NEBIT WE SUW GARMALY DÄL

NAHAR ÝAGYNYŇ GAÝTADAN IŞLENILMEGI ALBANIÝANYŇ DEŇZINDE BIODÜRLÜLIGI GORAÝAR

January 29, 2021

--- Image caption ---

Bu, Albaniýanyň ilkinji we ýeke-täk deňiz goralýan ýeri bolan Karaburun-Sazan deňiz seýilgähi.

Bu ýerde gark bolan Gadymy grekleriň, rimlileriň we ikinji jahan urşy gämileriniň galyndylaryny görmek bolýar. Kert hek daş gaýalary, äpet gowaklary we ýalňyz plýažlary bolan bu baý suwasty ekosistema kenarda deňizçileriň gadymy ýazgylary bilen hem tanalýandyr.

Elbetde, bu ajaýyp gözellik Wlora aýlagyna dürli ýerlerden adamlary çekýär. Bu sebitdäki albanlaryň köpüsi syýahatçylyk, balykçylyk we suw hojalygy bilen meşgullanýarlar, soňky ýyllarda bu sebite gelýän syýahatçylaryň sany ep-esli köpeldi. Gaýykda gezelenç etmek, balyk tutmak turlary, suwa çümmek we suwda maskaly we turbajykly ýüzmek ýaly täze mümkinçilikler köp adamy özüne çekdi, bu ýerde restoranlar, myhmanhanalar we dynç alyş ýerleri peýda bolup başlady.

Aşa köp balyk tutmakdan we plastmassadan hem daşary howplar bar. Köplenç göz öňünde tutulmaýan howplaryň biri hem, ulanylan nahar ýaglarynyň nädogry ýok edilmegidir, bu ýagdaý esasanam köpelýän restoranlar sebäpli ýüze çykýar.

1 litr nahar ýagy 1 million litr suwy hapalaýar. Ulanylan nahar ýagynyň we beýleki ýaglaryň galyndylarynyň hapa taşlanýana, hajathana we rakowinalara zyňylýandygy sebäpli deňiz hapalanýar, bu bolsa suwasty ýaşaýjylaryna ep-esli howp salýar. Ýag suwuň ýüzüni örtýär, howa bilen suwuň arasynda kislorod çalşygyny togtadyp, janly organizmleri basýar.

Ýerli ýaşaýjylar bu ýag meselesiniň azyk we iş bilen üpjün edýän deňze uzak möhletleýin täsir etjekdigini tiz wagtda düşündiler. Balykçy we Orikumi balyk bazarynyň eýesi Şerif Durmişi, elbetde, şeýle pikir edýär. Wloradaky dünýä belli Oriku restoranyň aşpezi Nardi Derwişualiu hem şol pikirde. Wlorada doglan Elton Kadillari-de şeýle pikir edýär. "Men bu deňiz sebiti bilen aýratyn ruhy baglanyşygy duýýaryn" – diýip, ol aýdýar. "Bu Wloradaky iň üýtgeşik we owadan ýer, ol hökman goralmalydyr."

Indi, olar deňzi goramak üçin birleşdiler, ulanylan nahar ýagynyň deňize düşmeginiň öňüni almak üçin ulanylan ýagy gaýtadan işlemek başlangyjynyň birinji tapgyryny başladylar. “Men gaýtadan işleýärin” diýlip atlandyrylýan bu meýilnama, Wlora aýlagynyň boýundaky restoranlary, myhmanhanalary we kärhanalary ulanylan nahar ýagyny we plastmassa çüýşelerini gaýtadan işlemäge çagyrýar. Bu meýilnama “Green Recycling” atly italýan kompaniýasy tarapyndan dolandyrylsa-da,  ýagy ýygnamak we saklamak üçin ýerli ýaşaýjylara bil baglanýar. Elton Wlora sebiti boýunça ýygnama ýolbaşçylyk edýär we ulanylan nahar ýagyny ýygnamak we ýok etmek üçin kärhanalara ýörite gaplar berýär. Höweslendiriş hökmünde restoranlara gaýtadan işlenen her 15 litr ýag üçin bir litr nahar ýagy berilýär.

Başlangyjyň çäginde kärhanalar gaýtadan işlemek we galyndylary dolandyrmak ülňüleri boýunça tälim alýarlar. Şeýle hem, deň-duşlaryna gaýtadan işlemegiň artykmaçlyklary barada bilim berýän wekiller bolýarlar.

Her dört aýda biodizel öndürmek üçin 1.8 tonnadan gowrak ulanylýan nahar ýagy ýygnalyp, daşary ýurtdaky ýöriteleşdirilen gaýtadan işleýän desgalara iberilýär.

BMGÖM tarapyndan Albaniýada girizilen ulanylan ýagy gaýtadan işlemek başlangyçy dünýäde henizem täze tejribe bolmagyna galýar. Wlorada bu herekete ilki diňe iki restoran goşulypdy, ýylyň ahyryna çenli goşulan restoranlaryň sany 24 boldy, bu hereket häzir goňşy sebitlerede ýaýrap başlady.

Başlangyja gatnaşýan restoranlaryň käbiri.

Men gaýtadan işleýärinhereketi Garabarun-Sazan ýarym adasyny goramak we saklamak boýunça has uly başlangyjyň bir bölegidir, Albaniýada BMGÖM-ň we Goralýan sebitler boýunça milli agentliginiň, hem-de Italiýanyň hyzmatdaşlyk we ösüş agentliginiň  bilelikdäki işiniň netijesidir.

The original of this story is published at http://voyages.eurasia.undp.org/water-and-oil-dont-mix/