmegiň, energiýadan netijeli peýdalanmagyň we howanyň üýtgemegini seljermegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Halkara maslahatyna ýewropa bileleşiginiň we merkezi aziýanyň ýurtlaryndan – Çernogoriýadan, Belarusiýadan, Gruziýadan, Latwiýadan we Gazakstandan gelen hünärmenler gatnaşdylar. Bu halkara maslahatyna Türkmenistanyň energetika ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň döwlet energetika instytutynyň alymlary we talyplary hem-de “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda “ýaşyl energiýa” geçmek babatda döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýändygyny we bu ugurda Türkmenistanyň halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp geçdiler.

A large group of people in formal attire, many wearing red, poses together in a hall.

Halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet energetika instytutynyň professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň hem-de Türkmenistanyň energetika ministrliginiň “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň işjeň gatnaşmaklary, bu çäräniň ähmiýetini has hem artdyrdy. 

Bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlary we “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri”ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri özleriniň ýerine ýetirýän ylmy-barlag işlerini maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlediler hem-de ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek babatda, halkara bilermenleriň maslahatlaryny aldylar. Maslahatyň dowamynda, ýaş alymlar üçin durnukly energiýany ösdürmek boýunça bilimini artdyrmaga hem mümkinçilikler döredildi.

Maslahata gatnaşyjylar üçin, institutyň binasynda, energiýadan netijely peýdalanmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek we şäherleri durnukly ösdürmek ugurlary boýunça  ylmy-barlag işleriniň sergisi gurnaldy. 

Halkara maslahatyň esasy bölüminde we bölümçelerinde ýurdumyzyň senagat, gurluşyk we ulag pudaklarynda energiýany netijeli peýdalanmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar we geljegi barada pikir alyşyldy.

Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemegi, ýaşlaryň ekologiýany goramak boýunça bilimini artdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerine hem garaldy. 

Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri geçirilýän döwürde, Türkmenistanyň döwlet energetika instytutynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen iki tapgyrdan ybarat okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, energiýadan netijeli peýdalanmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ösdürmek babatda halkara tejribesini öwrendiler we bilimini artdyrdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýörüte sertifikatlar gowşyryldy.

Türkmenistanda durnukly energetikany ösdürmäge, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we energiýadan netijeli peýdalanýan tehnologiýalary ýurdumyzyň ykdysady pudaklaryna ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini eksport etmek mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzyň ýaşyl ösüşini üpjün etmäge ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy we Ýewropa bileleşigi tarapyndan ýardam berilýär.  

A group of professionals observes a scale model of a building in a well-lit interior.