Zenanlar howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan göreşiň öň hatarynda
March 7, 2023
Aşgabat, 2023-nji ýylyň 7-nji marty: Halkara Zenanlar gününiň öňsyrasynda BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy aýal-gyzlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşde tutýan möhüm ornuny bellemek we ykrar etmek üçin açyk gepleşik geçirdi.
Bu çäre BMG-niň binasynda 7-nji martda geçirildi we ruhlandyryjy aýal-gyzlary - daşky gurşawyň durnuklylygynyň tarapdarlaryny, ýaş eko-aktiwistleri, milli hyzmatdaşlary, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyplaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemledi.
“Zenanlaryň ýolbaşçylygy howanyň üýtgemegine garşy göreşde üstünlikli hereket etmegiň açarydyr. Olara ýolbaşçylyk etmäge mümkinçilik bermezden, olaryň biliminden peýdalanmazdan, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy durnukly usullary durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işlere olaryň gatnaşmagyny üpjün etmezden, geljekde durnukly we sagdyn planetany gurmak mümkin däldir." -diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Hemişelik wekiliniň orunbasary Tomitsa Paowiç aýtdy.
Bu çäre, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ýaşyl ösüşi gazanmak ugrunda innowasion pikirler we oňat tejribeler barada pikir alyşmaga we tanyşmaga, şeýle hem gender deňligi bilen howanyň üýtgemeginiň nähili kesişýändigi barada ýaşlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Gatnaşyjylar howanyň üýtgeýän şertlerinde gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
“Her ýyl howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýokarlanýan betbagtçylyklara garşy göreşmek ugrunda gender deňliginiň möhümdigini görkezýän subutnamalar barha artýar”- diýip, howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylyk meseleleri boýunça sebitleýin toparynyň ýolbaşçysy we Stambul şäherinde BMGÖM-niň sebitleýin merkeziniň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin geňeşçisi, jenap Stanislaw Kim belläp geçdi. “Diňe genderi sebäpli sezewar edilýän ähli kynçylyklara we kanuny päsgelçiliklere garamazdan, aýallar we gyzlar howanyň üýtgemeginiň ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak we uýgunlaşdyrmak üçin çäreleri herekete getirýän özgerişikleriň ýolbaşçylary we wekilleridir. Bu nukdaýnazardan, BMGÖM-niň 2022-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça strategiýasy hem howanyň üýtgemegine garşy göreşde aýal-gyzlaryň gatnaşmagy üçin zerur şertleri üpjün etmegi talap edýär."
Interaktiw çekişmeler howanyň üýtgemeginiň aýal-gyzlara, ýaşlara we gowşak toparlara deň bolmadyk täsirini, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin global hereketlere öz saldamly goşandyny goşýan zenan telekeçileriň hususy tejribesini görkezdi.
Çäräniň çäklerinde, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we zenan telekeçileriň işini, şeýle-de howanyň üýtgemegine garşy göreşýän aktiwistleriň işini höweslendirmek maksady bilen, BMGÖM “Durnukly ösüş ugrunda zenan liderler” atly baýragynyň aşakdaky ýeňijilerini yglan etdi:
• Howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş aktiwizm baýragy - Leýli Ýagşiýewa, DÖM-niň ýaş ilçisi, Türkmenistanda BMGÖM-niň sebitleýin ýaşlar ulgamynyň wekili;
• Howanyň üýtgemegine garşy göreşde zenan ýolbaşçylyk baýragy - Sabina Narkuliýewa, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimliginiň işgäri;
• Daşky gurşawyň durnuklylygyny öňe sürmek baýragy - Gülnara Taýjanowa, eko-aktiwist, 1-nji onlaýn eko-dükanynyň esaslandyryjy;
• Durnukly ösüş üçin oba zenanlary baýragy - Altyn Andaliýewa, eko-aktiwist, telekeçi.
“Biziň geljegimiz şu günki hereketlerimize bagly. Biziň hemmämiz ertirimizi gurmakda möhüm orna eýediris, dünýämizi weýrançylykdan we hapalanmakdan goramak üçin hemmämiz bilelikde hereket etmelidiris"- diýip, BMGÖM-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşde aktiwizm baýragynyň ýeňijisi Leýli Ýagşiýewa aýtdy. "Men howanyň üýtgemegine garşy göreşde öňdäki hatarda durmagy dowam etdirmek üçin elimden gelenini ederin".
Bu çäre, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän BMGÖM-niň aşakdaky taslamalarynyň çäginde gurnaldy:
- Global Daşky gurşaw gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi”;
- Global Daşky gurşaw gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlyk ekoulgamlaryny gorap saklamak we yzygiderli dolandyrmak.”
***
BMGÖM BMG-niň halkara ösüş ugrunda öňdebaryjy edarasy hökmünde 170 ýurtda we sebitde garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin öz işini alyp barýar. Biz ýurtlara syýasaty işläp düzmäge, şeýle hem ýolbaşçylyk, hyzmatdaşlyk we institusional mümkinçiliklerini ösdürmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde goldaw berýäris.
BMGÖM esasy adam hukugy bolan we durnukly dünýäni gurmak üçin zerur şert bolan gender deňligini durmuşa geçirmäge borçlanýar. Aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we gender deňligi, “adam hukuklaryna we adam mertebesine ähliumumy hormat goýýan", "her bir aýalyň we gyzyň gender deňliginden doly peýdalanyp bilýän we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda ýurdiki, sosial we ykdysady päsgelçilikleriniň ýok bolan" dünýäsini gurmagy göz öňünde tutýan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin möhümdir.