BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy klimatyň üýtgemegi barada Türkmenistanda amala aşyrylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygyny geçirdi
October 12, 2022
Aşgabat, 2022-nji ýylyň 7-nji oktýabry: BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň "Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi" atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde klimatyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Birinji iki ýyllyk hasabatyny (IÝH1) we Dördünji Milli Habarnamasyny (MH4) taýýarlamak, şeýle-de Klimatyň üýtgemegi hakynda Pariž ylalaşygyna laýyklykda "Milli derejede kesgitlenilýän goşandy" (MDKG) ýerine ýetirmek boýunça Iş duşuşygy geçirildi. Birinji iki ýyllyk we Dördünji milli hasabatlary BMG ÖM we BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasy (ÝUNEP) tarapyndan işlenip taýýarlanylýar.
Iş duşuşygynyň maksady Türkmenistanda Pariž ylalaşygyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudak edaralarynda zyňyndy gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslama teklipleri işläp taýýarlamak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Birinji iki ýyllyk we Dördünji milli hasabatlaryny taýýarlamaklyga Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Munuň özi ýurdumyzyň guramaçylyk (institusional) mümkinçiliklerini berkitmäge ýardam berer we Türkmenistan tarapyndan klimat boýunça taýýarlanan milli hasabatlaryň BMG-niň klimatyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň talaplaryna laýyk geljekdigini kepillendirer.
Iş maslahatyň dowamynda Birinji iki ýyllyk hasabaty taýýarlamagyň esasy ugurlary boýunça gazanylan netijeler barada jikme-jik durlup geçildi. Zyňyndy gazlaryň milli tükellenmesiniň 2011-2015 ýý. döwür üçin geçirilendigi habar berildi. Taslama häzirki wagtda zerur bolan zyňyndy gazlaryň seljerilmesiniň milli ulgamyny döretmek we ony bahalandyrmak üçin tehniki ýumuş resminamalaryny taýýarlamaklygyň üstünde işleýär. Klimatyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak baradaky tagallalaryň çäklerinde zyňyndy gazlaryň zyňylmalarynyň geljekki ösüş modellerini döretmek üçin bar bolan gurallaryň derňewi geçirildi. Häzirki makroykdysady görkezijileri derňemek we zyňyndy gazlaryny öňünden çaklamak üçin görkezijiler seçilip alyndy, zyňyndy gazlarynyň azaldylmagyna täsir edýän çäreler boýunça maglumatlar ýygnanyldy.
Seminaryň barşynda oňa gatnaşyjylar Birinji Iki ýyllyk hasabaty taýýarlamaklygyň çäklerinde zyňyndy gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin taýýarlanylan BMG-niň Klimatyň üýtgemegi barada Çarçuwaly Konwensiýasynyň gollanma ýörelgeleri bilen tanyşdylar.
BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna laýyklykda Birinji iki ýyllyk hasabata girizmek üçin zyňyndy gazlary azaltmak boýunça geçirip boljak çäreler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu resminamanyň işlenip taýýarlanylmagy Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar we Türkmenistanyň zyňyndy gazlaryny milli derejede azaltmak baradaky tagallalaryny aýdyň görkezýär.