BMG-iň Ösüş maksatnamasy we hyzmatdaşlar Türkmenistanyň Aral deňziniň çökgünliginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin täze bilelikdäki taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar

November 11, 2022

BMG-iň Ösüş maksatnamasy we hyzmatdaşlar Türkmenistanyň Aral deňziniň çökgünliginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin täze bilelikdäki taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 10-njy noýabry: Türkmenistandaky BMG-ň Ösüş Maksatnamasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Bütündünýä ekologiki gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilýän “Aral deňiziň aýtymynda ýer serişdelerini hem-de ýokary tebigat gymmatlygy bolan  ekoulgamlaryny köp bähbitler üçin gorap saklamak we durnukly dolandyrmak”  taslamasy üçin giriş seminaryny gurady.

"Taslama ýerine ýetirilmegi netijesinde 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral deňizi boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça yardam berilmegine garaşylýar"– diyip bu geçirilen duşuşykda BMGÖM-yň Türkmenistandaky edarasynyň Maksatnamalar bölüminiň müdiri Röwşen Nurmuhamedow belläp geçdi. "Bu Taslama BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky  daşky gurşaw we energtika ugurlarda güýçli taslamalar bukjasynyň üstüni ýetirer we ýurtda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin degişli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş mehanizmlerini durmuşa geçirmäge kömek eder".

Giriş seminaryna Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy barada döwlet komiteti, Milli Gengesh (Mejlis), Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi, Döwlet statistika komiteti, “Daikhanbank” Döwlet täjirçilik banky, Lebap we Daşoguz häkimlikleri, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşigi ýaly taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşjak ministrlikleriň we pudaklaryň wekilleri ýygnandy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Taslamanyň maksatlary we wezipeleri, durmuşa geçiriş strategiýasy, 2023-nji ýyl üçin ýyllyk iş meýilnamasy, hyzmatdaşlar, gyzyklanýan taraplar we bähbit görüjiler bilen  işjeň aragatnaşygy saklamak, taslamalany durmuşa geçirýän döwri gözegçiligi we baha bermekligi ýola goýmak, şeýle hem Taslamany dolandyrmak mehanizmleriniň netijeli işlemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Bütündünýä ekologiki gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän we bahasy 4,6 million dollar bolan “Aral deňiziň aýtymynda ýer serişdelerini hem-de ýokary tebigat gymmatlygy bolan  ekoulgamlaryny köp bähbitler üçin gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasy möhüm ekoulgamlaryň hyzmatlaryny üpjin etmek maksady bilen biodürlüligiň esasy ýaşaýyş ýerlerini göz öňünde tutup ýer we suw baýlyklaryny dikeltmek we gowulandyrmak üçin bilelikde meýilnamalaşdyryşa ilkinji maýa goýumlary göwbermek arkaly ýerleriň zaýalanmagynyň neýtrallaşmagyny gazanmaga ýardam bermekligi maksat edinýär.

Şeýle hem, taslama goralýan çäkleriň ulgamyny has-da giňeltmek we olaryň dolandyryş netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly biodürlüligi, bütündünýa ähmiýetli görnüşleriniň  we olaryň ýaşap ýören ýerleriniň goragyny güýçlendirmek maksady bilen biodürlüligiň zaýalanmagyna täsir edýan faktorlary äradan aýyrar.  Netijede, Taslama Aral çökgünliginiň täsir edýän zolagyna girýän Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän synag meýdançalarynda ýerli ilatyň durmuş ýagdaýgyny ýokarlandyrar we dünýä ähmiýetli ekosistemalary gorap saklar. Şeýle hem Taslama özara gatnaşyklary we sebitleýin hyzmatdaşlygy has köp üpjün etmek üçin bilim ugrunda halkara alyş-çalşygyna we Türkmenistanyň Aral deňziniň aýtymyny dolandyrmaga has işjeň gatnaşmagyna goldaw berer.