Aşgabat, 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabry: BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek we hasabat bermek ugrunda onlaýn görnüşde seminar geçirýärler.
Seminar BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek” atly üç ýyllyk taslamanyň çäginde gurnaldy.
Seminar adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we hasabat bermek ugrunda halkara bilermeni jenap Dewid Jonson tarapyndan geçirilýär. Seminaryň netijesinde jenap Jonson, gatnaşyjylar – adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda pudagara komissiýasynyň iş toparynyň agzalary bilen bilelikde gözegçilik etmek we hasabat bermek boýunça ulgamy, şol sanda strategiýalary we gurallary işläp düzerler.
Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda pudagara komissiýanyň başlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministri we başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiridir.
“Türkmenistan Bütindünýä döwürleýin syn (BDS) boýunça gepleşiklere gatnaşýar we adam hukuklary babatynda milli ulgamy kämilleşdirmek boýunça teklipleri alýar. Biz BMGÖM-niň köp ýyl bäri Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň adam hukuklary baradaky şertnamalaýyn guramalaryna milli hasabatlary taýýarlamakda we BDS boýunça teklipleri ýerine ýetirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolandygyna begenýäris"- diýip Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekiliniň kömekçisi Röwşen Nurmuhammedow aýtdy.
2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we hasabat bermek boýunça ulgamy işläp düzmek -meýilnamanyň netijeli durmuşa geçirilmegine we ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, adam hukuklary babatynda BMG-niň şertnamalaýyn guramalarynyň, şol sanda BDS-nyň 3-nji tapgyrynyň tekliplerini berjaý etmäge ýardam eder, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli ýurduň durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar.
***
Hökümet tarapyndan 2021-nji ýylyň aprel aýynda kabul edilen 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasy Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlygyny üpjün etmegiň we goramagyň milli ulgamyny pugtalandyrmaga, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegine we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdürilendir.
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw berýär. Taslama ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryna laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek boýunça milli ulgamy pugtalandyrmaga gönükdürilendir.