BMGÖM "Türkmenistanda COVID-19-a jogap" taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde "Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasy" boýunça çäreler geçirdi
July 6, 2022
Aşgabat, 2022-nji ýylyň 22-23-nji iýuny: Bütindünýä bankynyň karzy arkaly maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň durmuşa geçirilmegiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň mejlisler otagynda Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çaginde 2022-nji ýylyň 22-nji iýunynda çäre geçirildi. Ikinji kybapdaş çäre 2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Ahal welaýatynyň ýokanç keseller hassahanasynda geçdi.
Gyzyklanýan taraplary taslamanyň maksatlary we onuň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak şeýle hem taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek niýeti bilen özara pikir alyşmagy ýola goýmak maksady bilen geçirilen çärä Türkmenistanda ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmekde öňdäki hatarda durjak saglyk ulgamynuň işgärleri, şol sanda epidemiologlar, wirusologlar we dezinfeksiýa hünärmenleri, laborantlar gatnaşdylar. Geçirilen çärelere Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMGÖM-iň arasynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny has-da özgertmek babatynda bar bolan netijeli we dowamly hyzmatdaşlygy belläp geçdiler. Mundan başga-da, taslamanyň hil taýdan ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin seslenme mehanizmini döretmek maksady bilen “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde özara hereket etmegiň meýilnamasynyň wajyplygy we taslama barada maglumatlaryň habar berilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýaňy-ýakynda neşir edilen “Daşky gurşawy goramak we durmuş meseleleri boýunça çarçuwaly resminama” (DGG we DMÇM) we Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasy (GTÖHEM) boýunça gysgaça pikir alyşdylar. DGG we DMÇM daşky gurşaw we durmuş töwekgelçilikleri ýüze çykarmakda, baha bermekde we dolandyrmakda esasy gural bolup hyzmat edýär. GTÖHEM dürli gyzyklanýan taraplaryň we esasanam taslama çäreleriniň täsirini duýan ejiz toparlaryň arasynda taslama has işjeň gatnaşmaklyk we iki taraplaýyn aragatnaşygyň ýola goýulmagyna ýardam etmek bilen gyzyklanýan taraplaryň has işjeň gatnaşmagyny we taslama barada maglumatlaryň habar berilmegini maksat edinýär.
Bu iki çäräniň, 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda COVID-19-a jogap taslamasynyň çäklerinde daşky gurşaw we durmuş borçnamalary boýunça okuwyň guralmagy bilen başlanan gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmek babatynda meýilleşdirilen birnäçe çäreleriň bir bölegi bolup durýar. Mundan başga-da, ýakyn geljekde jemgyýetçilik guramalary, şol sanda ejiz toparlar ýaly gyzyklanýan taraplary has giňden gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça goşmaça çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.