Aşgabat, 2020-nji ýylyň 2-nji iýuny: BMGÖM we Adalatçynyň diwany Aziýa-Ýuwaş Umman Forumynyň (AÝF) adam hukuklary boýunça milli hukukgoraýjy edaralarynyň Sekretariatynyň wekilleri bilen wideokonferensiýasyny geçirdiler.
Wideokonferensiýanyň maksady - Milli Hukukgoraýjy Edaralarynyň Global Bileleşigi tarapyndan hasaba almak (akkreditasiýa) düzgznlerini öwrenmek boýunça Adalatçy bilen tehniki geňeşmeleri geçirmekdir. Wideokonferensiýa BMGÖM-niň Stambul şäherindäki Sebit edarasynyň hünärmeni hanum Aýnura Bekkoýenowa, Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça Yokary Komissarynyň Sebit wekili jenap Rişard Komenda hem gatnaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar adam hukuklary boýunça milli hukukgoraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini berkitmek, şeýle hem Milli Hukukgoraýjy Edaralarynyň Global Bileleşiginiň akkreditasiýa boýunça Podkomitetinde hasaba almak meselesinde ýardam bermek bolup durýar.
***
BMGÖM Milli Hukukgoraýjy Edaralarynyň Global Bileleşigi we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Yokary Komissarynyň Edarasy bilen 2011-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Aziýa-Ýuwaş Umman Forumy (AÝF) adam hukuklary boýunça Milli Hukukgoraýjy Edaralarynyň (MHGE) Halkara utgaşdyryjy komitetiniň çäklerinde Milli Hukukgoraýjy Edaralarynyň (MHGE) dört sany sebit ulgamlarynyň biri bolup durýar.