Aşgabat, 2022-nji ýylyň 12-nji apreli: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Hökümeti, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça gibrid görnüşinde ýygnak geçirdiler. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, prokuraturanyň edaralary we kazyýet ulgamy ýaly birnäçe döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Mary, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly BMGÖM-niň üç ýyllyk taslamasynyň çäginde gurnaldy.
"Türkmenistanyň konstitusiýasynyň – Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynda bellenilşi ýaly, adam hukuklarynyň esasy ýörelgelerini we düşünjelerini öz içine alýan ýurduň iň esasy kanunydygyny aýratyn belläsim gelýär”, - diýip, Türkmenistanda BMGÖM-niň maksatnamalar bölüminiň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhammedow aýtdy.
Maslahat, adam hukuklaryny goramak, berjaý etmek we öňe sürmek ugrunda esasy bolup hyzmat edýän Konstitusiýany, şeýle hem adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek üçin milli we halkara mehanizmleri ulanmak arkaly hökümeti netijeli dolandyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Mundan başga-da, ýygnagyň dowamynda çykyş edenler adam hukuklary boýunça bilimiň häzirki zaman tendensiýalaryna we düşünjelerine syn berdiler, hem-de Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahat, ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny we adam hukuklary baradaky şertnamalaýyn guramalaryň tekliplerini, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmegiň çäginde Umumy döwürleýin synynyň 3-nji tapgyrynyň tekliplerini ýerine ýetirmek baradaky tagallalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.
***
Hökümet tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde kabul edilen Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasy Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin milli ulgamy pugtalandyrmagy, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, şeýle hem halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.
Türkmenistanda BMGÖM, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly taslamasynyň çäginde goldaw berýär. Taslama, ýurduň halkara adam hukuklary babatynda borçnamalaryna laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we adam hukuklaryny durmuşa geçirmek ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.