BMGÖM we milli hyzmatdaşlar Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamasynyň düzgünlerine laýyklykda milli kanunlary seljerýärler

November 25, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabry: BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti onlaýn görnüşde iki günlük seminar geçirdiler – Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylygynyň derňewi.

Seminar BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek” atly üç ýyllyk taslamanyň çäginde gurnaldy.

Seminar halkara hünärmeni jenap Piter Iiskolanyň gatnaşmagynda geçirildi. Seminaryň netijesinde jenap Iiskola Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda Milli kanunçylygyň derňewini hödürlär, şeýle hem seminaryň gatnaşyjylaryna – Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara komissiýanyň iş toparynyň agzalaryna teklipleri berer.

BMGÖM-sy Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň adam hukuklary baradaky şertnamalaýyn guramalary üçin milli hasabatlary taýýarlamakda uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup gelýär. Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda milli kanunçylygyň derňewi ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin edýän tagallalaryna goşant goşar, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli ýurduň durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar.

***

Hökümet tarapyndan 2021-nji ýylyň aprel aýynda kabul edilen 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasy Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlygyny üpjün etmegiň we goramagyň milli ulgamyny pugtalandyrmaga, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegine we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdürilendir.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw berýär. Taslama ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryna laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek boýunça milli ulgamy pugtalandyrmaga gönükdürilendir.