Türkmenistanda BMGÖM DÖM-na ýetmek üçin Türkmenistanyň iň uly hususy media portaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
September 7, 2022
Aşgabat, 7-nji sentýabr 2022-nji ýyl: Türkmenistanyň ösüş ugrunda iň uly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we ýurduň esasy hususy media portaly “Türkmenportal” Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşgary Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.
Ýurda milli ileri tutýan ugurlaryna ýetmekde we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde goldaw bermek islegi bilen BMGÖM we “Türkmenportal” çeşmeleri, tejribeleri we gatnaşyklary paýlaşmak we jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak, hem-de ösüş ugrundaky başlangyçlara jemgyýetiň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin platformalary döretmek arkaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas döretmegi we bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi maksat edinýärler.
“BMGÖM hususy medianiň DÖM-na ýetmekde möhüm orun tutýandygyny ykrar edýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi barada habarlylygy ýokarlandyrmak üçin däl-de, eýsem amallary herekete getirmek we ösüş proseslerine jemgyýetiň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin güýçli guraldyr"- diýip, Türkmenistanda BMGÖM-niň Hemişelik wekili Narine Saakýan aýtdy. "Biz, Türkmenportal bilen hyzmatdaşlygymyzyň, ösüş ugrunda iň möhüm meseleler, şeýle hem hiç kiminiň ünsden düşmezligini üpjün edip, durnukly gelejegi gurmaga gönükdirilen BMGÖM-niň alyp barýan işleri barada has köp adamlaryň habardarlygyny we bilimini artdyrmaga ýardam eder diýip umyt edýäris."
“2011-nji ýylda döredilen gününden bäri “Türkmenportal” BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda kesgitlenen esasy gymmatlyklara eýerýär. Biz ýurduň sanly infrastrukturasynyň ösmegine mediýa hökmünde, şeýle-de sanly çözgütleriň döredijisi hökmünde goşant goşýan toparymyza buýsanýarys"- diýip, "Türkmenportal"-yň esaslandyryjysy we egindeş eýesi jenap Arslan Amaniýazow aýtdy. "Biz Türkmenistanda BMGÖM bilen bilelikde umumy maksatlara ýetmek üçin toplan tejribämizi ulanmaga bolan mümkinçiligimize begenýäris".
Taraplar ykdysady diwersifikasiýa, kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary we gender deňligi, howanyň üýtgemegine uýgunlaşma, tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we ilatyň iň ejiz gatlaklaryna aýratyn üns bermek bilen saglygy goraýyş we durmuş taýdan goraglylyk ulgamlaryny gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berip, ösüş ugrunda Milli gün tertibini durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp bararlar.
Türkmenistanda BMGÖM we “Türkmenportal sanly özgerişikler babatynda, şol sanda innowasion çözgütleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek, ýerli jemgyýetleriň sanly özgerişikler ugrunda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ilatyň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak we täze sanly özgerişikler döwrüniň berýän mümkinçiliklerinden aýallaryň we erkekleriň deň derejede peýdalanmagyny üpjün etmek üçin aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler.