BMGÖM we milli hyzmatdaşlar Türkmenistanyň Ähliumumy döwürleýin syn boýunça teklibiniň ýerine ýetirilişi barada syn berýärler

October 28, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 27-28-nji oktýabry: BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti - Ähliumumy döwürleýin syn boýunça teklibiň ýerine ýetirilişine syn bermek üçin onlaýn görnüşde seminar geçirdiler.

Bu seminar BMGÖM-niň "Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam etmek" atly üç ýyllyk taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Seminar halkara bilermeni hanym Natalýa Alhazişwilli tarapyndan geçirildi. Seminaryň netijesinde hanym Alhazişwilli, seminara gatnaşyjylara - Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýasynyň Iş toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň Ähliumumy döwürleýin syn boýunça tekliplerini ýerine ýetirmek boýunça maslahat berdi.

Ähliumumy döwürleýin syn (ADS) BMG-niň agzasy bolan 193 döwletleriň adam hukuklary barada hasabatynyň döwürleýin synyndan ybarat bolan özboluşly bir prosesdir. ADS bu - a) BMG-niň Tertipnamasynda; b) Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynda; ç) Döwletiň gatnaşmagyndaky adam hukuklary baradaky resminamalarynda; d) Döwlet tarapyndan kabul edilen wadalarda we borçnamalarda (meselem, adam hukuklary boýunça milli syýasatlar we/ýa-da durmuşa geçirilýän maksatnamalar); we e) halkara ynsanperwer hukugynda öz beýanyny tapan adam hukuklary baradaky borçnamalaryň ýerine ýetirilişine syn bermekde ähli ýurtlara deň garamaga esaslanýan adam hukuklary geňeşiniň möhüm täzeligidir. Bu BMG-niň agza döwletleriniň hemmesiniň birmeňzeş şertlerde gözden geçirilmegi üçin döwlet tarapyndan dolandyrylýan kollegial barlag mehanizmidir.

Türkmenistan Ähliumumy döwürleýin syn boýunça gepleşiklere gatnaşdy we Milli adam hukuklary ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri aldy. BMGÖM-sy Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň adam hukuklary baradaky şertnamalaýyn guramalary üçin milli hasabatlary taýýarlamakda we ADS boýunça alnan tekliplerini ýerine ýetirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup gelýär.

Türkmenistanyň ADS boýunça teklipleriniň ýerine ýetirilişine syn ýurduň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryny we Älhliumumy döwürleýin synyň (ADS 2018) üçünji tapgyrynyň tekliplerini ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurduň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna goşant goşar.

***

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde kabul edilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasy Türkmenistanda adam hukuklaryny we olaryň azatlygyny üpjün etmegiň we goramagyň milli ulgamyny pugtalandyrmaga, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şeýle hem halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýaýbaňlaşdyrmaga gönükdürilendir.

Türkmenistanda BMGÖM-sy Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek” taslamasynyň çäginde 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýär. Taslama ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryna laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdürilendir.