Aşgabat, 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly: BMGÖM we Türkmenistanyň hökümeti “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişiniň möhüm ugurlary” atly okuw maslahatlary geçirmäge başladylar. Ilkinji maslahat Daşoguz şäherindäki Türkmen Oba hojalyk institutynyň Adam hukuklary boýunça Maglumat merkezinde “gibrid” görnüşde geçirildi.
Maslahatlar BMGÖM bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikdäki "Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýlnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek" atly üç ýyllyk taslamanyň çäginde durmuşa geçirilýär.
Bu maslahatlar adam hukuklary babatda bilim berilmegine we jemgyýetiň habardarlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermek maksady bilen, ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalarynyň we BMG-nyň adam hukuklary boýunça komitetleriniň teklipleriniň, şol sanda Umumy Döwürleýin Synyň (UDS) üçünji tapgyrynyň ýerine ýetirilmegi ugrundaky tagallalara öz möhüm goşandyny goşarlar. Şeýle hem, maslahatlar 2030-njy ýylda ýurtda Durnukly ösüş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam eder.
Türkmenistandaky BMGÖM-nyň Maksatnamalar bölüminiň müdiri Röwşen Nurmuhamedow maslahatyň maksatlaryny bellemek bilen, - “Dürli dereje bilim bermek arkaly adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna hormat goýulmagynyň möhümdigini, şol sanda ýurtdaky adam hukuklary babatdaky meseleleri ilerletmek maksady bilen, döwlet işgärleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, kazylaryň we aklawçylaryň mümkinçiliklerini güýçlendirmek bilen baglanyşykly işleriň ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin." diýdi.
Şeýle hem, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda we ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine gönüden-göni gatnaşýan milli hukuk goraýjy edaralaryň, kazyýet edaralaryň, adwokatlar birleşikleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriň we ýerli häkimiýetleriň wekillerini bir ýere jemläýän maslahatlar geçiriler.
***
2021-nji ýylyň aprel aýynda Hökümet tarapyndan kabul edilen, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini hem-de goralmagyny üpjün edýän milli ulgamyň berkidilmegine şeýle hem, halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistandaky BMGÖM Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirýän “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek ” taslamasynyň çäginde ýardam berýär. Bu taslama Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek boýunça milli ulgamy ýurduň halkara adam hukuklary borçnamalaryna laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly berkitmegi maksat edinýär.